Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:29
Kofe görnüşleri

KOFE GÖRNUŞLERI

Kofe halamaýan barmy?
Belki-de ýokdur.
Ýöne, şu baristalar bar-a, kofede bir dynnymjyk üýtgeden bolup, täze görnüş oýlap täpyp biziň işimizi kynlaşdyrýarlar.
Onsoň öňüňdäki menýudaky kofe atlaryny tanaman, oňem bir dostumyzyň aýdyşy ýaly "5 ýaşly çagaň Tolstoýyň ýazan kitabyna seredişi ýaly kofeleriň atlaryna seredip"* oturmaz ýaly iň bolmanda esasy kofe görnüşlerini bekinden öwrenmeli bolýar.
Ine, size bir plakat.
Öwrenäýeli.



Espresso – diňe kofäň arassa ajy özeni.
Amerikano – Espressoň üstüne gyzgyn suw goşulýar.
Kapuçino – Espressoň üstüne süýt we süt köpürjigi goşulýar.
Latte – Kapuçino ýaly, ýöne süýdi köp.
Makiato – Espressoň üstüne diňe süýt köpürjigi goşulýar.
Flet waýt – Espressoň üstüne köp bölegi süýt goşulýar.

Ine, iň bolmanda şulary bilsek bolany.

© MANGO

* https://edebiyat.clan.su/news/kofe/2023-10-30-1928
Bölümler: Makalalar | Görülen: 252 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 26
avatar
1
1 Мango • 13:42, 30.10.2023
ajy halasaňyz - ESPRESSO diýiň,
kän ajy islemeseňiz - AMERIKANO diýiň,
süýtli, ýumşak kofe isleseňiz - KAPUÇINO ýa-da LATTE diýiň, bolany.... :-)
avatar
0
2 Medicall • 13:46, 30.10.2023
maňa kapuçino taýynlaýyň, şekerli bolsun özem))
avatar
1
3 Мango • 13:53, 30.10.2023
noş bolsun.
avatar
0
4 Мango • 13:56, 30.10.2023
kofäni howlukman tagamyny duýa-duýa, kiçi owurtlar bilen içmeli. şonda lezzeti, tagamy uzak wagtlap agzyňyzdan aýrylmaz.
soňundanam suwjagaz içäýiň.
näme-de bolsa kofe мочегонный hasaplanýar.
suw ýetmezçiligi bolmasyn.

arassa ajy kofede erbet dädir-ow.
hiç zat goşulmadyk.
barlap görüň.
avatar
0
5 Medicall • 13:59, 30.10.2023
sagboluň, minnetdar))
avatar
0
6 Medicall • 14:03, 30.10.2023
bir ýerde ýanymdakylar ajy kofe diýeňsoňlar menem şony alaýyň diýdim, içdimem ýöne ýerine barmady, gaýtadan kapuçino taýynlatdym
avatar
0
7 Myhman1185 • 11:01, 31.10.2023
Bir dostumyñ dosty aỳdyp berýä:

- Türk kahwesini TV de görsemem içip görmändim. Myhmançylykda hödürlediler. Içdik. Ajyragam bolsa erbet däl eken. Ýöne düýbündäki çäge ýaly ýerini halamadym.

Biz:

- düýbüne golaýlañsoñ içmeli däl.

Ol:

- aý nätfiñäý, bolasy palçyk ýaly yerini loşkalap iyemde geñ gördüler diýỳänle
avatar
0
8 Myhman1185 • 11:04, 31.10.2023
Menä amerikanoñ üstüne biraz süyt goşupiçyän. yartyja loşka süyt paraşogy
avatar
0
9 Мango • 14:08, 31.10.2023
bir marokkaly tanyşym (aşa gyzganç bolansoň) özüçe resept düzüpdir.
1. mugt kofeden birnäçe çemçe;
2. gyrandyň suwundan gaýnag suw (hlor ysy gelse-de).
şeýdip löpür-löpür içip, yzyndanam "baý hezil bold-ow"- diýýämiş.

menem onuň reseptine düzediş girizdim:
1. ullanylan kofe loderesi;
2. grantdan gaýnamadyk sowuk suw (gaýnatsaň gaz ýa tok gidýär);
3. holodilnikden bir-iki bölek buz oklamaly.

buzly, sowuk kofe bolýar.
ylalaşdy.
meňkini özüniňkiden ekonom gördi.
ýöne, buzy artykmaç çykdajy görjek boldy.
avatar
0
10 Мango • 14:12, 31.10.2023
menem duşdym ilkinji gezek türk kofesine içýäne.
olam içip bolup, soňuny çaşkasynda bulap-bulap, çaýkap başlandan aýdyp ýetişdim löderesini içmeli däldigini. tas hopurdatýady ýöne.
türk kofesiniň gowy ýeri gyzgynjaklygy, erbet ýerem dury däl-dä, nämede bolsa biraz bulanyk.
avatar
0
11 Мango • 13:12, 01.11.2023
düzediş:
ýokarky agzan kofe usulynyň ady: LAPÜRÇINO.
şo usulda taýýarlanýan kofäni toýlarda içip görensiňiz.
mugt kofe we mugt gaýnag suw. :-)
avatar
1
12 Medicall • 09:00, 07.12.2023
hany onno işimize gyzgynjak kofedan başlalyň,

maňa kapuçinoň gapdalyndan akpamikus kökedenem alaýyň))
avatar
0
13 medi • 18:58, 17.02.2024
Iň gymmat kofenäni bilýäňizmi? Hindistanmy, Taýlantmy özä pilleriň köp ýurdunda taýýarlanýar. Pillere kofe berip tezeginden taýýarlaýalar.

Şeý diýip işdeşlerimiň ýanynda aýtsam, bütün kollektiw üstümden güldi. Şol wagt nete baglanýan telim ýokdy, döwülipdi. Öýe gelip başga biriniň telefonundan internede girip. Gözläp tapyp, suratlaryny alyp, kompuma geçirip. Işe äkidip baryna görkezip çykdym. Onsaňa ýumdylaram weli...

p.s Şol barada mowzuk açsana @mango! Gyzykla bolardy
avatar
1
14 Seýrаn • 09:38, 24.05.2024
Bu temany öňe süýşürip gowy edipsiň, Nurdan!

Kofe diýilse dünýä aýlanmagyny goýýar. Ysy üçin goşgy ýazanyňa-da degýär. Hatda, demlenişem sungat. Sungat bilen kofeni biri-birinden aýyrmaýan men-ä. Eger sungat adamsy kofeni halamaýan bolsa zor bilen öwredesim gelýär. Ýogsa eser gurak görünýär.

Mango gowy edipdir temany açyp, bu suratdakylar iň esasy kofe görnüşleri, muny her bir adam biläýmeli (!).

Edebiýat Kafesine gelişýän tema!
avatar
1
15 Medicall • 09:51, 24.05.2024
Noş bolsun!
avatar
0
16 Мango • 11:13, 24.05.2024
meni hakyky däneli kofä oturdan bir dos owlan-ma.
oň özi şeýle bir kofäň manýagy welin, taýýarlanan kofäň löderesinem musora dökenokdy. aýratyn pakede ýygnaýady...

-ine bu arassa arabiko, bu robusta, bu 70% robusta we 30 % arabika.... diýip hersinden taýýarlap dadyryp görýädi....
men şonda-da kän tapawudyny bilip bilemok. bir bilýänim: kofe turşy kaksa ol arabikadyr. garylany kem däl. ýöne käwagt turşam kem gidenok.

süýt bilen zaýalasalar kän halamok. 
ýöne ýeňil içesiň gelse süýdem goşýalar...

kofe* gowulaý, ýöne...
(rastworimyý däl-de däne kofe).

özem gowy, ysam gowy, soňundaky agyzda galýan tagamam gowy...
gowuda-gowy...
avatar
0
17 Aýgül_Garaýewa • 11:14, 24.05.2024
Maňa Essssspresooooo! Näçe ajy bolsa şonça şat.
avatar
0
18 Mekan2 • 11:35, 24.05.2024
maňa gyzgyn şokolad, ýok bolsa kakao-da bolýa.

espresso diýip, näme, çaşkaň düýbünde kofe ýokundysyny getirýäler, zat bolanok, aňryňa habar, bäriňe tagam. ep-esliň ýarynam töledýäler. bilmeýän-ä, o zatlary özi etmelidir öýdüp, çaýkap bir gyra serpmegem ahmal, içinden-ä "bäh, çaşkany kofä çaýkaýan ekenleraý. hem çaşka gyzsyn, hem kofäň tagamy çyksyn diýýändirler-dä" diýip, daşyndanam "çaýkadym, indi kofe guýup getiräý" diýip...
avatar
0
19 Aýgül_Garaýewa • 12:33, 24.05.2024
Mekan, sen garnyňam doýurma hyýalyň bardymy kofeden? Ýany bn çörek zakaz edäý onda))
avatar
0
20 sussupessimist • 18:19, 24.05.2024
Espresso az hasaplayanlar doppio içibermeli. Onam az görseň, lungo bar (suwuny köpräk edyäler) 
Özüm-a her günümi flat white-dan başlamagy endik edipdirin. Bu yerde biraz yalňyş suratlandyrylypdyr. Ilki eslije süyt guyulyar. Soň espresso. Şeydip sazlaşyk tapylya. Kan wagt bolanok oydyan reseptiniň tapylmagyna. Taze Zelandiyada bolsa gerek.
Garaz, soňam eyyam yadaw wagtym, obedden soň ukym tutup ugramanka doppio edinyan
avatar
0
21 janjennet • 19:20, 24.05.2024
bäää))) (teswirleri okap ýylgyryp hezil etdim) men ä kofýada bilemok. aýdan ýyldan bir ejemi ýallaklap bir loşkajyk ýakobs, jukguldap jukguldap onam:D

Kofýany öwüberseňiz çaýyň göwni galmazmyka) göwni garnam ýokmyka ýa.
avatar
0
22 janjennet • 19:26, 24.05.2024
meň üçin ä çaýdan gowsy ýok, buzam atma, püsegem. suwyňy gaýnatda, termiziňe demle, halan wagtyň içiber.
avatar
0
23 janjennet • 20:20, 24.05.2024
arada Şabazda jora gyz kofe sargalymy çaý diýdi wln, Mango daýyň şu mowzugy ýadyma düşdi. Menem kofýaçy bolmamsoň, kän ünsem bermändim makala. Seýran Otuz agaň hekaýasyndaky ýaly "şekersiz kapuçino" diýäýjegem boldym da. jahylyň alymsyrap otyrşy ýaly masgaraçylyk bolaýmasyn dp, mangoly çaý bn oňuşdyk :D
avatar
0
24 Seýrаn • 00:25, 25.05.2024
Şabaz bizge ýat bolup barýar erdi. Ençe aý aşmyş meýman bolmadyk. Kappuçino sargardyk we janymyza noş bolardy.
avatar
0
25 janjennet • 02:34, 25.05.2024
bizem tutuş iki müçede iki gezek gidip görmüşüz. biri araky ahranam bn tötänden. birem Şabazdaky. onna da daýzalam mama jaň etdirip, "nirden tapyndyň joraňy, çaý içen bolduňyzmy, näm işlediňiz, utanaňokmy" ýogsam ýöriteläp kiçijik janly Zapisiňem elinden tutup, yzyma tirkäpdim le.
avatar
0
26 begenc • 04:27, 25.05.2024
Kofeň gowusy Şewçenko metjidiň ýanyndaky (Zelili köçesi) kafeda eken. Mahabat üçin töleg almadym, ýöne 8 aýlyk gözlegiň netijesinde kafe-bar aýlanyp tapan ýerim şol.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202