Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:13
Zynjyr / hekaýa

ZYNJYR

Uka gidenimden peýdalanan ruhum silkinip, ömür razy bolmadyk şu bedenden çykdy-da, gapa ýöneldi. Gapa ýetiberende, kinolaň gahrymanlarynyň söýgülisini terk edende edişi ýaly, bir pursat durdy, yzyna gelip, başujumda oturdy. Höwessiz synlady:
– Mysalaň gursun! Gel-gel, şu bedende bolaýmalymy men?!
Ýoknasyz ýyrşaryp ýatyryn.
– Ýok-laý, men gahryman bir serkerde bolmaly. Dünýäni zulumdan halas eden, eýýamlary üýtgeden…
Elini arkasyna tutup, temegini biraz galdyryp seredýän diwarynda kopiýa edilip, hilinden hil galmadyk, çorbaň çorbasyna ýakyn «Malazgirt» kartinasy bardy. Ruhum bir telewizora, birem kartina seretdi. Soň özüni surata urdy-da, oňa siňip gitdi.
Goşun düşelgesi. Bilimdäki gylyjyň baljagyndan tutup, merdemsi ýöräp barýan. Göreş tutýan daýaw pälwanlar, ýaýdan ok atýanlar, gylyçly sapak geçýänler säginip, ellerini döşüne goýup salam berýäler. Çala baş atyp geçýän. Küşt oýnaýanlaram bar, sal-sal eşikli pyrlanýan porhan, maslahat edip duran, ak sakaly döşüni ýapýan ýaşulylar, her tüýsli adam bar. Bürgüdiň sesi, depregiň sesi, wagyrdylaryň arasyndan biri adymy tutup gygyrýa:
– Makgy! Makgy-y!
Gaharym gelýä. Muhammet bir diý-dä! Ses gelýän tarapa öwrülýän — owal-ahyr maňa basdaş bolup ýören Öwez. Şo dara-direde meň gowy görýän gyzymy yryşy, şoň ýanynda-da maňa Makguş-akguş diýip prikol tutuşy ýadyma düşýä.
– Makguş, näil-ow, bärde näme işläp ýörsüň?
– Muhammet! Kynmy saňa «Muhammet» diýmek? Onsaňam, meni sorag etmek saňa galmandyr. Sen bärde kim, näme edýäň?
Bıraz gaýşaryp, gylyjymy ykjamlaýan. Öwez bolsa ýylgyrýa.
– Dogry, soragyň maňa galmady. Eger galan bolsa, seň üçin bähbitli bordy. Wezipämiň nämeligini sorama, ýöne seni ýat iliň içaly-çaşydy diýip habar berdiler. Tussag edilersiň, sorag edilersiň ýa ýok, soňam kelläň…
Bir az sägindi, lezzet alýan ýaly gaýtalady:
– Soňam, näme, kelläň «fiş-şt» bolar.
Öwez sözüni soňlaryna mähetdel iki sany daýaw nöker ellerimi gaňryp, süýräp alyp ugraýalar. Men:
– Öwe-ez ,Öwez ja-an, jan dos-s! – diýip gygyrýanam weli, Öweziň meň bilen işem ýok, aňyrlygyna ýöräp barýa.
Meni getirip, bir gözenege salýalar. Içinde bir aksakal otyr. «Gözenegi depip, goh edip, soň köşeşäýsemmikäm» diýip pikir edýän. «Aý, ýok, güýç sarplamaýyn» diýip, geçip oturýan, aksakalyň ýanyna.
– Salam, ýaşuly.
Ýaşuly maňa üns berenok. Dodaklary müňküldeýä, özem gözenegiň insiz demir çybyklaryna bir zatlar ýazjak bolýan ýaly çyzyşdyrýa.
– Ýaş-şuly-y, salowma-a – diýip gygyrýan.
Aksakal ahyry maňa öwrülýä:
– Sözüň eşidilmegi üçin gygyryp gürle. Diňlenmegi üçin bolsa, gerek zady gürle.
Bu näme «waleýkim» diýdigimikä ýa akyllysyrajak bolýamyka.
– Dogrudyr weli, men şuny öň bir ýerdä-ä okadym-ow …
– Älemdäki hemme zat hemme zadyň ýaňydyr, gaýtalamasydyr, gaýtalanyp durandyr. Aslynda, hiç zat ýokdur, bizem ýokdurys, bir düýşdüris.
– Neme…
Aksakal gürlemegime maý bermedi.
– Ýaňkyň yzam bardyr, hiç ýerde okanam dälsiň. Bela galmajak bolsaň, gysyp gez.
– O nähili aforizm boldug-aý?!
– Dişiňi gysyp gez diýýä. Dişiňi gyssaň, gürlemek gerek däl bolýa. Diş gala diýip eşitmediňmi, onsoňam, bärde men aksakalmy – diňle-de otur-da, malakasos.
Soňam açylyp galan agzymy äňimden galdyryp ýapýa.
– Hawa, sen bärik nämeden düşdüň, şu zalym Türkmenleň zulumyna baş galdyrjak bolduňmy?
– Ýok-how, meň özüm Türkmen-ä.
– Ýalan gürleme, Türkmene meňzeş ýeriň-ä ýok.
Meň gaharym gelip ugraýa.
– Ýaşuly, sen nämä dil ýetirseňem, şoňa dil ýetirme, düşdüňmi?
Ýaşuly ýylgyrýa. Menden bir gram çekinmeýänine beter gaharym gelýä.
Aksakal agras görnüşe geçýä, bilinden hanjar çykaryp, agaç pola urýa, hanjar ep-eslije pola çümýä, meň zähräm ýarylýa. Aksakal haýbat bilen maňa garaýa:
– Hülli-hülliňi azalt-da, hullasy kelama gel, rumuň içalysymy sen? Dogrujaňdan gelseň, saňa belki kömek ederin, eger ýene samsyksyrap, erteki otarsaň, bulara ýetirmän özümjik ed-dil damagyňy çalaryn.
Meň ýüregim agzymdan çykjak bolýa. On gün ýaly trenažora gatnanymy, Türkmendigimi ýatlap, ýüreklenjek bolýan, bolanok. Ýöne meni ýüreklendiren zat kimiň elindenem bolsa ölmeliligimi ýatlamagym bolýa.
– Ödürseň öldür, ýaşuly. Men-ä hiç kimiň içalysam, daşalysam däl. Özümem Türkmen. Asylam, men geljekden geldim, Alp Arslan bilen görüşjek.
Ha-ha-haýlap gülýä ýaşuly. Men hasam ynjalýan.
– A-how, ýigit, sen kim, näme sen, gala ýykdyňmy, dag agdardyňmy, soltan bilen görüşer ýaly? Kim sen, näme etdiň sen?
Ýaşuly gülküsiniň arasynda sowalyny gaýtalaýa.
Men pikirlenýän. Dogrudanam, näme etdimkäm? Iki ýyl gullug-a etdim. Başga? Firma, iş, arzuw-hyýal, birki sany kitap okadym, olaram iş bitirmä girenok. Gyzlary aldamaga biraz türgenleşdim diýmesem…
– Eden üýtgeşik zadym ýok. Ýöne geljekden geldim diýýän-ä, geljekde siziň näme boljagyňyz, söweşiň netijesi, ondan soňy… Hemme zady bilýän.
Geljekden gelenligimiň aksakaly üýtgeşik haýrana goýmaýanyna özüm haýran galýan. Ol bolsa göwni bir ýaly, sowal berýä:
– Hawa, näme bolýa onsoň, geljekde?
– Bu söweşde Alp Arslan dünýäň taryhyna girjek ýeňiş gazanýa.
– Alp Arslanyň ýeňiş gazanjagyny bizem bilýäs. Oň üçin geljekden gelmek gerek däl. Ýöne bärde soltan ýok ahyry, ol Malazgirde gitdi.
– Eý-waý, bärsi Malazgirt dälmi?
– Ýok, biz bärde wýetnam söweşine taýýarlanýas.
Gülýä ýaşuly.
Men güljegimem, gynanjagymam bilemok.
– Biz taýýarlanýas diýip, sen tussaglykda oturyp, nämä taýarlanýamyşyň, onsoňam, wýetnam barmy şü döwürde?!
– Boldy, boldy, Malazgirt bärsi. Ýöne bärde saňa ýer ýok. Güm ediň muny! – diýip gygyrýa ýaşuly.
Meni süýrän iki daýaw ýene gelýä. Aksakala ellerini döşüne goýup salam berýäler. Ýaşuly olara:
– Boş, munda zat ýok – diýýä.
Meni süýräp alyp gaýdýalar. Ýöne indi gorkamok. Ýüregimde çuň gynanç, lapykeçlik bar. «Boş bu, munda zat ýok…» gulagymda ýaňlanyp dur.

