Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:21
Magtymguly - ylham çeşmesi

MAGTYMGULY – YLHAM ÇEŞMESI

Magtymgulynyň Türkmenistandaky
we daşary ýurtlardaky neşirleri

Magtymguly öz goşgularynda «Hindistana hyýalyny» uçuryp,
«Käbäni görmäge» göwün ýüwürdipdir. Firdöwsiniň, Eflatunyň, Isgender Zulkarneýniň, musulman dünýäsiniň ençeme ulamalarynyň
atlaryny tutupdyr.
Çyn (Hytaý), gyrgyz, rum, yrak, azerbaýjan topraklaryny ýatlapdyr. Ýöne welin, oňa öz arzuwlan ýurtlarynyň köpüsini görmek miýesser etmändir. Emma her bir hakyky zehiniň iki ömri bolýar: biri onuň öz barlygyndaky ömri, beýlekisi galdyran mirasyndaky ömri. Magtymguly hem özüniň ikinji ömründe – ýazan
goşgularynda, eýýäm XVIII asyryň ortalarynda älem giňişligine syýahata başlady.
Polýak ýazyjysy hem syýasy işgäri Aleksandr Hodzko- Boreýko 1842-nji ýylda şahyr hakdaky ilkinji maglumatlary we onuň üç sany goşgusyny Londonda iňlis diline terjime edip, özüniň «Populýar pars
poeziýasyndan parçalar» diýen kitabynda neşir edýär.
Rus kitapsöýüjilerini, «rus ylmy jemgyýetini türkmen edebiýatynyň nusgalary bilen ilkinji gezek tanyşdyran alym» (D.Nuralyýew. Türkmen edebiýatynyň dostlary. Ylym, 1977, 15 s.) L.N.Berezin (1818–1896) türk dilli edebi nusgalardan durýan «Türk hrestomatiýasyny» döredýär. Ol Gazanda 1862-nji ýylda çykýar. Oňa Magtymgulynyň goşgularynyň terjimeleri-de girizilýär. Olaryň ýany bilen şol eserleriň asyl nusgalary-da berilýär.
Wenger alymy, «Orta Aziýa syýahat» atly meşhur eseri dörediji A.Wamberi öz ýazgylarynda Magtymgulynyň türkmenleriň iň bir uly şahyry bolandygyny aýtmak bilen çäklenmedi. Ol 1879-njy ýylda Magtymgulynyň 30 sany goşgusyny we ýene 10 goşgusyndan parçalary Leýpsigde asyl nusgada we nemesçe sözme-söz terjimede
çap edip ýaýratdy.
XVIII asyrda Magtymgulynyň döredijiligini rus okyjylaryna tanyşdyrmakda 1870-nji ýyldan başlap, Astrabatda Rus döwletiniň ilçisi bolup işlän F.A.Bakuliniň (1846–1879) hyzmaty-da bellenerlidir.
Onuň toplan materiallary esasynda Astrabat deňiz stansiýasynyň 20 terjimeçisi Rafail Ýeznaýew Magtymguly Pyragynyň 87 goşgusyny sözme-söz terjime edipdir. Rus diline (1874) edilen ol terjimeleriň, umuman alanyňda, erbet çykmandygyny, hatda öz döwrüniň beýleki terjime nusgalary bilen deňeşdirilende, birneme çeperräkdigini D.Nuralyýew ýerlikli belläpdir (ýatlanan kitap. 35-36 s.).
Taryh ylymlarynyň doktory, ülkämiziň görnükli kitapşynaslarynyň biri A.Ýazberdiýew «Arap grafikasynda neşir edilen türkmençe kitaplar» diýen monografiýasynda (Ylym, 1981): «Öňki döwürde eserleri
köp gezek neşir edilen şahyrlaryň içinde türkmen klassyk edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň adyny tutmak mümkin. Şahyryň goşgular ýygyndysy jemi sekiz gezek neşir edilipdir, olaryň aglabasy Daşkentde, galanlary bolsa Buharada we Astrahanda çykarylypdyr» (38 s.) diýip belleýär. Olaryň käbiri şu aşakdakylardan ybaratdyr:
I. 1910-njy ýylda Buharada çykan «Hezreti Magtymgulynyň diwany».

II. Mirzahyt Mirsytdyk oglunyň taýýarlamagynda we onuň öz
harajaty bilen çykarylan «Otuz iki tohum kyssasy we Magtymguly» diýen ýygyndysy. Ol 1911-nji ýylda Daşkentde,
G.H.Aryfjanowyň daşbasmasynda, «Gulamyýa» metbesinde (neşirýatynda) çykarylýar.

III. Abdyrahman Nurmuhammet ogly Nyýazy tarapyndan taý-
ýarlanylan we sözbaşy ýazylan Magtymgulynyň çaklaňja şygyrlar toplumy Astrahanda 1912-nji ýylda köpçülige ýetirilýär. Kitaplar,
köplenç, türkmen dilinde çykarylypdyr. Ýöne welin, şahyryň goşgularyny, iň bolmanda, Orta Aziýada ýaşaýan rus dilli okyjylara ýetir-
mek üçin hem synanyşylypdyr. Şol döwürde «Turkmenskaýa tuzemnaýa gazeta» neşir edilip, onuň sahypalarynda türkmen edebiýatyna, şol
sanda Magtymgulynyň şygyrlarynyň asyl nusgasyna we terjimelerine hem uly orun berlipdir. Gazetiň redaktory N.P.Ostroumow şahyryň
şol gazetde çykan rusça şygyrlaryny toplap, «Magtymguly» ady bilen çap etmek isläpdir. Ol kitap Türküstan general gubernatorynyň edarasynda Daşkentde çap hem edilipdir. Emma ol bary-ýogy 50 sany
nusgada çap bolupdyr.
1914-nji ýylda Gurbanberdi Hojageldi ogly öz hasabyna Magtymgulynyň goşgularyny Buharada çykardypdyr.
1991-nji ýylda Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny yglan etdi. SSSR-iň düzümindäki ozalky on bäş respublikanyň on bäşisi-de özbaşdak döwlet bolup, dünýä kartasynda aýratyn reňkler bilen belgilendi. Şeýle21
bolansoň, Magtymgulynyň şol halklaryň dillerindäki kitaplaryny-da daşary ýurt neşirleri hökmünde häsiýetlendirmeklik ýerlikli bolar. Eýýäm, ýazgylardan aňlanylyşyna görä, Russiýanyň gündogary öwreniji alymlary Magtymgulynyň döredijiligine gitdigiçe çynlakaý
çemeleşip ugraýarlar. