Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:45
“Akpamukus” kofesi we kökesi
“AKPAMUKUS” kofesi we kökesi


Ilki bilen Akpamykdan bir parça okaly.

“Akpamygyň ejesi bir köke edip beripdir. Akpamyk kökejigini öňüne salyp, tigirläp ugrapdyr. Akpamygyň bir pişigi bar eken, olam Akpamygyň yzyna düşüp, üc tirkeş bolup ýola düşüpdirler. Akpamyk dem-dynjyny almak üçin ýol ugrunda birazajyk irkilipdir. Şol wagt pişigi kökejigiň bir gyrasyny gädipdir. Akpamyk ýene tigirläpdir, bolmandyr. Ahyry aglamaga başlapdyr. Birden palçyk edip, gädigi beklemek ýadyna düşüpdir. Derrew palçyk edip, kökäniň gädik ýerini bekläpdir”.

Täzeçilligiň, türkmen brendleriniň gürrüňini edipdik.
Şu ýerde kelläme gelen ideany paýlaşýan.
Eger pikirimi birileri amala aşyrsa, bir nas puly eçilerlerd-ä (patent alyp durjagam däl).
Onda, diňläň. “Starbaks” kofehanalar zynjyryny bilmeýän ýokdur.
Indi, “Starbaksy” millileşdirip “Akpamukus” kofehana-çaýhana zynjyryny döredýäris.
Emblemasynda “Starbaksyňky” ýaly iki guýrukly deňiz jandarynyň ýerine gupbalyja Akpamygy şekillendirýäris.
Arkasyndaky tolkun türkmen sährasyny aňlatsyn.
(Dogrusy suratdaky “Akpamukus” emblemasy degişmedir, ýöne yrym üçin “Starbaksa” öýkünildi. Emblema düýbünden başga edilmeli :-))
Ertekide Akpamygyň kökesi bardyr.
Olam kofäň gapdalyndan berilmeli ýörite resept bilen taýýarlanylýan köke bolmaly (belki külçe tagamly hamyry süýtli bolmalydyr).
Kökäň aýratynlygy nämede? Hawa pişigiň dişläp gädik goýmasynda, Akpamygyň ony palçyk bilen beklemesinde.
Palçygyň ýerine ýene-de aýratyn reseptli elde taýýarlanýan ajy şokalad bolmaly.
Kafede hökman eldeki diri pişikler äwmän-ürkmän kliýentleriň aýagyna çolaşyp ýörmeli.
Elbet-de kafeň ýene bir hökmanlygy mugt internet bolmaly.
Öňüňde kofe, ýanynda Akpamygyň şokoladly kökesi, ilki bilen gytyrt edipjik şokaladyny dişleýäň, soň gyzgynjak ajy kofäňi süzýäň. Soň külçe tagamly kökeden dişleýäň.
Öňüňde-de dostuň (ýa-da ýene biriň).
Daşaram noýabyrrrrrrr-yň yzyndaky dekabyr-rrrrrrrr. Howadan gar ysy gelýär.
Aýagyň aşagynda-da Akpamygyň dürli-dürli порода-ly ýumşajyk tüýli pişikleri….
Şeýle bolsa, ýam-man gowy bolar.
Hämi?
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 179 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Mekan • 00:50, 04.12.2022
Hä.

Dogrusy bir dos oglan bilen gürleşipdik kofe satmak hakynda, biziñki diñe dostawka bolmalydy. Soñam risklerini sanap goybolsun etdik. Risksiz gazanjyñ yokdugyna akylymyz çatyaram welin...

Biraz temadan çykayyn

Halk dòredijiligi gödek bolyaray. Akpamygyñ palçygy nämeden yasayanyny bilyäñizmi (ritoriki soragdyr, jogap berme gerk dä).

Çagalar okasyn diyip arasynda pdf jik yasayan, suratlyja zatlyja. Onsoñ geçenlerde myraly soltan söyüni hakda rowayaty ilki worda geçirip, düzetmeli yeri bolsa düzedip, käbir sahnalara degişli surat goyayyn diyip okap başladym. Kitabyñ daşyna +18 yazaymaly eken.