Ullakan güjümiň astynda saklanýas. Nökeriň biri gylyjyny gynyndan sogrup, depämden indermäge taýýarlanýa. Aksakalyň sesi gelýä:
– Ganyny ýere dökmäň, ýaý bilen.
Nöker gylyjyny gynyna sokýa. Ýaýynyň kirşini boýnumdan geçirýä…
Oýansam, sagat altydan geçipdir.

***


Obamyzda heýkel bar. Obaň halky men dogulmankam şoňa buýsanýan eken. Men doglamdan soň... neme, o buýsanjyň sarsmagyna meň dogulmagymdan has ähmiýetliräk sebäplerem bar. Ýöne men günbataryň şemallarynyň şol çokga sakal, kel heýkeliň keýpini gaçyran döwürleri doglupdyryn. Çagarak wagtlarymyz uly adamlar bizi şol heýkel bilen gorkuzardylar. Özlerem gorkýadylar öýdýän. Haýbatlam-da – gaşlaryny çytyp, barmagyny obaň gaýrasyndaky şehitlige çommaldyp dur. Şehitlik ýüz ýyl gowrak öň basybalyjylar bilen basmaçylaryň arasyndaky birek-biregiň gözüni açmak, hakykaty düşündirmek meseleleriniň çözgüdi bolupdyr. Onam bize Gorkut ata aýdyp beripdi. Gorkut ata, çaga wagtymyz bizi daşyna üýşürip, şu töweregiň şehitleri, öwlüýäleri hakda gyzykly zatlar gürrüň bererdi. Oň aýdyşyça, heýkel bir sowuk, tüm garaňky gijede şu töwerekdäki halklaň ruhlaryny ogurlapdyr. Şondan soň köp halk oňa boýun bolup, gorkup galypdyr. Diňe şo wagt çyrasyny ýakyp kitap okap oturan az sanlyja adam ruhuny ogurlatman galypdyr. Ýöne soň olaram bir-birden çöpläp öldüripmişin. Heýkeliň ruh ogurlap bilmeýän ýekeje wagty, kitap okalýan wagtymyş. Eger garaňkyda entäp ýörsek, biziňem ruhumyzy ogurlap biljekmiş… Men Gorkut ataň hekaýatyny diňläp otyrkam, güýçli bolup, Besediň Depegözi ýeňşi ýaly, heýkeli ýeňip, ruhlary azat ederin – diýip arzuw edýädim. Burnumy çukap, dabanymy gaşap, aňkaryp diňläp oturýardym.

***


Sagat altydan geçipdir. Aýagyma seretdim — ýerinde. Dabanymy sypaşdyrdym. Burnumy owkalaşdyryp, ýerimden galdym. Ukudan açylyp ugran wagtym men eýýäm ýolda ýöräp barýadym. Dükanyň aňyrsyndan öwrüläýen ýerimde özümi gördüm. Köpden bäri göremogam-aý şunam. Saçym ösüpdir, biraz horlanan ýaly.
– Girip göräý, agam, razmeriňizi taparys.
Satyjy ýigit dükanyň içine seredýändirin öýtdi.
– Ölçegiň diýjek bolduň öýdýän?
Ýigit düşünmänligini aňladýan şekilde kellesini yrap, ýüzüme soragly seretdi.
– Razmer – ölçeg.
Her elimde biri bar ýaly, ellerimi açyp düşündirdim. Düşündi. Ýöne zat diýmän, dükana girip gitdi.
– Ýalňyş zat diýemog-a – diýdim, aýnada ellerini açyp duran saçy ösgün pyýada bakyp.
Eger her gözüme ilen ýazgyny okamak endigim ýok bolsa, ýa-da ýene biraz wagtym bar bolsa, maňlaýna teke bazar diýip ýazylan gazeliň duralga ýakynlanyny görüp ylgaman, aýnadaky köne tanyş bilen, belki, ýene biraz söhbet edibem bilerdim. Ýöne men eýýäm gazeliň yzky ornunda, öňdäki ýigidiň tahýaň yzy galan saçyny synlap oturdym. Arkamdaky goşhaltamy gujagyma alypdym. Bir wagtlar täzejedi. Şu wagt bolsa gyralary gyrylan, sapaklary sallanyşyp dur. Ýöne men ondan utanyp baramok. Hana, o gyzyň jalbary meň goşhaltamdanam beter ýyrtyk elem tas. Göwni bir ýaly, bir ýalam däl, gaty göwni hoş şol-a.
Jaň gelýä:
– How, Geldiş – diýip alýan.
– Nirde, agam, näme edýäň?
– Aý, otyryn.
– A-how, işe gaýtjak dälmi?
– Gaýtdym-a?
– Onda näme otyryn diýýäň, astanowkada otyrmyň?
– Duralga diýjek bolduň öýdýän?
Geldiş biraz dymýa.
– Hawa, duralgada.
– Ýok, duralgada däl, gazelde men.
– Aý, jan agam, gazelde men, gelýän, diýeňde bolanakm-aý?
– Bolýa weli, meň diýýänimem ýalňyş ýa ýalan däl-ä?
Geldiş ýene biraz dymýa.
– Bolýa, kamerskiň ýanynda düşäý onda, bile gideris.
– Dükan diýjek bolduňmy?
Kesilýä... Bolsa-da, Geldişem giň oglan diýip pikir edýän.
Gazelden düşemde, Geldiş dükanyň gapdalynda telefona çümüp oturan eken. Meni görüp, ýerinden turdy.
– Şuny tanaýaňm-aý – diýip, telefonynda bir gyzyň suratyny görkezdi.
– Ýok, tanamok, kim ol?
– Siziň welaýatdan eken, ýaňrak tanyşdym-laý.
– Tüweleme, oňarypsyň, tanşyber. Biziň welaýatda müňläp oňýaly gyz bar. Men hemmesini tanap bilmerin.
– Muňýaly gyzdan müňläp bar bolsa, ýagdaý mizdes – Geldiş ýyrşardy.
– Sypaty, boý syraty şeýleräk gyz diýjek boldum-how men.
– Bolýa-how, şotaýda gaharlanar ýaly zat ýok. Menem sen duralga diýeniňe gaharlanamag-a. — Ýene ýylgyrýa. Men oňa bu ikisiniň arasyndaky tapawudy düşündirmäge başlamankam her gün duşýan ýaşulymyz ýene duşdy. Dar ýanýodada öňümizi kesip durdy. Her gün diýen ýaly duşýanymyz üçin geň galyp baramzok. Ol ýüregindäki tikenlerden birini sogrup aldy-da, dişini çukap, soň ýene elindäki gyzyl reňkli ýumşak ýürejige sünçdi:
– Adam sussupes bolmaly däldir, görýän-eşidýän her bir zadyndan pozitiwlik çykarmagy bilmelidir.
Ýanýodadan ýöräp barýadyk. Çepimdäki Geldiş gulagyma ýakynlap sorady:
– Näme diýd-aý?
Bu ýaşuly bilen her gün diýen ýaly söhbet edip gidýänem bolsak, oň gürrüňleri bilen asla gyzyklanmadyk Geldişiň bu saparky gyzyklanmasy geňem galdyrdy.
– Her işde haýyr bardyr diýen ýaly, ýürege sünjülen tikenlerem diş çukamaga ýaraýa diýýä, gowy usul eken, şuňa meňzeş bir zatlar ýasap satsaň, üns çekmegi mümkin.
– Ýok-laý-ow, prezerwatiw diýip bir zat diýd-ä?
Men zat diýmän ýaşulyny diňlemegi dowam etdim, ol bu wagt ýaşlaryň ünssüzligini, hyjuwsyzlygyny, ýene bir topar zady tankyt edýärdi. Biz iş ýerimize tarap sowulmaly bolamyzda-da ol tikenli ýüregini galgadyp gürläp durşuna, bizi ep-esli egledi. Sözüni ortasynda kesip, sagbollaşasym gelenokdy. Ýöne Geldiş kesdi:
– Agam, diňe onyňyz bolanak, munyňyz bolanak diýýäň, biziňem bir gowy tarapymyz bardyr-a.
Ýaşuly sägindi, Geldişiň ýüzüne seredip biraz durdy, soň maňa seretdi.
– Dogry, siziňem, ýaşap ýören jandar bolaňyzsoň, güýçli ýerleriňiz bar. Ýöne bilip goý, zynjyr iň ejiz halkasynyň derejesinde güýçlüdir. – Soňam hemişeki sypaýy, ýöne agras ýylgyrşyny etdi-de, ýoluna gitdi.
– Däli öýdýän şu adam – diýip, Geldiş öňem kän aýdan sözüni gaýtalady. Şu näme üçin gürrüň berýäkä şunça zady, bize näme gyzygy bar, düşünemzagam. Ýa sen düşünýäňmi?
Meňem düşünýän diýmäge bognum ysmady.
– Bilemok-da, düşünsek belki gowy zatlar aýdýan bolmagy mümkin, kim bilýä.
Soň işe geldik, eşiklerimizi çalşyp, kofe içmäge gitdik. Bu, elbetde, her gün bolýan zat däl, daşarda başlygyň maşyny ýok bolsa edilýän zat.
– Kofeň bam-aý? – Begenç sesini çykarman, «Makkofe» uzatdy. – Yzyna berjek ertir. Almandyryn-daý, Geldiş bilen gepe güýmenip.
– Ýo, o hiç-laý – diýdi Begenç, «Makkofeň» düýrlenen daşy bilen kofesini bulap durşuna. – Men düýn jedel etdim, perulylar türkmen gerek?
Düýn biraz gatyrak gidip, perulylar anyk türkmen diýipdim. Begenjem maňa ynanyp jedel edipdir. Bu jedelde utulsa gerek. Ýöne barybir oglanlar şunuň ýaly gürrüňlermi halaýa, menem gürrüň bermegi halaýan. Başlyk weli halanok. Öňki işimdenem oglanlary gepe güýmeýäň diýip ugradypdylar.
Men Jelaleddin soltanyň ýeke özüniň 500 nökeriň üstüne at goýşuny gürrüň berip başlan wagtym aňyrdan Arslan geldi, gidip duran gürrüňe bakmazdan sorady:
– Şügün aýlyk berermikär-aý başlyk?
– Nähil-aý sen, üns bersene, şu wagt öz taryhymyz hakda gürleşip durus. Özüni tanamadyk… – diýip, meň ýüzüme seretdi Begenç. Megerem, öň şoňa meňzeş bir zat diýendirin, ýene-de ýatlatmagymy isleýärdi. Ýöne menem egnimi gysamsoň, ol sepini bildirmän dowam etdi. – …Hawa, özüni tanamadyk adam bolmaz diýipdir Oguz han. Aýlygam näme, berse bersin – berse bersin.
– Siz, şeýdip, gybat ediň-de oturyň, başlyk gelsin, kimi tanamalydygyny görkezer.
– Näme etjekmiş-aý, gorkýan barmy ondan – diýdi Begenç, öňküsinden has pessaý ses bilen.
Ataş meň böwrüme dürtdi:
– Hany, oba zada gideňakm-aý sen, geçen saparky gürrüňiň yzy nähili boldy, heýkel jadygöý zat diýeniň bar-a?
– Dur entek, aýtman dur – diýip, Begenç gapyň golaýyndakylara başlyk gelen ýagdaýynda bir zat zyňyp, bize duýdurmagyny tabşyryp geldi.

***


Ondan bäri biziň obamyzda kän başlyk çalyşdy. Biri-birinden hünärli, güýçli. Meselem, biri iň çalasyn siňegem eli bilen tutup bilýärdi. Şol pursat ony synlasaň, adama özüni bagtly duýmagy üçin kän bir üýtgeşik zadam gerek däl diýip pikir edýäň. Biri, ynanmarsyňyz, taryhy gowy görýädi. Meşhur degişmesi bardy: «Men taryhy gowy görýän, ýöne, taryh meni gowy görenok». Bu degişme käbirimiziň ýadymyza jogapsyz söýgimizi düşürip, keýpimizi gaçyrsa-da, näçenji sapar eşitsegem ýylgyrýadyk. Soňlugy bilen ýylgyrmaga gaty endik etdik. Hatda Obaň «ýyldyrym» adyny «ýylgyryň» diýip üýtgetdik. Hemmämiz ýylgyryp gezemizsoň, kimdir biri ýylgyrman seretse, göýä şol bize sögýän ýaly duýulýady. (Bolsun, biz oňa-da ýylgyryp seredýäs). Siňekler awlanyp, taryh söýlüp, aýdym aýdylyp, saz çalnyp, wagt geçip durka günleň bir haýyrly gününde heýkeli aýrypdyrlar. Belki, haýsydyr bir ammara zyňylandyr, ýa-da belki täze dikilen heýkel şondan eredilip ýasalandyr, bilemok. Ýöne eger ol aýrylan bolsa, ýesir alan ruhlary azatlyga çykan bolsa gerek. Eýelerini taparlarmyka ýa-da birahat entär ýörerlermikä?
Men weli şol bir meňzeş düýşi görüp ýörşüm. Ýöne enteg-ä ýüz beräýenoklar. Belki bir gün Alp Arslan bilen duşuşaryn. Belki bir gün oýanaryn.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 136 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Nejep Baýat | Рейтинг: 4.9/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 sussupessimist • 23:41, 16.12.2023
Bu hekaya kabiriňe öňden tanyş bolmagam ahmal. Bu yerde gaytadan işlenilen wersiyasy
avatar
0
2 Medicall • 13:52, 17.12.2023
birhili comedi clubda, güldur-güldürde oturan ýaly boldum)))

halaýanaý Nejep Baýadyň eserlerini, fantaziýasy güýçli bolmaly
avatar
0
3 Medicall • 14:19, 17.12.2023
içindäki sesi, aýdasy gelýan zadyny degişme äheňinde gowy ýetirip bilýär okyjysyna
avatar
1
4 Pero • 14:29, 17.12.2023
Öñ okasagam,ýene gaýtadan okadanyñyza minnetdar!
Gowy hekaýa. Heýkel hakdaky ýeri oýlandyrdy,belki her heýkeliñ öz ỳesirleri bardyr.
avatar
0
5 Medicall • 14:46, 17.12.2023
hawa, hem taryh okaýas oýlanýas, hem ýylgyrýas
avatar
0
6 Мango • 22:36, 17.12.2023
...ruhum silkinip, ömür razy bolmadyk şu bedenden çykdy-da ...başujumda oturdy. Höwessiz synlady:
– Mysalaň gursun! Gel-gel, şu bedende bolaýmalymy men?!

