17:05 Ýesir düşen bagban, solan güller | |
ÝESIR DÜŞEN BAGBAN, SOLAN GÜLLER... Bagy-bossanym bar, Bagymyň gülleri, Güllerimiň bagbany bar. Dünýäniň derdi bilen unutdym bossanymy. Bu gün nazar saldym o ýan. Görsem... güllerim solupdyr. Bagbanym ýesir düşüpdir. Bagbanymy zyndandan tapdym Eli-aýagy zynjyrly, gözleri ýaşly. Daňypdyrlar mežnun ýaly. Bendilikden halas etmäge gurbatym ýok. Gaýrat atym gaýra tesdi. O zyndanyň Soltanyna ýarbardym: "Halas et ony!" Meniň ahy-zarymdan Soltan uýaldy. Halyma dözmedi... *** Magtymgulydan ýokarky waka. Magtymgulynyň şeýle goşgularyndan lezzet alýan. Haýran galýan onuň fantaziýasyna. Geň hallara düşýäň. Ýokarky ýazanlarym ýöne, giriş hökmünde, originala has gowy düşünmek üçin etdim. Ýöne wakanyň soňyna düşünmedim. Soltan (Allah j.j.) näme karar berdi. Netije nähili boldy? Gaýrat edip düşündijek tapylmazmyka? Magtymgulynyň "Ygtyýarym alypdyr" atly goşgysy şeýle: Pany pelek gerdişinde içdigim gan bolupdyr, Günde ýüz müň jebir bilen ygtyýarym alypdyr. Gaflat ukusynda ýatyp, seýl etmedim bossanyma, Bu gün nazar salsam ol ýan, çiçeklerim solupdyr. Bagbanymy alyp ýesir, göteripdir bu pelek, Ugrunda sepil ýörüp tapsam, çaýa salypdyr. Desti-paýa urup zynjyr, mejnun kibi daňylan, Ol zyndanyň gapysynda zary-girýan galypdyr. Bendilikden boşadara bir gurbatym ýok meniň, Gaýrat aty gaýra tesip, ömrüde gojalypdyr. Ol zyndanyň Soltanyna diýdim: “Halas kyl ony”, Zary-girýanymy görüp, ol Soltan uýalypdyr. Diýdi Soltan: “Bent kylyňlar alnymdadyr, bu guly”, Magtymguly öz dilinden gör, bagry gan bolupdyr. | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |