06:41 Gabaw | |
GABAW Garagyş. Garaňky köçäň ugry bilen digdiräp barýan. Ýazzy maňlaýymdan urýan sowuk şemal, ýylyjak düşege geçmäge bolan islegimden başga ähli pikirimi kellämden sogrup, özi bilen günorta tarap alyp gitdi. Syrdam syratly sütüniň çür depesine çykyp, ýere ýagty saçyp oturan çyranyň astyna gelenimde, sal-sal eşikli, owurtlary oýulan, garasy azalan gözleri ýeňsesine tarap mazaly çöküşen arryk kişini görüp hopukdym. Gorkunç kinolardaky janly ölülerden parhlar ýalam däl. Bilegi gandally sag eliniň üç barmakly penjesini maňa gezäp, çep aýagyna ýemsäp, üstüme sürünip gelýä. Gorkup yzyma öwrülen badyma, buz ýaly penje tutdy şekirdegimden. Uzyn barmaklarynyň gaýçy görmedik dyrnaklary damagymy deşip gelýä. – Näme, etjegiňi edip, indem bizden gaçan bolýaňmy? – Onuň kemperip duran agzyndan kokaýan dowzahyň ysy, dem geçmän duran damagymdan zymdyrylyp geçdi-de, tas demligimi çüýredipdi. –Men size näme etdim- diýip, gowsunjak bolamda, depe saçymdan urulan üç barmakly penje, kellämi ýeňsä dartdy. Onýança her gapdalymdan biri çykyp, gollarymdan gabyrdatdylar. –Bilmediksirän bolýaňmy? Sen şöhrata kowalaşyp, näsaglygymyza bakman, bizi kapasa atdyň. Ol ýerde bizi ezdiler. Haýsymyzyň elimmizi döwdüler, haýsymyzy aýagymyzdan aýyrdylar, oňurgamyzy omurdylar, boýnumyzy gaňyrdylar. Gözleri oýulanymyzam bar aramyzda. Sen utanman näme etdim diýýäňmi? –Men sizi tanamasam näme? – Sesim ýaňkydanam beter boguk çykdy. Gürlemek beýlede dursun, ölmän galmagada howa ýetmän ugrady. –Garaşan mertebäňe ýetip bilmäňsoň, bizi ýatdan çykaran bolýansyň! Biz aýatdakak şöhrata bolan tamaňy tala daňaý keýgim. Nirede bolsaňam, näme iş etseňem gara tegmil bolup maňlaýyňa basylar durarys. – sag gözüniň durmaly ýerindäki uly köwekden dökülip ugran gurçuklara ýüregim bulanyp, gözlerim ýaşaryp gitdi. Damagymyň daşyndan gysylyp durany ýetmeýän ýaly, iç tarapdanam bir zatlar gelip kiçi dilime direndi. Garşymda duranyň sag tarapynda peýda bolan, guşaklykdan aşagyndan aýrylan “maslyk” elleri bilen süýrenip gelip aýaklarymy gemrip ugrady. Onuň özi bolsa, bokurdagymy sypdyrman durşuna, hamy süňküne ýapyşyp giden eli bilen göbegimiň üstünden ýumruk inderip başlady. Beýlekilerem kem galmadylar. Ýykyldym. Garaňkyrap ugran gözlerim, bizi synlap duran mähellede eglendi. Olaryň arasynda göreşe salybermeli pälwan pisint ýigitler, ýüzünden nur damyp duran gojalar, süýtden ýasalan ýaly akmeňiz, peri sypat gyzlaram bardy. Olar näme üçin gelip meni halas edäýenoklarka? Gorkýalarmyka? Ýa meni şeýle ölüme rowa görýälermikä? 13.02.2018. © Umyt KÜLE | |
|
Ähli teswirler: 14 | |
| |