22:54 Syýasyz ýazylan ýazgy | |
SYÝASYZ ÝAZYLAN ÝAZGY Ymam Gazaliden täsirlenip Kagyzda Syýanyň ýerbe-ýer ýazan harplary, sözleri, sözlemleri... Soradylar Kagyzdan: Näme boldy ýüzüňe, tämizdiñ ap-akdyň. Bu gara nireden? Sebäbi näme? -Ýüzümiň garasy mendenmi? Syýadan sora ony. Zulum etdi, depäme guýuldy... Syýa diýdi: Çüýşededim, rahatdym. Çykmak niýetim ýokdy. Emma, Galam indi depämden, watanymdan gopardy. Getirdi, serpdi ak kagyza. Git, hasaby Galamdan sora. Galam: Elden-barmakdan sora. Çünki, men gamyşdym, kökümden kesdiler. Pyçaklandym, artyldym. Uçlandym, dilindim... syýa batyryldym. El işletdi meni. Erk mende däl. Ýarama duz sepme, uzaklaş menden. El jogap bersin. El jogap berdi: Men - et we gan. Gördüňmi heý, özünden hereket eden? Men boýny bükük hyzmatkär. Hojaýynym - Gudrat. Meni gymyldadýan, gezdirýän ol. Topraga, daşa, agaja seret. Ýerinden gozganýarmy? Ölülerede syn et. Olaryň galam bilen bagy ýok. Meni galama baglan Gudrat. Men onuň guly. Gul hojaýynyň emrine boýun. Git, Gudraty diňle... Gudrat Erke iberdi. Erk Iradä ýollady. Irade Ylyma, Akyla, Kalba... Akyl diýdi: Men bir nur - ýanmadym, ýakyldym. Kalb diýdi: Men bir parça kagyz - döremedim, döredildim. Ylym diýdi: Men bir nagyş - akyl nurynyň yşygynda, kalb kagyzynyň ak ýüzüne ýazylmadym, ýazdyryldym... * * * Garynja barýar. Harplaryň, sözleriň, sözlemleriň arasy bilen. Diňe bir sebäpkäri gördi - Galamy. Ne Eli, ne Gudraty. Ne Erki, ne Iradäni. Ne Ylmy, ne-de Akly.. Görmedi. Sen gör. Galamy gör. Ol galamy - Gamyşdan bolmadyk galamy. Kagyzdan bolmadyk depderi. Syýasyz ýazylan ýazgyny. Oka! “...galam bilen ýazmagy öwretdi. Ynsana bilmeýän zadyny öwretdi”. © MANGO | |
Bölümler: Oýlanmalar |
Görülen: 216 |
Mowzugy paýlaşan: Мango
| Teg: |
- Aýnadan
- Tämizlikçi. Mugallym
- Iki güni deň bolan, zyýandadyr
- Kitap bezegi barada
- Eljernon üçin güller / 8
- Men eşek
- Gülki. On dördünji onluk
- Terjime edeliň
- Taýyňy tapmak
- Saňa surat. Çaga ýaly garry