öz ruhum özüme diýen ýaly boldaý.
Hudaý saklasyn. şu ruhumyzy başyna göýberseň şolar diýerem...

---
Aksakal: Bela galmajak bolsaň, gysyp gez.

täs aksakalyň filosofiýasyna ters düşünipdim. :-)
dişiňi gysyp gezmek barada aýdýan eken.

---
Aşgabatdaky heýkel-ä barmagyny Gündogara çommaldýar.
olaň obasyndaky heýkel "obaň gaýrasyndaky şehitlige çommaldýar".
aý, beýle haýbatlam däldirle. o şehitligem tötänleýin heýkeliň barmak çommaldýan tarapyndadyr.

---
şujagaz ertekiniň özi bir aýratyn eser. (özümiň "biderek ertekilerim" ýadyma düşüp gitdi. reklama :-))

"...heýkel bir sowuk, tüm garaňky gijede şu töwerekdäki halklaň ruhlaryny ogurlapdyr. Şondan soň köp halk oňa boýun bolup, gorkup galypdyr. Diňe şo wagt çyrasyny ýakyp kitap okap oturan az sanlyja adam ruhuny ogurlatman galypdyr. Ýöne soň olaram bir-birden çöpläp öldüripmişin. Heýkeliň ruh ogurlap bilmeýän ýekeje wagty, kitap okalýan wagtymyş. Eger garaňkyda entäp ýörsek, biziňem ruhumyzy ogurlap biljekmiş… "

Kitap okaň owlanlar, gyzlar. kitap okaň... ýogsam Heýkel ruhuňyzy ogurlar.

---
– Adam sussupes bolmaly däldir, görýän-eşidýän her bir zadyndan pozitiwlik çykarmagy bilmelidir.

:-) Geldiş eşdesi gelen zady eştdi... haý Geldiş...

---
"...Belki bir gün oýanaryn."
oýanmarsyň Makguş, oýanmarsyň.
"ýesir alnan ruhlaram azatlyga çykmaz" tä o heýkeliň jesedi jaýlanýança.
sebäbi o heýkeliň ruham entäp ýör...

---
hekaýany halapoturandan bolup otyn.
oýanmak isleýänlere gaty peýdaly maslahatlary gizläp goýupdyr.
diýmek oýanyşa umyt bar.

5 ýyzzyl.
avatar
0
7 Мango • 22:50, 17.12.2023
REKLAMA.

Heýkel

Ýeži özüne heýkel dikmegi ýüregine düwdi…
soňra, heýkel dikmegi ýüregine düwdi…
ullakan heýkel
ýöne owadan däl...
heýkel owadan däldi
agyrdy.

ÝEŽI WE PETRUÇÇO
https://edebiyat.clan.su/news/yezi_we_petrucco/2023-01-17-449
avatar
0
8 aygull • 15:45, 18.12.2023
Ýüwürjimiñ pantaziýasyna göwnüm ýetýä welin, şol pantaziýasyna öýlenmegi sygdyryp bilmeýşini alada edýän
avatar
0
9 sussupessimist • 16:38, 18.12.2023
Yone menlik yöňkemesi bilen beyan edilyän hekayalaryň gahrymanyny, awtoryna juda meňzeş bolayanda-da, ony yazyjynyň özi bilen dolulygyna baglamagyň dogry dàldigini yatlatmadyk bolayyn şu yerde))
avatar
0
10 Pero • 16:49, 18.12.2023
Aýgül,tüweleme ýanýoldaş saýlañda 7 arkasyny edebiýatçylardan ýetik bolmaly diýip saýlapmydyñ? :)))) Onda-da nähili ýazyjy,şahyrlar. Üýşeniñizdehä jedel bary turýandyr.
avatar
0
11 aygull • 10:42, 21.12.2023
Aýtma, Meňli jan, baştutanymyzam gaýynenem.))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203