Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:44
14-nji fewral - Halkara kitap sowgat bermek güni
14-NJI FEWRAL — HALKARA KITAP SOWGAT BERMEK GÜNI

Her ýylyň 14-nji fewralyny adamlar, adatça, Söýgüliler güni diýip bilýärler. Mundan başga-da, 14-nji fewralda Halkara kitap sowgat bermek güni bellenýär.
Bu şanly sene çagalaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak üçin meýletin öňe sürlen başlangyçdyr. Baýramçylyk 2012-nji ýyldan bäri 44 döwletiň kitap söýüjileri tarapyndan bellenýär.
Bu gün çagalaryňyza, maşgalaňyza, ene-ataňyza täze kitap sowgat etmek üçin ajaýyp pursatdyr. Şeýle-de kitap söýüjileriň köpüsi bu gün çagalar kitaphanalaryna, mekdeplere, terbiýeçilik öýleridir haýyr-sahawat guramalaryna täze ýa-da ozal okalan kitaplary sowgat berýärler.
Bu gün — Söýgüliler gününde söýýän adamyňyza ýa-da islendik çaga kitap sowgat etmek siziň üçin goşa şatlyga öwrüler.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/su-gun-halkara-kitap-sowgat-bermek-guni-dbaf9c. 15.02.2023ý.
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Salamnews.tm | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 13:12, 15.02.2023
şeýle gep bar:
ýalbaryp duran birine okamaga kitap beren - samsykdyr.
ol kitaby okap, yzyna eltýän hem - samsykdyr.

birhilimi?
kitap soramak samsyklyk, bermek samsyklyk, yzyna getirmek samsyklyk.... :-)
avatar
0
2 Bagabat • 14:10, 15.02.2023
Biri beýlekiden soraýar:
-Okan kitaplaryňda özüň barada aýdylan ýaly ýerlerine duşduňmy?!
-Hawa.
-Haýsy kitapda?!
-Psihiki bozulmalaryň uly düşündirişli sözlüginde.

Ýazyjy özüniň: “Men nädip millioner boldum” atly kitabyny neşir etdirmek üçin hemaýatkär gözleýär.

Billi Geýts her bir ýazan kitabyny iki jiltde ýazýar. Ikinji jildi birinjisiniň “obnowleniýasy”.

Aýal edil açyk kitap ýalydyr. Ýöne ol hytaý ierogliflerinde, kwant mehanikasy barada ýazylandyr.

Öý hojalygyny ýöretmek boýunça gollanmadan alnan jümle:
“Unitaz - bu öý bikesiniň ýüzüdir”.

Millioner Jeýms Gowartni kitap ýazyp, neşir edipdir. Bir aýlap hiç kim onuň kitabyny satyn almandan soň, ol, gazetde gysgajyk habar çap etdiripdir: “Millioner Jeýms Gowartni öz kitabynda keşbini çeken gyzy ýaly gyza öýlenmek isleýär”. J.Gowartniniň kitaby üç günde dükanlardan ýom-ýok bolupdyr.

Ýigit bilen gyz diskotekada tans edýärler. Ýigit gyza lak atýar:
-Men seni edil iň gyzykly çeper eser ýaly edip okasym gelýär!
Gyz sülmüräp jogap berýär:
-Onda näme diňe daşyny sypap dursuň?!...

Bir okyjy dostuna zeýrenýär:
-Men galyň romanlary okap bilemok. Gahrymanlaryň we wakalaryň köplüginden ýaňa başym aýlanyp başlaýar...
Dosty maslahat berýär:
-Onda “Robinzon Kruzony” okaýsana...

Adamyň öz-özüni kämilleşdirmegini öwredýän kitaplaryň ählisi, Maýamide ýaşaýan adamyň Magadanda ýaşaýan adama “rahatlyk zolagyndan” (zona komforta) çykmagy maslahat bermeginden ybaratdyr.

Kinoteatrda syçan kinofilmiň lentasyny gemirýär. Deňesinden geçip barýan başga bir syçan ondan soraýar:
-Nähili, gowumy?!
-Kitap görnüşindäkisi has gowudy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203