14:51 Depegöz / hekaýa | |
DEPEGÖZ Bir el jaňsagady öçürýär. Bu el meňki däl, näzik hem has ak. Gözüm çala açylýa. Gabaklarymyň arasyndaky çyzyga – stoluň bir çeti, üstünde Stewensondan bir kitap, gapdalyndaky küldandan hüźźerip duran çilim galyndylary sygýa. Ýene gözümi ýumýan. – Rejepbaý mollaň ogly – biri maňa seslenýän ýaly. Rejepbaý mollany ýatlaýan. Dädem şeýle gowy adamdy, pahyr. Aý, oňam gözleriniň kä wagt ýeserje ýyldyraýmasy bardy, haha. Toba. Sorry, däde. Hudaýýolyda molla dädem ýok bolsa, maňa töwir galdyrdardylar. Mähelläň müňküldeýän agzyma seredip oturşy meni ilkiler hopukdyrsa, soňabaka gülkimi getirýä. Soň-soňlar irizdi. Adamlar meň höwessizligimi agraslyga ýordular. «Ýaş başyna gör nähili agras oglan, tüweleme-tüweleme». ...şeýle ýeňil ýöreýärmikä? Men ýörämde jygyldap il örüzýän pol onuň aýajyklarynyň astynda sessiz ýatyr. Haýyn pol diýsä. Daraklygyna basyp ýöreýärmikä? Egnine bir zat atdymyka? Kebelek ýaly gaýyp barşy göz öňüme gelýä. Kellämi galdyryp seretmedim. Bilýän, hyýalymdaky has gözel. Obadakylaň meni okuwa ugradyşlary ýadyma düşýä. Ýatlasym gelenok, ýöne ýatlama gelýä. Dädem ýok, dädem indi – dädem pahyr. Men ony soňky ýola ugratmankam, ol meni okuwa ugratmagyň bar gamyny iýipdir. Täzelikde garaşsyz bolan döwletden daşary ýurda okuwa gitmek o döwür gaty tolgundyryjydy. Okuw döwürlerimmi? Ha-ha-ha... O ýerler biziň obamyzdan şeýle bir uzak weli, obany, adamlaň maňa ynamyny ýatlamagam kyndy. Dört ýyl gara bermän, soňam dolanyp gelenimde Gür ýylgynlyga bürenip oturan obamyň tas ähli ilaty mähelle bolup garşy aldy. Her dürli soraglara, hoş geldiňlere, Allaha şükür etmelere we şm. gürrüňlere jogap bermegimiň geregi ýok. Bir ýylgyryp oňýan. Meselem, bize mukaddes suwdan getirmediňmi diýýäne näme jogap berip bilerin? Haýsy suw hakynda gürleýänine düşünmän ýüzüne ýylgyryp seredýän. Garaşdyrman başga bir ýüz oň ýerine geçip, goňşy obalaryň birinden okamaga USA giden tanşy hakda soraýa. Oňa-da ýylgyrýan. Suwuň sesi gelýär. Kafele degip parçalanýan suwuň, näzik bir teniň üstünden togalanýan damjalaryň... Men nirede? Depegöz Besedi öldüren bolsa näme bolardy? Hemişe «men nirede» diýen sorag kelläme gelende beýnim bu soragdan gaçýa, öň berlen başga bir soragy getirýä. Depegöz Besedi öldüren bolsa näme bolardy? Men nirede? – Atam uruş döwründe nemesleriň tarapyna geçipdir, dosty bärde orslaň tarapynda galypdyr. Atam – orslary, dosty – nemesleri duşman hasaplapdyr. Haýsy dogry, kim haýyn? Bu soragy maňa kim berdi? Hä, ýadyma düşdi, Oraz. – Bu gaty çuň mesele – diýipdim. Bir-biregiň ýüzüne seredişip durduk. Ýylgyryş bilen jogaplap bilmedim öýdýän. Orazdan aragyň ysy gelýärdi. – Dury kellä gürleşeris – diýdim. Bu sapar Oraz ýylgyrdy. – Kim haýyn, kiim Haýyyn – diýip hiňlenip gitdi. Kim haýyn? Men nirede? Meni oba halky molla belledi. Hoş ýakmanam duranok. Klasdaş dostlaryň salowmaleýkim molleke diýip iki eli bilen görüşýärler. Bir-birlerine bakyp ýyrşarylsalaram, sylaýandyklaryny duýýan. Ýöne Mollekäň ahlak çäklerine sygmak maňa gaty kyn düşýär. Edil geçen ýyl bu günler meniň deňiz kenarynda sary saçly gyzlar bilen suw sepişip oýnanlygmy bu adamlar nä bilsin? Gyrmyzy şerabyň dady agzymda duýulan ýaly boldy... Bulara hakykaty aýtmaly. Ýöne dädem pahyry sylamady hasaplajaklar. Oba hyýanat eden ýaly görjekler. Orazyň atasy barada pikir edýän. Nöker mugallymyň atasy onuň söweş ýoldaşy eken. O barada gündeliginde giden zat ýazypdyr. Maňa getirdi. Orazyň atasy bilen Nökeriň atasy (Oguz bilen Guldurdy) bu meseläni uzak çekeleşipdirler. Oguz nemesleriň kömegi bilen watana garaşsyzlyk getirip bolar diýip hasaplapdyr. Üstesine orsdanam arymyzy alarys diýipdir. Guldurdy bolsa bu söweşde sowetler ýeňlip çykaýsa o diýýäniň has beter tragediýa sebäp bolar diýipdir. Asyl ýaşap ýören döwrüniň tutuş tragediýalygyny unudan borly. Belki, duýan däldir. Belki has agyrrak tragediýa barada gürrüň edýändir. Orazam gelip menden bu iki beýik ynsanyň, ýowuz asyryň bu iki pidasynyň haýsam bolsa birini haýyn yglan etmegimi soraýa. Oraz, eşidýäňmi, şu ikisinden birine kim haýyn diýse, haýyn – şony diýýäniň özüdir. Bular iki gahryman. Ýöne Oraz muny eşidenok, Nökerem eşidenok. Olara beý diýip aýdyp biljegimem gümana. Olar meniň sahabalardan mysal getirmegime, hadys aýtmagyma garaşýa. Okan döwrümde hadys kitabynyň kapyr pelsepeçileriň kitaplarynyň astynda galanyny olar näbilsin? Şu zatlaryň ýüki maňa gerekmi?... Pol jygyldaýa. Edil hyýal edişim ýalam ýeňil ýöremeýänini duýýan. Öwrülip ýüzüne seredýän. Gözüne seredýän. Kimdir biriniň gözegçi kameralaryň işläp-işlemeýänligini bilmek üçin içine seretmeliligini, içinde gyzyl şöhle bolsa işleýänligini aýdany ýadyma düşýä. Näme üçin aýtdyka? ...gözlerine seredýän. şöhle ýok. – Işlänok – diýýän. – Näme işlänok? – Hiç-le. – Wiý, aýt-da, bir zady döwdümmi? – Ýok, öň döwükdi, sen döwmediň. Ýüzugra çigit çigitlän ýaly ýalan gürleýşime haýran galamok. Nämä haýran galaýyn? Ertir azany aýdyldy. A men ýatagymda, ýanymda-da nätanyş bir gyz. Men nirede? Kim haýyn? Depegöz Besedi öldüren bolsa näme bolardy? Oguz, näme üçin beýläk geçdiň? Bu hekaýatdan özüme gaçybatalga gözleýärmikäm? Oguz baýyň ogly eken. Ata-babasyny bu ýerleri basyp alanlar ýeriň eýesi hasaplap öldüripdirler. Oguzam çopanlarynyň ogly edilip görkezilip ölümden gutulypdyr. Çopanyň hak ogly bilen bile urşa gidipdir. Urşda bir özbek ýigit bilen bile nemesleriň tarapyna geçipdir. Muny Oguzyň özi «nemesleriň tarapyna däl, orsuň garşysyna geçýän» – diýip aýdypdyr. Gündeligi ýazan, Guldurdy ol hakda SSSR döwründe hiç zat aýtmandyr. Sebäbi belli. «Doganym Oguz barada bu zatlary aýdýan. Ýöne dogry düşüniň. Oňa haýyn-dönük diýen adamdan iki dünýäde razy bolmaryn. Ol gaýduwsyz mert türkmendi. Asla-asla ölümden gorkmady, ýaşaýşyň öňünde-de ejizlemedi. Beýik maksatlary bardy. Şoňa tarap müň kynçylyga döş gerip gitdi». Şahyr bol-a. Şol gowgaň içinde olaryň watanyň geljegini pikir edip bilmekligi maňa ynandyryjy görünmeýär. Meň kalbymyň kirliliginden bolmagy gaty ahmal. Sebäbi ähli gowulyklar maňa ýasama görünmäge başlady. Ähli mukaddesliklerem şeýle . Uly ýola çykdyk. Ugratjak diýipdim. Ol göni ýoluň kenaryna çykdy, taksi saklaryn öýtdi. Men golaýjykdaky duralga ümledim we ýanýodadan ýöräp başladym. Yzyma hassahanaň howlusyny kesip geçdim. Bir hassa irden ýa-da bilemok, her birnäçe minutdan eliňi ýuwmagyň ähmiýetini düşündirýän suratly sütüni üns bilen okaýar. Has ähmiýetli zatlaryň onuň üçin ähmiýeti ýiten bolsa gerek. Näme üçin bu tarapa geçdim men? Gül ýalyjak sylagym bardy, gahryman ýaly gomparyp ýördüm obada. Gül ýalyjakmy? Men ýaş başyma nädip olaň isleýşi ýaly adam bolaýyn? Menden perişde ýasajak boldylar. Men beýle däl ahyry. Menem özleri ýaly ýönekeý adam. Men gyzlara seretmeli däl. Men gaty gülmeli däl, men şerap içmeli däl... Goňşy obadaky Nataşaň men bilen gatnaşýanyny öten geçeniň barsyna aýdýanyny nä bileýin, hiç ýerde eşdilmesin diýip nygtamdan soň. Äý, jähennem-laý. Dostum Arslan maňa ýalbardy, umytlarmyzy puja çykarma diýdi. Öz sözüdir öýtsem, obaň ýaşulylary ugradan eken. Jähennem-laý diýdim. Asylam bu ýüküň aşagynda ýegşerilip ýördüm, bir gezek egnimden agansoň, ýene egnime almak niýetim ýok. Düzel, ýola gel diýdiler. Haýsy ýola? Ha-ha – Aýuw, bärdemiň? – Geliň, geliň, bärde men. – Ýene gyz getirdiňmi? Bu ýeri saňa... Dowamyna düşünemok, ýöne ýatdan bilýän. Sözler ilki gürzi ýaly inýär depämden, soň inçelýä-inçelýä. Agyz bir rpk-a öwrülýä, sözler diwarlarda, bedenimde 7 mm deşikler açýa. Penjirelerden aýna döwükleri syçraýa. Mehaniki şekilde, maşynyň öňünde oturdylan oýunjak güjük ýaly baş atyp durun. Hemişeki jemlemäni eşidýän. – Iň soňky sapar bolsun, gaýtalanmasyn! Onsuzam 3 aýyň puluny töläňok... Şu ýerde ýylgyrýadymmy ýa ýokmy? Ony ýatlap ýetişmänkäm gidýä. Men näme üçin bu tarapa geçdim? Ýola gel diýdiler, gelmedim. Obadan meni ýolladylar. Men näme günä edipdim? Ha-ha, munym samsyk sorag boldy. Nöker mugallym uzakdan seredip dur. Çilimini menden gizleýän ýaly. Dilär öýdüp gorkýarmyka ýa başdaky sylagy entegem barlygyndanmy? Orazyň üst-başyndan ýene winoň ysy gelýä. Ys gowy ýadymda, sebäbi alkymyma dykylyp gürlände ýüzüme deminiň ýylysy gelýärdi: – Molleke, sen bar-a, soragma jogap bermän gidýäň. Aýt, kim haýyn? – Men. – Näme sen? – Men haýyn. Yzyna öwrülip, Nökere seredip ýylgyrýa. Ol eşidenok, ýöne onda-da ýylgyrýa. Ýa-da eşidendir. – Sen mesele däl-laý. Senem biziň birimiz, sen haýyn däl, molleke, men olara ynanamak. Biz bar-a. molla bolmasagam bilýäs ony, heleý şeýtan. Heleýler bar-a, ýekeje zat isleýä. Ýöne bar-a, heleýleň şoňa akly çatmyýa. Ha-ha, Nataşadan başgalarnyň, ha-ha... Birden ýüzi gamaşýa. Gülküsi zym-zyýat. – Sen molla bol-bolma, düşünjäň giňräk diýip soraýan. Oň atasynyň gündelignem okatdym bar-a – Nökere ümleýä. – Başga bilýän ýok muny, senem bar-a, diliňe bek bolmaly bolýaňda, bilýäňmi. Baş atýan Baş atýan. Maşynyň öňünde durun. – Jogabyň ýokmy şoňa seň? – Aýtdym-a, ikisem haýyn däl. – Nämüçin, ikisi ters tarapda urşdy, birinden biri dönük bolmyýamy? – Muny dury kellä gürleşeli. – Molleke-e, molleke, mende dury kelle bolmyýa, sen bulanyk kellä düşnükli edip aýt şony. – Soň, soň düşündirjek, jaňlaşarys. Ýa-da maňa ýaz intden. El silkip gidýä. Nökerem elini salgaýa. Ýylgynlar uzaklaşýa. Nökeriň atasynyň gündeligine ynansam, Oguz – türk legionlaryndan habar alýan eken. Sürgündäki türküstan hökümetiniň guruljaklygyndan habarly eken. Ähtimallygynyň azlygyny bilýär, ýöne şol hökümet birden işleýän ýagdaýa geläýende, biziň illeriň adyndan gürlemäge, biziň jelegaýyň bähbidini aramaga bir wekil bolmaly diýip hasap edipdir. «Guldurdy, islendik bir gurşun meni öldürip biler, nemesiňki ýa-da orsuňky. tapawudy ýok. Bu ähtimallyk bar ahyry. Muny türküstan hökümetiniň gurulyp, garaşsyzlyga gowuşmak ähtimallygyna näme üçin çalyşmaýyn?! Bu maňa teklip edilýärkä gorkaklyk etmek, gepden sözden gorkmak bigaýratlygyň aňrybaşy bolmazmy?» «Oguz, men Gaýgysyzyň ýoluna ynanýan. Dünýä sabaýança orsa daýy diýmek iň dogrusy. Men ýene-de sen howlukmaçlyk edýänsiň öýdýän. Ýöne seni ýoluňdan saklap bilmerin. Aňyrsyny görüp gelen ýok. Birden seň diýýäniň çykaýsa günäsini çekjek däl. Men bärde galyp, bu günäni çekjek». Wahh, ol gündeligi roman edip ýazmanlygym meň iň uly günäm bolsa gerek. Başlyk jaň edýä. Bu gün işe gitmänligim ýadyma düşýä. Oraz sms ýazýa, «barmyň-how, Molleke?». Özümi aklajak bolýan. Isleýän ýerime barmajak ýoldalygmy görmezlik üçin gözümi ýumup, duralga barýan. Awtobusda yzky orunlarda biri aýdyma hiňlenýä. Megerem, özi daşyndan hiňlenýänin bilenok. Gulaklygyndaky aýdyma goşulýa, ýa -da kalbyndaky. Gamgyn aýdym: ...surat çekdim söýgülime: goja aýdym aýdýardy, bakyp ýaşyp barýan Güne. şundan gamgyn aýdym barmy... Sesi gowy däldi, gyryk we ýadaw. Tanyş ses. Men ýene-de düşmeli duralgamy geçýän. Öte geçýän. Tarapyny üýtgeden Oguzyň saýasyna sygnyp özümi aklajak bolýan. Haýbatly daýaw Oguz göz öňümde janlanýa. – Tur, ýok bol saýamdan, saňa mende gaçybatalga ýok. Beset ölen bolsa näme bolardy? Kim haýyn... Başlygyň kabineti. Stoluň üstünde küldan ýoklugyna her sapar gözüm öwrenşenok. Radioda bir zenan ýakymly sesi bilen mr. Haýd barada gürrüň berýä. Men geçen gijäni, säheri, suwuň sesini ýatlaýan. Başlyk gijä galanym üçin meni utandyrmajak bolýa. Hemişeki degişmesi, Hakuna matata diýýä, men ýene Lä tahzen diýýän. Iş güni başlaýa. Barsy unudylýa. 10 sent. 2022. Änew © Nejep BAÝAT | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |