Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:35
Güýz geçmesin!
GÜÝZ GEÇMESIN!

Tylla saçlaryny çözläp çar ýana,
Duýguçyl ýüregi alar lerzana,
Neneň gözel görnüş - ýapraklar täne,
Çeker göwne kämilligiň keşdesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Gül güýzüm, gujagy lälezar güýzüm,
Jadyladyň, sende näme bar, güýzüm?
Ömür kitabynyň sahabyn düýrüp,
Bagt serpaýly günler basym ötmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Ýassanyp ýapragyn döken baglara,
Sergezdan ýellere keýpim çaglaýa,
Men ýaňadan aşyk bolup barlyga,
Hanha, bulut typyp, seçdi pişmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Dat edipdir dargynjyran duýgular,
Ýagmyrynda ýagty oýlar durlanar,
Gül mekany öwzar saýan durnalar,
Toýnak gurap, alyslara göçmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Hyjuwlanyp, howalanyp howundan,
Owurtlapdyr aklym ylham suwundan,
Dideden daşlaşmaz, kalpdan kowulmaz,
Göwne uçgun syçraýşyna teşne men,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Dile gelip bilmän gursakdan ugran,
Sözlenmedik sözler şemal deý şuwlar,
Kalbymyň gaý-tupanynda arzuwlar,
Ýaprak kimin galgap, ýere gaçmasyn,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Gögele göwnümiň galmaz armany,
Güýz bolup keşt etsem datly dünýäni,
Zemin zybalygy, arşyň permany,
Tebigata berlen taýsyz peşgeşdir,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Sözlerden ymarat guran ýazarym,
Basan topragyňa gurban nazarym,
Güýzüň hak aşygy Gurbannazaryň,
Damjalarda owazyny eşdersiň,
"Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin "

© Mahym NURGELDIÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 29 | Mowzugy paýlaşan: Zenan8609 | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Zenan8609 • 17:54, 10.11.2024
Awtor Mahym Nurgeldiýewa
(Ýene oňarmadymda mowzugy dogry açyp)
avatar
0
2 Мango • 14:27, 11.11.2024
men-ä güýzüň näçe gowulyklary baram bolsa "güýz geçmesin" diýmezdim.
dört paslyň dördüsem öz ýerinde, öz hyzmaty bilen ajaýyp.
(gep pasyl barada gitmeýänem bolsa...)

güýz gitmese gyş gelmez.
gyş gelmese ýaz gelmez.
ýaz sowulmasa tomus bolmaz.

aýlanyp ýene güýze ýeteris...
dowam edibersin bakalay. durmasyn.

---
Mahym hanyma-da berekella diýýän.
avatar
0
3 Aýgül_Baýadowa • 14:54, 16.11.2024
Hemme zat öz wagtynda ýagşy. Toýa-da "Çaltrak gutaraymal-a" diýýän men-ä, dogrusy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203