Türkmen halk ertekileri (hyyaly ertekiler) diyen yassyk yaly kitabam şeyle.
avatar
1
2 Pero • 08:10, 05.12.2022
Nea,ýagny pişikli ýeri bn ylalaşmaýanlar bolup biler,sebäbi ondan gorkýanlar(hatda öler ýaly) bar.
Emma ideañyz gaty gowy. Gadryny bilýänler bu pikiri ummasyz serişde teklip edip satyn alardylar.
avatar
1
3 Bagabat • 08:20, 05.12.2022
Ideýa bet, birhilijek manylyja.
Emblema-da brend nyşan bolmaga ýaramly logotip ekeni. Ýöne her bir logotipi onuň mazmuny, ýagny harydyň ýörgünliligi, meşhurlygy brende öwürýärmikä diýýän. 
«Akpamukus» kökesi we pişikli kofehana.
Estetler üçin Hydyr agaň «Tokar Tuguryň ussahanasy» ýaly bir zat boljak ekeni.
«Özüne akylly diýýä» diýme weli, «Hemme akylly adamlar birmeňzeş pikir edýär» diýlişi ýaly, 2020-nji ýylda «Kofehana» diýip bir hekaýa ýazaýyn diýip başlap taşlapdym.
Soň «Şygryýet kafesi» diýen at bilen, poeziýany jany-teni bilen söýýän biriniň birneme pullanyp, goşgy okalyp, çowdary kökeli-kofe içilýän kafejik açyşy hem-de kafesi hakda bir hekaýajyk ýazaýyn diýip ýördüm.
Patente mynasyp oýlap tapyş meselesinde sen öňürtdiň :-). 
Sag bol ýetireniňe.
avatar
1
4 Мango • 12:25, 05.12.2022
"Akpamukus" kafesi, özüniň meşhur firmennyý kökesi bilen açylyp, işe başlabersinler. Habary kimden al, garşy tarapdan al.
Bir aý ýa bolandyr, ýa bolan däldir, garşy tarapda, köçeden geçen ýeriňde täze restoran açyldy. Diňe et önümlerini hödürleýär.
Restoranyň adam "Ýedi doganus ethanaus" ("Ýedidoganus steýkhaus").
Bu ýerde (ýedi doganlaryň awuna görä) her hili haýwanlaryň her hili edip bişirilen et tagamlary taýýarlanylýar.
Şeýdip bir ýandan Akpamyk, beýleki ýandan ýedi doganlaryň biznesi gülläberdi, gazançlary artyberdi. Olar gazanjyndan obadaky garry ejelerine-de kömek iberýärdirler. Bular şeýde durabersinler, habary kimden al. Gara döwden al.
Döwem bu bolşum-a bolanok, bir zad-a edip gazanç etmeli diýip oýlanypdyr.
Ahyram, Akpamygyň etegine köz oklaýyşy ýadyna düşüp (şondan ylhamlanyp) belli bir karara gelipdir.
Çişlik bişirmek üçin ýörüte közi kömüri paketläp bazara çykarypdyr.
Owadan adam dakypdyr kömür pakedine - "Gara Döwus kömürus".
Şondan bärem, Döwem, Akpamygam, Ýedi doganlaram gowy ýaşaýamyşlar.
avatar
2
5 Bagabat • 14:59, 05.12.2022
Seňkem öňem biriniňkä bardy:

-Grekçe gepläp bilýäňmi?
-Paçak edýän.
-?
-Paşşolos atsudolos!
-Latynça-da nemisçeleýäňmi?
-Paçak edýän.
-?
-Paşşolus atsudolum!
-Gurzinçede arapçalaýaňmy?
-Paçak edýän.
-?
-Paşşolaşwili atsudoladze!
-Italýança-da paçaklaýaňmy?
-Elwetde.
-?
-Paşşoliýoni atsudolissimo!
-Nemiçe-de nemisçeleýäňmi?
-Gözüne gül salýan.
-?
-Paşşolaýhen atsudaýhund!
-Iňlisçe näsihli?
-Hemmesindenem erwet.
-?
-Ze pýaş of oll, ze from out sýu do.
-Iwritde nädýoň?
-“Nädýoň?” diýip emelsizden soralýandyr.
-?
-Paşşolom atsudoleýhem!
-Ispançada nemedýäňmi?
-Nemetmesem nemetmen.
-?
-Paşşolobesam-me, atsudomuç-ço!...
...Ýeriň ýüzünde abraýly dil katalogy bolan "Ethnologue" katalogynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda dünýäde 7151 sany dil hasaba alnypdyr. Şoň üçinem, ýokarky dialogy näçe dowam etseň edibermeli.
avatar
0
6 bayramgylychsapargylyjov • 01:55, 02.05.2023
Her diliň öz äheňinde bet edip ýazypsyňyzaý!:))
avatar
0
7 Medicall • 16:21, 29.08.2023
Ýedi doganus ethanaus" ("Ýedidoganus steýkhaus").
Şu kommentariýadaky hem gyzyklyikeni, temada goýsaňyzam gelişmän durjakdäkeni
avatar
0
8 Мango • 10:42, 15.02.2024
teswir 7-ä.
açylandyr aýratyn tema edilip.
ine şu salgyda: AKPAMYK, DOGANLARY we GARA DÖW
avatar

Старая форма входа
Total users: 203