00:30 «Nurdan Söz» baýragy | |
Hormatly galamdaşlar! «Edebiýat kafesi» ýurdumyzda edebi döredijiligi höweslendirmek maksady bilen edebiýat eserleriň awtorlaryna ýylda bir gezek beriljek «Nurdan Söz» baýragyny yglan edýär. «NURDAN SÖZ» BAÝRAGYNYŇ ŞERTLERI: 1. Eseriň awtory «Edebiýat kafesiniň» agzasy bolmaly. 2. Eser ilkinji gezek we bäsleşigiñ ahyryna çenli diñe «Edebiýat kafesinde» ýaýynlanmaly. 3. Eserler 2024-nji ýylyň 20-nji dekabryna çenli «Edebiýat kafesinde» ýaýynlanmaly. «NURDAN SÖZ» BAÝRAGYNYŇ KATEGORIÝALARY: «Iň gowy eserleri paýlaşan» kategoriýasy. 1 adam. (Eserleriň «Edebiýat kafesinde» ilkinji gezek paýlaşylmagy şert. Öñ internet sahypalarynda paýlaşylmadyk bolmaly). «Iň gowy roman» kategoriýasy. 1 adam. (Roman «Edebiýat kafesinde» ilkinji gezek ýaýynlanmaly, öñki ýyllarda ýazylan bolsa-da bolýar, ýöne öñ hiç yerde paýlaśylmadyk bolmaly). «Iň gowy goşgy» kategoriýasy. 1 adam. (Goşgy «Edebiýat kafesinde» ilkinji gezek ýaýynlanmaly). «Iň gowy hekaýa» kategoriýasy. 1 adam. (Hekaýa «Edebiýat kafesinde» ilkinji gezek ýaýynlanmaly). «Iň gowy powest» kategoriýasy. 1 adam. (Powest «Edebiýat kafesinde» ilkinji gezek ýaýynlanmaly). «Iň gowy oýlanma» kategoriýasy. 1 adam. (Oýlanma «Edebiýat kafesinde» ilkinji gezek ýaýynlanmaly). «Iň gowy terjime» kategoriýasy. 1 adam. (Terjime eseri «Edebiýat kafesinde» ilkinji gezek ýaýynlanmaly). «Iň gowy tankydy seljerme» kategoriýasy. 1 adam. (Aýratyn post açylyp, eserleri analizläp, seljerme, tankydy syn ýazylmaly we «Edebiýat kafesinde» ilkinji gezek ýaýynlanmaly). «NURDAN SÖZ» BAÝRAGYNYŇ JEMLEMESI: «Nurdan Söz» baýragynyň netijesi ýylyň 27-nji dekabrynda yglan ediler. Dekabr aýynyň dowamynda «Edebiýat kafesiniň» awtorlary, agzalary hödürlenen eserler barada öz giňişleýin pikirlerini aýdyp bilerler. Aýratyn saýlanan topar «Nurdan Söz» baýragynyň ýeňijilerini saýlamakda awtorlaryň, agzalaryň hödürlenen eserler barada pikirlerini göz öňüne tutarlar. «Edebiýat kafesiniň» administrasiýasy. | |
|
Ähli teswirler: 21 | |
| |