Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:45
Madawly ýazyjy

MADAWLY ÝAZYJY

Öz-özüm bilen ikiçäkkäm siz bilen sessiz söhbet edýän mahalym wagtal-wagtal
bolup dur. Ýöne olaryň ählisini ýazga geçirmäge mümkinçiligim ýok. Ertire goýaýýaryn.
Her bir günüň aladalary bolsa özünede ýetik. Arada ýaş döredijilik işgärleriniň iki sanysy jedele gyzyşyp otyrkalar üstlerinden bardym. Olar anyk tutarykly deliller getirip bilmän, Annageldi Nurgeldiýew bilen sizi — Annatagan Nurgeldiýewi açyk tapawutlandyryp bilmän, hersi özüniňkini dogry etjek bolýardylar. Onsoň ýaş galamdaşlarymyň ikisini-de tananlygym üçin gapdallaryndan men hem at goşup, «gordurmaly» boldum. Olara gürrüňi edilýän iki ýazyja-da beletligimi, Annageldi Nurgeldiýewiň ömür boýy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işländigini, kazyýet oturdaşy bolup,bu işe-de goşulyşandygy üçin köplenç jygba-jygly başdan geçirmeler, aýdylyşy ýaly detektiw eserleri ýazandygyny, beýlekisiniň, ýagny siziň — Annatagan Nurgeldiýewiň bolsa obada ýaşap, mekdepde mugallym bolup işlände-de, oba arçyny mahaly-da, suw edarasynda ýolbaşçylyk edende-de romanlar, powestler, hekaýalar, hekaýatlar, ýaşan sebitleriniň taryhy şahsyýetleri bilen bagly
makalalar ýazandygyny düşündirdim. Olaryň bir däl-de, iki ýazyjydygyny düşündirjek bolup, ebeteýini tapman duran ýaş galamdaşym «Madaw...» diýenimden sözümi agzymdan kakyp aldy:
— Hawa, olaryň biri Madawdan, madawly ýazyjy, biri bolsa Aşgabatdan — diýip, aýlawda aty çykana döndi.
Hakykatdan-da sizi öz ýaşan döwrüňizde Annatagan Nurgeldiýew diýip doly atlandyryp ýörenlerinden «Madawly ýazyjy» atlandyrýanlar kändi. Siz ömrüňizi Etrek etrabynyň şol obasynda ýaşap geçirdiňiz. Obada ýaşanlygyňyza, gazetžurnal redaksiýalaryndan, neşirýatlardan, merkezi döredijilik edaralaryndan uzakda bolanlygyňyza garamazdan «Bäş käkilik», «Gaplaň çagasy», «Bedew takdyry» ýaly powestlerden, hekaýalardan, hekaýatlardan ybarat kitaplaryňyzy neşir etdirdiňiz. «Baýram han» romanyňyzy özbaşdak kitap görnüşinde okyjylaryňyza ýetirdiňiz. Aba serdar hakyndaky heniz
çap edilmedik «Çarhypelek» romanyňyzy ýazyp tamamladyňyz.
Ömrüňiziň soňky ýyllarynda has-da öndümli işlediňiz. Hekaýalaryňyz köplenç «Edebiýat we sungat» gazetinde çykdy. Göwrümli eserleriňizden bölekleri «Balkan» gazeti birnäçe sanynda dowamly çap edeni ýadymda. Ýazyp oturan, iş stoluňyzyň üstünde bölekleri galan powestleriňiziň ady bolsa «Yşk säheri». Ony maňa körpe iniňiz Hojamämmet aga görkezdi. Dogrusy, siziň ykbalyňyz bilen bagly öz diliňizden eşitmedik birentek maglumatlary men Hojamämmet agadan eşitmeli boldum.
Ondan sorap bilmeli boldum. Etrek jelagaýlarynda siziň Annatagan adyňyz bilen tanalman, Arçyn aga adyňyz ýörgünli bolmagynyň-da bir emmasy bar ekeni. Ol siziň Madaw obasynyň arçyny bolanlygyňyz bilen galtaşmaýan eken. Size ady dakylan öňki Annatagan hem öň şu töwerekde arçynlyk edipdir.
Onda-da ýöne-möne arçyn däl-de, halka-ha özüni syladyp, özünden ýokardakylara-da gepini-sözüni düşündirip, ýöredip bilýän agyzly-dilli arçyn bolupdyr. Özüne sözüň doly manysynda «Arçyn aga» diýdirmegi başarypdyr. Göwnüme bolmasa, öz tanaýşym boýunça, gerek ýerinde hakykaty goramak üçin garadan gaýtmaz gönümelligiňiz, hiç kime meňzemeýän käbir özboluşlyklaryňyz şol öňki Annatagan arçyndan ýaly bolup dur. Siziň ähli kitaplaryňyzyň, eserleriňiziň awtory Annatagan Nurgeldiýew diýlip görkezilse-de, siziň resminamalaryňyzda at-familiýaňyz Arçyn Nurgeldiýew diýlip ýazylypdyr.
Orta mekdepde okap ýören döwrümden ýazyjy hökmünde tanaýanlygym üçin käbir goşgularyňy, poemalaryňy, rubagylaryňy soň-soňralar gazet-žurnallardan okap, «Gowy kyssaçyka näme üçin indiden soň şahyr diýdirjek bolup ýörkä?» diýip, redaksiýalarda işläp ýören mahallarym pikir edipdim. Telim sapar aýtmaga çemeleşsem-de, ýaş kiçi hökmünde birhili, ýaşululyk hatyraňyzy saklap, dilimi dişläpdim. Siz hem galamdaşlaryňyzyň köpüsi ýaly ilki goşgy ýazmak bilen edebiýata gelen ekeniňiz. Maňa muňa degişli käbir maglumatlary ele salmak başartdy. Men muny indi-indiler bilip ýörün. Käbir goşgularyňyzy ýurdumyzyň meşhur halypa bagşylarynyň biri Seýden Dagdanow men heniz çaga mahalym aýdyma öwrüp aýdar ekeni.

Ine, şahsy arhiwiňizden alnan maglumatlaryň biri. Ozaldan maňa tanyş hat bilen ýazylypdyr. Bada-bat tanadym. Goşgynyň ady «Oksana».
Goşgynyň adynyň aşak ýanyndan ýaýyň içinde «(Ukrain gyzynyň ady)» diýlip ýazylypdyr.Goşgynyň aşagynda «15.06.1974 ý.» senesi goýlup, «Nurgeldiýew Annatagan» diýlip, öz eliňiz bilen familiýaňyzy, adyňyzy ýazypsyňyz. Ony aýdyma öwren obadaşyňyz Seýden Dagdanowdan toý-baýramçylyklarda, oturyşyklarda ürç edip aýdypdyr. Goşgynyň ýazylmagynyň aňyrsynda-da durmuş hakykaty ýatyr. Ol siziň harby gulluk döwrüňiz bilen bagly. Şeýledigini Seýden Dagdanow hakynda «Balkan» welaýat gazetinde çykan makaladan bilip galdym. Siziň irki döredijiligiňizden ele salnan goşgulardan biri bolsa, «Akmaral». Gyzyklanyb-a görmedim, ol hem ir döwürlerde Esenguly, Etrek etraplarynda aýdym edilip aýdylan bolsa gerek. Ýazylyş äheňi şoňa kybap gelýär. Onuň astynda bolsa öz hatyňyz bilen familiýadyr adyňyz ýazylyp, «03.03.1975 ý.» sene goýlupdyr:

Ýaşlykdan ýadygär bir mukam düzdüm,
Dünýädäki hemme barym, Akmaral!
Ajy gözýaşlara bagrymy ezdim,
Niçik diýeýin men «ýarym», Akmaral!

Hany umyt bilen bakan gözleriň,
Janyma ot salan şirin sözleriň?!
Gyşyňy köp gördüm gelsin ýazlaryň,
Baglarymda biten narym, Akmaral!

Mahmal saçlaryň-da aýagym baglar,
Meniň ykbalyma durnalar aglar.
Meňzeş biri geçse nazarym eglär,
Gijeler-gündizler zarym, Akmaral!

Ýüregimde goýduň dag ýaly arman,
Haýsy aşyk geçdi gyza ýalbarman.
Senden özge, läläm, ýok maňa derman,
Kirpikleň jan algyç, tirim, Akmaral!

Erikler gül açar, gülüm açylmaz,
Söýgüsiz ýar mähir bilen guçulmaz.
Ýaşlykdaky hata ömür geçilmez,
Şirin gussa berdiň dürüm, Akmaral!

Munuň aňyrsynda-da syry özüňiz bilen giden durmuş hakykaty ýatan bolmagy mümkin. Men muny hekaýalaryňyzyň özeninde-de şeýle döredijilik aýratynlygynyň ýatanlygy üçin aýdýaryn...

Ine, durmuş özenli goşgularyňdan Seýden Dagdanowyň ir döwürlerdäki aýdan ýörgünli aýdymlarynyň biri. Siz ony 1973-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ýazypsyňyz. Dogrusy, ony okan mahalym Madaw obasynyň daş guýusy göz öňümde janlanyberdi.

Säheriň ter jereni,
Göwnüm uçar tiz taýa.
Assa basyp, sülmüräp,
Gel, daşguýa, daşguýa.

Günem ýaňy ýaşandyr,
Gara gözli üýşendir,
Jakgyldaşyp gülşendir,
Gel, daşguýa, daşguýa.

Hanha, tanyş ýodajyk,
«Ýigit nirde?» diýdejik,
Jigiň öýde goýdajyk,
Gel, daşguýa, daşguýa.

Ýüzüňe gözüm düşer,
Şonda ýüregim joşar,
Babyr bilek, ak goşar,
Gel, daşguýa, daşguýa.

Gepçi kempir-de geçer,
Aýly gije aý gaçar,
Ýaşlyk bir guşdur uçar,
Gel, daşguýa, daşguýa.

Ilden ogryn söýdügim,
Ataşsyz-da köýdügim,
Aýdylmadyk aýdymym,
Gel, daşguýa, daşguýa.


Balkanabatda ýaşaýan körpe iniňiz Hojamämmet aganyň beren gürrüňi bilen daşguýy hakyndaky goşgynyň
döremeginde duýup bolsa-da, düşündirip bolmaýan bir baglanyşyk bar ýaly görünýär.
Hojamämmet aga birçak bir ýerden okanyny ýatladýar. Birek-birege göwün beren juwanlar, biri-birlerine gowuşmasalar-da, özara ruhy güýç bolup ýaşaýarlar. Siz hakynda maglumatlary men ýörite
depderde belläp goýdum. Ine, olar şundan ybarat:
«Annatagan Nurgeldiýew 1946-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Etrek etrabynyň Madaw obasynda eneden dogulýar. Şu obadaky 3-nji orta mekdebi gutarýar. Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini tamamlaýar. Ilki öz okan mekdebinde birnäçe ýyllap şol ugurdan mugallym bolýar. Soňra Madaw obasynyň arçyny bolup işleýär. Ondan soňra bolsa ömrüniň ahyryna çenli agyz suwy edarasynda işleýär. Heniz orta mekdepde okap ýörkä çeper döredijilik bilen gyzyklanyp başlaýar. Metbugatdaky ilkinji hekaýasy «Wesýetli nazar» ady bilen «Mydam taýýar» gaze tinde çap edilýär. 1963-nji ýylda şol gazet «Çebşejikler» atly hekaýasyny-da öz okyjylaryna hödürleýär. Annatagan Nurgeldiýewiň dürli ýyllarda «Bäş käkilik», «Gaplaň çagasy», «Bedew takdyry», «Azat bilen atasy», «Gara Bi», «Baýram han» atly kitaplary neşir edildi. Ýazyjy ömrüniň ahyrynda hem saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyna garamazdan «Aba serdar» atly romanyny ýazyp gutardy. Soň ony «Çarhypelek» diýip atlandyrdy.
Annatagan Nurgeldiýewiň döredijiliginde bu kyssa eserleri bilen birlikde poeziýa — şahyrana eserleriniň-de uly orny bar. Poemalary, goşgulary, rubagylary metbugatda çap edildi.
Şonuň ýaly-da, onuň şahsy arhiwinde heniz hiç ýerde çap edilmedik eserleriniň
bardygyny-da ynam bilen aýdyp bolar.
Ol Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Kasym Nurbadow ýaly galamdaşlary bilen aragatnaşykda bolupdyr. 2004-nji ýylda «Aşgabat» gazetinde çap edilen «Üç pursat» atly makalasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow bilen tanyşlygy barada ýazsa, «Ak çabga» makalasynda Gurbannazar Ezizow bilen duşuşygy barada ýazýar. Ol filologiýa ylymlarynyň kandidaty Allaguly Mollaýew bilen hem aragatnaşyk saklap, edebiýatyň meseleleri hakynda kän jedelleşipdir. Bir kitap çemesi bolan «Madaw degişmeleri» bar. Ýazyjynyň kakasyna Nurgeldi Annataganow, ejesine Dursuntagan Annataganowa diýipdirler. Doganlary: Hojamämmet, Öremämmet, Agamämmet, Baýrammämmet, Tagannyýaz. Ýazyjy obadaş gyzy Hajar bilen durmuş gurýar. Olardan ýedi perzent bolýar: Döwletmämmet, Aýläle, Nurgeldi, Güýzmämmet, Didar, Aýşöhle, Aýperi. Annatagan Nurgeldiýew altmyş ýaşy ýaňy arka atan mahaly, has dogrusy 2006-njy ýylyň 19-njy dekabrynda aradan çykdy».

Ýöne bu sapar ýeke özüm ruhuňyzy bimaza edenligim üçin bagyşlarsyňyz. Ýogsam siz barada ile-güne aýdasym gelýän sözlerim başga-da kän. Häzirlikçe, size gowuşmajak ýazgylarymda şulary aýtmak bilen çäklenäýeýin. Aýdasym gelýänleri welin kän...

© Seýitmämmet HYDYROW,
Esenguly etrabynyň
Garadepe şäherçesindäki
10-njy orta mekdebiň türkmen
dili we edebiýaty mugallymy

"Garagum" 2023ý
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýitmämmet Hydyrow | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203