Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:35
Gyp-gysga
GYP-GYSGA

Sähel sözde köp zat aýtmak, beýnä iýmit oklamak, duýgulary oýarmak...
Aňsat däl. Emma ony başaranlar bar.

* * *

Hemingueý her kimi duýgylandyrjak 6 söz bilen hekaýa ýazaryn diýip jedel edipdir we utupdyr. Onuň hekaýasy:
«Çaga köwüşjigi satylýar. Geýilmedik» («For sale: baby shoes, never used»)
(Geň: Iňlisçe-de 6 söz. Türkmençe terjimesinde 4. Türkmençesi has gysga).

* * *

Frederik Braun-yň gysga hekaýasy:
«Ýerde galan iň soňky adam otagynda oty:rdy. Birden gapy kakyldy...»

* * *

Amerikan ýazyjysy O.Genri-niň gysga hekaýasynyň başlangyjy, kulminasiýasy we soňlamasy ýerbe-ýer:
«Sürüji çilim otlandy we benzinini barlamak üçin benzobaka egildi. Merhumyň ýaşy ýigrimi ikidi».

* * *

Makedon patyşasy Filip-II spartalylara ýazan haty (biraz uzynrak):
«Size derrew boýun bolmagy maslahat berýärin, sebäbi eger-de meniň goşunym siziň ýerleriňize girse, men siziň baglaryňyzy ýok ederin, ilaty gul ederin, şäheriňizi kül ederin».
Spartalylaryň jogaby gysga:
«Eger-de».

* * *

Biktor Gýugo «Отверженные» romanynyň golýazmasyny neşirýada şeýle hatjagaz bilen iberýär: «?»
Hata görä jogap gelýär: «!»

* * *

Iň gysga awtobiografiýa ýazmak konkursynyň ýeňijisi fransuz garry aýalyň awtobiografiýasy şeýle:
«Ozal meniň endamym ýylmanakdy we ýygyrt eşigim bardy, indi bolsa – tersine»

* * *

Gyp-gysgalyga mendenem bir paý:
«Bir adam ölüpdir. We ýaşamaga başlapdyr. Ömürlik»

* * *

Gysga hekaýa ýazyp gördüňizmi?
Ýazyp görjekmi?
Ýazaý.
Ýazsaň.

Internet materiallaryndan peýdalanyp taýýarlan: mango
2012
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 99 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.4/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
1
1 Kyyas • 20:16, 08.12.2022
Ýañy dünýä inen çaga, aglaman bu dünýeden hoşlaşdy...

Gowy gysga hekaýalar jemläpsiñiz. Has göwnüme ýarany garry aýalyñ awtobiografiýasy.
avatar
1
2 Aygul • 01:26, 09.12.2022
Täsirli
avatar
1
3 Medicall • 02:34, 09.12.2022
Salamlaşdylar.
Ýylgyrýardylar.
Aglady.
Hoşlaşdylar.
avatar
0
4 Bagabat • 08:57, 09.12.2022
Aý...
Gysga hekaýa ýazmak ýaltaň işi-laý.
Onam jemagatyň "hop-hop" tolkuny alyp göterse, üýtgeşik bir zada öwrülýä öteýdýä. Elbetde Hemingueý bilen O'Genri onsuzam özleriniň genial ýazyjydyklaryny nijema (nobatgulyçaladym) gezek subut eden adamlar-la.

Mysal üçin:

Hemingueýe öýkünme (hasam gysgasy):

"Sallançak satylýa: ulanylmadyk...";
"Hoş...";
"Öňler dünýe gowudy...menem...";
"Onsuz ölerin öýdýädim...ölmedim...";
"Aglamasana...agym tutýa...";
"Ýüp üzülmedi...";
"Sms geldi: "Görüşeli...belki düşünişeris..."".

Ine şeýden bolup gidibermeli, gidibermeli... :-)
avatar
0
5 Bagabat • 09:01, 09.12.2022
Ýene-de gysga hekaýa (...jyklar :-)):

Kine

…-Ysyň janymy alyp gelýär!-diýip, uzyn ysyrganan sallah ýigit, başyboş kärdeş gelnine degen boldy.
-Meýdiň ýansyn, meýdi guramyş! Men-ä günde-de ýuwunýan, seniň özüň haçan görseň, zibilli händekden tapylan ýaly aňkap ýörsüň!-diýip, ters düşünen gelin öýkeledi…

Tamakinlik

…-Ulagsyz erkek kişi, ganatsyz guş ýalydyr!-diýip, bazardan ýarym nesýesine täze ulag alnyp gelen agasy, inisine ulagyň galan bahasyny üzüşmäge ýardam etse, kem ýaraman durmajakdygyny köpmanyly ýaňzytdy.
-Dogry aýdýaň agam! Ulag edinseň edil ganat beklän ýaly bolaýarsyň!-diýip inisi, agasy ulagy özüne peşgeş berjek bolýandyr öýdüp, begendi…

Üç maýmyn

…Ýakyndan gatnaşýan goňşusy, Çynma-çyna syýahata gidip-gelende, oňa sowgat hökmünde çök düşüp oturan üç sany maýmynjygyň heýkelini getirdi.
Biri penjesi bilen gözlerini ýapýar, beýlekisi agzyny, üçünjisem gulaklaryny tutýar.
Ýöne, goňşusy bu heýkeljikleriň manysynyň: “Ýamanlygy görmän, eşitmän, agzaman, ondan halas bol!” diýen ýagşy dilegdigini aýtmagy unutdy.
Peşgeşi alan: “Bujagaz maňa: “Meniň şat günümi görübem bilmeýärsiň, diňlemäge-de içiň ýanýar, meni taryplanyňdanam lalyňy açanyňy oňat görýäň” diýip, daşdan aýlap ýaňzydan bolýar-ow! Üstesine-de: “Özüňem şu maýmynlar ýaly bir zat” diýdigi!” diýip, ters düşündi-de, gazap donuny geýdi…
avatar
0
6 Bagabat • 09:01, 09.12.2022
Hezzet

...-Köne goňşy, menem şu tarapa barýan. Ýör, ýolugra düşürip geçeýin!-diýip, ýolda duran gelniň deňesinde saklanan köneräk ulagyň sürüjisi ýylgyrjaklap teklip etdi.
“Bu işigaýdanam, meniň aýrylaşynymy eşidip, maňa lak atan bolýar-ow! Äý hawa-da, başyň boş bolsa her öňýeten item saňa süýkenip geçjekden bolýar-da!” diýip oýlanan gelniň ýüzi, boz-ýaz boldy.
-Ýok, gidiber! Men awtobusa garaşýan!-diýip, ol nägile hüňürdedi.
Gelniň pikirlerini keşbinden okan sürüjiniň utançdan ýaňa ýüzi gyzardy. Ol sesini çykarman ugrady. Ol ýerden ep-esli daşlaşandan soňam, ýoldan gözüni aýyrman barşyna hüňürdedi:
-Hezzet etseň eşege, hyzzyn atar duşaga…

Gahar

…Awtobusdan düşüp barýarkalar, “çöpe jan bitdi” diýilýänlerden bolan ýetginjek, özüniň, eginleri ýaýrap, pälwansypadyna girip ugran deň-duşunyň ýeňinden çekdi-de:
-Syrtyň ýyrtyg-eý, seniň!-diýdi.
Dykyzja jahyl bada-bat dergazap boldy.
-Näme diýdiň?! Häk, seniňem bir…! Me, saňa “syrtym ýyrtyk” bolsa!-diýdi-de, ýumrugyny düwüp, yzyna aýlanyşyna, heniz ýeňini sypdyrmaga-da ýetişmedik ýetginjegiň ýüzikessir doňduryp goýberdi. Ol arkanlygyna süssenekläp gidenden soňam, öz jalbarynyň otyrýeriniň tikininiň sökülendigini gördi…

Sowal

…Özüniň toýda eltelefona düşürilen iň owadan suratyny IMO-da goýdy.
Bada-bat kimdir birinden habar geldi.
Ýekeje sözden ybarat:
-Näçe?!
Girre gaharlandy.
Lap-lap gyzýan ýüzüni eňşidip, derrew yzyna jogap ýazdy:
-Ejeňe: “näçe” diý, bajyňa: “näçe” diý, eger bar bolsa, heleýiňe-de diý şony…Meýdiň ýansyn, meýdi guramyş…
Ýene-de habar geldi:
-Gyýw, gyýw, jora! Men-ä senden gyzlar toparymyza goşulmaga çagyrar ýaly ýaşyň näçedigini, özümize ýaşytdaşdygyňy-däldigiňi biljek boldum...
avatar
0
7 Bagabat • 09:02, 09.12.2022
Pişik

…-Goňşy, seniň pişigiň biziň ammarymyza girip…
-Näme “pişigiň”, näme “pişigiň”?! Halys şol pişigi iş edinip ýykaýdyňyz, gyz! Allaň ýaradan bir janaweridir-dä! Girse giripdir-dä. Döwse döwüpdir-dä, birki sany hyýar-pyýarly çüýşäňizi! Zat janyňyzy alsyn! Häzir, öýden alaryn-da, eltip bererin, öwezine!...
-Goňşy, goňşy! Bi ne, doly geplemäge-de goýman gygyryberdiň-le! Men-ä pişigiň ammarymyzdaky syçanlary tutuşdyrandygy üçinem taňryýalkasyn aýdaýyn diýip geldim. Üstesine-de minnetdarlyk hem sowgat hökmünde birki sany duzlanan hyýarly-pomidorly çüýşe getirdim...
avatar
1
8 Bagabat • 09:02, 09.12.2022
Hassahanada

…-Aýagyňyz nädip döwüldi?!-diýip, kesel taryhyny doldurýan lukman, rentgenden geçirilip getirilen hassadan soraýar.
-Men ömrüme motosiklet sürüp geçdim!-diýip, näme üçindir müýnli garaýan syrkaw, eşidiler-eşidilmez hümürdeýär.
Lukman düşünmeýär.
Özünden özge adam ogly okap başarmajak, bulam-bujar hat bilen nämedir bir zatlary çyrşamasyny bes edýär-de, başyny galdyrýar.
“Munuň bu ýerde näme dahyly bar?!” diýen terzde syrkawa soragly äňedýär.
Syrkaw hasam gyzaran ýüzüni sapajak-supajak edip oturyşyna düşündirýär:
-Meniň gozakly “Ural” mottorym bardy. Ýigrimi bäş ýyllabam diňe şondan başga ulag münmedim. Täzelikde-de elim giňäp, “toýota” ulagyny edindim. Onsoň mottorymda haýsy çatrykdan öwrülsem, onuň gozagynyň ýerden üzülip, ýokaryk galýandygy sebäpli, çep aýagymy ýere diräp öwrülmäge endik edipdirin. Şu gün pikire batyp gelşime, “Toýota” ulagymda-da, çatrykdan öwrülenimde, özümem aňşyrman endigime eýeripdirin-de, gapyny açyp aýagymy ýere diräýipdirin…
Sözüne dyngy beren syrkaw, ala-pakyrdy bolşup gülüşýän lukmany hem-de şepagat uýalaryny gaýgyly synlap oturyşyna: “Şularam, bijaý doňýüreg-aý! Biriniň-ä bü ýanda aýagy döwlüp ýatyr, bular bolsa gaýta, şoňa begenýän ýaly, gyzyl-gyran gülüşýärler” diýip oýlandy…

Sünnet

…Ýaňy bäş ýaşyna giden, düşbüje oglanjygy ejesi bilen kakasy, her bir erkek kişiniň durmuşynda bolaýmaly zada taýýarlap başladylar.
Gorkmaz ýaly.
Öňünden.
“Gurçugy aýyrtmak, sypatmak, owadanja etmek we ş.m.” ýaly her dürlüje düşnüksizje sözler bilen, “täze tigir, täze oýnawaç, täze eşik, täze eltelefon, kän-kän pul berilýändigi we ş.m.” baradaky aldawaç wadalar bilen, eýdip-beýdip özüne “bor” diýer ýaly etdiler…
Hemmeje zady aý dogan ýaly etmeli, jygba-jyg günüň öň ýanyndaky agşam, nahardan-çaýdan mazaly keýpini köklän kakasy, ejesine:
-Hany, meniň şol, soňky ýasadan uly pyçagym bilen çalgy daşy al. Ýiteldeli. Ertir, gerek bolar. Taýyn dursun!-diýdi.
Ejesi, takmynan uly adamyň tirsegine barabar, golboýy uzynlykdaky mähnet pyçagy, ýanynyň çalgy daşy bilen alyp geldi. Kakasy, çalgy daşyň aşagyna köne esgi ýazyp, ony “jagypdadyp” çalmaga oturdy.
Eýläk süýkeýär.
Beýläk süýkeýär.
Her süýkände-de gödeňsiz hem äpet pyçagyň tygyndan kinniwanja uçgunjyklar çar ýana syçrap gidýär.
Aram-aramam, barmagyny degrip, onuň ýaldyrap duran tygyny barlap görýär.
Kakasynyň edip oturan işini, goňşy otagyň gapysynyň arka ýüzünde bukulyp oturan ýerinden, gözlerini petredip synlaýan oglanjyk, ahyry çydamady.
Ýöne, düşbüje her hili heýhatly ýagdaýlarda-da düşbüjeligini saklaýar.
Bolup geçýän şumlugy-oňlugy düşnüksiz hadysalar babatda hiç hili sepini bildirmän, jyňkyny çykarman, ökje ogurlap, öýlerinden çykdy.
Wägirmedem, aglap-eňräp urunmadam.
Sowukganly hem dogry hereket etdi.
Ýalňyz halasgäri – enelerine garşy ýazzyny berdi…
avatar
1
9 Bagabat • 09:03, 09.12.2022
“Gürp” bilen “tarpyň” gysgajyk gyraňlary

1-nji gyraňy

Gürp.
Başlady.
Tarp.
Gutardy.
Boks boýunça sport ussady ekeni…

2-nji gyraňy

Gürp.
Açdy.
Tarp.
Ýapdy.
Gitdi…

3-nji gyraňy

Gürp.
Urdy.
Tarp.
Ýene-de biri.
Wah, ony satyn almaga edilen bergi!...

4-nji gyraňy

Gürp.
Gaçyrdy.
Tarp.
Üstünden basdy.
Döwdi…

5-nji gyraňy

Gürp.
Açdy.
Tarp.
Ýapdy.
Girdi…

6-njy gyraňy

Gürp.
Süsdi.
Tarp.
Ýene-de.
Häk, şahy döwülmiş!...

7-nji gyraňy

Gürp.
Açyldy.
Tarp.
Ýapyldy.
Gurbany boldugym, öwsäýşini!…

8-nji gyraňy

Gürp.
Tozan.
Tarp.
Tozan.
Kakylmanyna iki-üç ýyl bolan bolara çemeli…

9-njy gyraňy

Gürp.
Ýemşerdi.
Tarp.
Göneldi.
Gowy demirden däl ekeni…

10-njy gyraňy

Gürp.
-Kimsiň?!
Tarp.
Jogap ýok.
-Şemal ekeni…

11-nji gyraňy

Gürp.
Ahyry dyndy.
Tarp.
Ýerinde goýdy.
Okamaga takatyň ýetmeýär, ýazmaga nädip takaty ýetdikä?…

12-nji gyraňy

Gürp.
Gutaraýdy.
Tarp.
Ýerinde goýdy.
Dowamy haçan ýazylarka?…
avatar
0
10 Bagabat • 09:03, 09.12.2022
Garaz muň ýalysam kän, haýsy birini teswire ýüklejek :-)...
avatar
1
11 Мango • 10:45, 09.12.2022
Gowja-ja gysga-ja zatlar ken. Sawwol okadanňa.
“Kine”-de “Men-ä günde-de ýuwunýan, seniň özüň haçan görseň …aňkap ýörsüň!-diýip, ters düşünen gelin öýkeledi… “ -diýeňde okuja gelniň ters düşünendigine “düşünmedik bolaýmasyn” diýen ýaly bolup duran ýaly. ‘Ters düşünen” diýmedik bolsaňam ters düşüneni görnüp du-ha. Şoň ýalyja düşündirişli-ugrukdyryjy sözler başga wakajyklarda-da iki-ýeke bar ken.
Ýene bir gezäm sawwol. ‘Kine”wakajygyň mende başga bir wakany ýazmaga höwes oýardy. Ýazaýsammykam. Ýazyp bilsem.
avatar
0
12 Bagabat • 10:54, 09.12.2022
Atalar aýtgysyny özümçeläýin:

"Sorap ýazandan urup ýaz" (Sorap berenden urup ber) :-).
avatar
1
13 Мango • 10:54, 09.12.2022
“sünnet” hekaýajyga “ýama” wakajyk.
Işdeşim işe giç geldi.
Ýa biz soradyk, ýa özi aýtdy:
- O:lişimi sünnet etdirdik (“Oliş” diýdigi aýnap “Oglum-oguljygym” diýdigi. Bu düşündiriş).
Her kim:
- Tüweleme gutly-mübärek bolsun!
Men:
- Osoň, sünnetçi doktor katalog görkezdimi?
- Nämäň katalogy?
- Nähili şekille kesjegini. Bägül şekillimi, tülpan şekillimi… katalog boýunça saýlar ýaly.
- Nätdiňaý, kataloglaram barmy?
- Dagy näme!!! …..
Yzyndanam her kim ala-pakyrdy… :-)
avatar
1
14 Bagabat • 11:12, 09.12.2022
Dünýäde sadalar bar bolawersin, janlaram sag, başlaram dik bolawersin. Ýogsa durmuşda oýun-gülki azrak bolardy.

Waka:

Ýükçi bolup işleýärdik. Onsoň iş azrak wagty dynçhanalyk wagonjykda guşluk çaýyna çykylardy. Aramyzda-da köplenç, gaty şorta, dilewar (il arasynda: “agzyna şeýtan s...ýen”-em diýläýýä :-)) garry garawul oturardy. Elbetde “garry” diýsem, şomat bolsa 50 ýaşlaryndaky adamdyr-da. Özümiz ýigrimmäşiň dälijesi bolamyzsoň, kyrkdan geçen hemme adamlar gözümize mezozoý bolup görünýändir-dä.
Onsoň bir ýa-da iki gezek däl, şo ýaşuly birnäçe sapar şo bir oýnuny ederdi.
Zawod. Köpçülik ýeri. Gelim-gidimli.
Ýükçileň wagonjygam kärhanaň derwezesiniň alkymynda bolansoň her gelenem ilki bilen şo taýyk maňlaý direýä. “Pylany bam-aý? Ýa-da pylanyny görmediňizm-aý?”.
Onsoň guşluga çykyp, çaýy öňümize alýas welin, edil şony peýläp garaşyp duran ýaly, başlaýa. Wagonjygyň gapysy jygyldap açylýar-da, biri kellesini uzadýar. Iň ulymyzam ýaňky garawul ýaşuly - ilki bilen şoňa ýüzlenýä:
-Salowma! Agam pylany bam-aý?
O ýaşulam berlen salamy alýar. Soňam: “ýo, o diýýäniň-ä ýok” diýip, geleni ugradybermelidir welin, nijema gezek gaýtalan henegini jana girizýär:
-Dur, dur inim! Bir munt, bir munt! Hany, howlukma! Bäri gir bakaly!-diýýär-de, geleniň başyny-gözüni aýlap wagona salýar. O bende-de özüne näme diýiljekkä diýip, wagona girýär. Onsoň ýaşuly ony alkymynda oturdýar-da, çaý guýup berýär. Ol gyssanmaçlygyny aýdyp turjak bolsa-da, her dürli gep bilen höre-köşeläp goýbermeýär. Oňa süýt soragyny berýär.
“Inim, sen haýsy obadan? Aslyň kimlerden? Haýsy tireden? Şo obaň haýsy köçesinde ýaşaýaň? Pylanylardan bolsaň pylanynam-a tanamalysyň? Şo nähili adam? Öý-içeri gowumy? Güzeran bilen nädýäň? Mal-gara ot-iým ýeterlikmi? Daýhançylygam etjek bolup görmediňmi? Söwda bilen nähili? Nany nämeden iýýäň? Ata-eneň bamy? Doganlaň nähili? Goňşy-golam oňşuklymy ýa-da gören badyňa: "Şumat Yssalynyň Beriýasy bolaýsaň" diýip arzuw etdirýänlerdenmi?...”.
Garaz müň sorag berip, o bendäni bärik nämüçin gelendigini undar derejä eltýär. Iň soňunda-da içginsiräp oňa sorag berýär:
-Inim, ýaňy sen pylanyny gözläpmidiň?
O bendäňem nämişläp ýöreni güpbe ýadyna düşýär-de:
-Howwo, howwo, agam, gözläp ýörün!-diýip boýnuny üzäýjek bolýar. Bende, özüne ýitiginiň nirededigini aýtjak bolýandyr öýdýär. O degişgen ýaşuly bolsa, onda şo bir agrasdan, çynlakaý keşbini saklap, ahmyr bilen başyny ýaýkaýar:
-Inim, o seň gözleýäniň bizi garyp görýä. Şoň üçinem bir ýerik gitjek bolsa bize daklad etmän gidýä...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203