Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:03
Towuk ketegindäki ördek
TOWUK KETEGINDÄKI ÖRDEK

Ýazyp-pozup ýören adama, obada ýaşamak kyn düşer eken. Sebäp diýseň, obada geçen her güniň bir kitap, her pursatyň bir hekaýat. Ýaman ýeri, bu günde-günaşa gözüň kaklyşyp duran dürli-dürli hüý-häsiýetli (häsiýetsiz), gylykdyr adatly sähraýylaryň her bir-her bir hereketlerini gür berip, aňy ýerindäki adamy ynandyrjak gümanyň ýok. Ine biziň Gahrymanyň kösenýän zadam şol. “Öz aklym almaýan zatlary ýazyp, kimi ynandyraýyn”-diýiberýär. Köçä çykyp, il gezere hajat ýok. Öýünde bolýan zatlaram ýetik.
Meselem, aýdaly: “Sen çenden aşa gowy. Bu bolşuňa hor bolarsyň”-diýip igenç eşidip gördüňizmi? Gören dälsiňiz. Muň üçin Gahrymanyň kakasy dek kakañ bolmaly.
Geldik kakaly gürrüňe. Gürrüňçil adam. Bir başlasa, gepini owadanlajak, uzaltjak bolup ýalan bolsa-da goşup otyr, çyn bolsa-da ýelmäp otyr. Soň haýsy ýerde lap aýdanyny, haýsy ýerde galp goşanyny anyklajak bolýan ýaly bir säginer-de, ýene goşar gider oturar. Ýagjymak ýüzi ýalpyldap duran, daýaw adam.
Diline düşen özüň bolma. Igiledip ýykar. Otursaň ompy, tursaň tompy. Ötüp barýana kömek etseňem günäkär sen, birki agyz hoş söz berseňem günäkär ýene sen.
Erkek diýeniň tetirräk bolar. Ýör diýeniň yzyna düşüp gidip, iki dogup bir galanyňmy? Gelip biri saklady-da, oňam sumkasynda derman-därimi bir bolmasyz zat çykdy-da...
Köne tanyşyňy gören ýaly boluberýäň. “Şuny tanaýaňmy? Ýör onda senem” diýdiler-dä?
Garaz yrsarajaga bahana gytmy? Ejesi görgüliň-ä etine et goşuljak gümany ýok. Hamy süňküne ýapyşyp, syrryşyp ýatyr. “Adam gulagyndan semrär” diýenleri çyn-ow.
Ejesi hakda kelam agyz: Maýasy mähirden, uny ýakymdan, suwy söýgüden alnyp, ýumşajyk ýugrulan çepiksije aýal. Ýylgyranda arryk ýüzüniň çepine iki sany şilliň 3-lik, sagyna-da şolaryň aýnadaky şekili ýaly iki sany syrdam “E” harp ýazylýar. Maňlaýynda bir bent “goşgy”. Öňem az sözlidir welin, ojagaz iki agzynyňam biri “Balam”, biri “Çagam”.
Tur balajygym, çaý demläp goýdum.
Ym-hym.
Ine-de Gahrymanymyzyň özi. Azajyk ukuçylrak. Ejesinden beter arryk, şondan beter kemgep, söwdaýy ýigit. Ýokary okuwy tamamlap geldi. Işe durmaly wagtam azalyp ýör.
Ukudan turan badyna şetdala dönen gözlerini owkalaşdyryp, depderine ýapyşar.
“Dyzyna çenli myžžyk bolan etegi agyrlaşyp, onuň eginlerinden aslyşa-aslyşa badyny alyp barýar. Yzynda-da çal möjek...”
Düýşümi hyýalymy bir zatlar-a ýazyp ýatyr.
Il hatary çaýyňy iç-de, mal-gara aýlan. Şol bolgusyz hat-çotuň kimiň garnyna çörek bolup girjek?
Okap ýören döwürleri onda-munda birki ýazgysy çykanda, ejesin-ä petikden düşürmek iş boldy. Kakasam agyr göwre bolansoň, oturan ýerinde bolsa-da az begenmändi. Indem “Bu çyr-çyrşagňy şundan-şoňa - Aşgabadyň gazetine äkitjek bolsaň, ýolam-a mugt däl” diýip bir çykdy, (bir ýygynda gulagynda galan şulardyr-da) “Görogly” barka “Waýna mir” barka, seň bulaňňy kim okasyn” diýip bir çykdy. Görogly kim diýseň, bolmanda “ Murty dyzzaryp duran, özem taýzaryp duran bir pälwan bolupdyr. Ile ot ýakdyrmandyr” diýip biljegem gümana.
Barýa-an.
Şoň bilen mal-garaň, towuk-tanaň hysyrdysy başlanar. Towuk tana diýende. Bu obaň towuk-tanasam namysjaňmydyr-eý, utanjaňmydyr-eý. Adat-a däl. Ine biziň gahrymanyň ýüregini gozgan bir waka boldy. Ol bu hakda ýazmakçydam. Iki garagy bilen görüp, özi zor aýakdan ynanansoň, “Muny ýazsam “samsyk” diýerler”-diýip, pälinden dändi.
Okuwy gutaryp geläýen uçurlarydy. Ejesi “Ketek gugaryp durmasyn, (Muň sebäbini aýtsak, gürrüň gaty uzajak. Başga gezege goýaly) balajygym. Üç-dort sanyja towuk getir, güýmenj-ä bolar”-diýip, bazara ugradypdy.
Sekiz sany jüýjeli ene towuk getirdi. Kürk-de-kürk, jüýp-de jüýp. Bir ketek güýmenje. “Iki aýakly iki günde”-diýip, şu towuklara aýdylan bolaýmasyn. Baý-bow, guýruk-guşgun çykaryp, ganat-per ýaýyp, gününi sanap barýalar asyl.
Şol gowy günleriň birinde kiçijik maşgala, doly düzümi bilen potrat ýerleriniň otagyna gitdi.
Haý ysnat! Ony eýt, muny beýt-diýip, söwüdi saýalap ýatmak üçin kakasam gitdi.
Gün uzyn kätmen aýlap urup sütüni süýneni haýsy, gepleý-gepleý damagy taklap, agzyndan tozan çykyp ugrany haýsy, gelip görseler, ketekde it uwlaýar. It bolsa-da ýanjak däl-güjük. Çykyp bilmän iki ýana at salyp ýörşüne, bir waňňyrýa, bir çyňsaýa. Jüýjeler bilen towukdan derek ýok. Ýelekler-ä bar.
Giren ýerinden çykyp gidäýmäge akly çatmadyk güjük eýesiniň öňünde, eýesem goňşusynyň öňünde ýüzigara boldy. Soň ony dört gezek dagy sürgün etdiler. Dördüsinde-de gaýdyp geldi. Ahyry bilinden-boýnundan pugta nogtalanyp, ýaş başyna zynjyrbent bolup galdy.
Şol günüň ertesi, ene towuk gyk-gyk edip, jöwen atyzyň içinden çykyp geldi. Kürküldem ýok-pürküldem, jüýje-de ýok jümürem. Soň ol iki günläp iým-suw datman boýnuny burup ýatdy-ýatdy-da, üçülenji gün tok uran ýaly birki gezek pasyrdap, hereketden galdy. Ejesi içinden “Balajyklary bolmansoň uzaga gitmed-ow, janawer”-diýdi. Kakasy daşyndan “Jan bermegem oýnawaç däl-ow” diýdi. Gahrymanymyzam hiç zat diýmän jaýyna girdi-de depderini açyp oturdy-oturdy, ýapdy-da ýatyp goýberdi.
Ketegiň böwsülen böwri ýamaldy. “Boş durmasyn” bahanasy bilen, ejesi ony ýene bazara ýollady.
Gel bratok, dogup oturan indýuk. Saňa bereýinle şuny-diýip, oturan adamyň deňinden “Henizem dogup gutarmandyraý bi”-diýip, içini hümledip geçdi-de, arzanjak gabat gelip, sekiz sany ördek jüýje aldy.
Jüýje diýeňde-de aljak agramynyň, ýaryndan gowragyny alan, kämillige ýeteňkirlän ördekler.
Goňşulary täze sesi yzarlap gelse, güjüginiň boşadan ketegi wak-da-wak.
Weý, goňşy, bu peläketleriň ýarpy göwresi palçyga batyp durmasa, sesi ýatýan däldir. Bow, men gaty kän gördüm bu nägehanlary.
Eýesi “Towuklaryň arasynda sakladym, artykmaç suw gerek däl. Ýaman arassaçyldyr” diýdi.
Eýesi poh iýipdir. Sen meni bil. Diýýänä “Köp gördüm” diýip.
Täze gazylan howuz suwdan doldurylyp, ketegiň agzy açyldy. Towuk ketekde kälä gelen ördegiň uçup ötä gitmejegi köre hasadyr welin, bu tüki ýüzüşdenem galjagy kimiň oýuna gelipdir. Bu işi gaýdanlaň göbegine suw degmedik bolsa nätjek. Eňrekde durup, boýunlaryny soza-soza hürpüldeden bolup durlar.
Bu-da oňa ene towukly wakadan az täsir etmedi. Meň bilişim çyn bolsa, ol ýüregini bire baglap, bu hakda ýazybam ýördi.

21.08.2018.ý

© Umyt KÜLE.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203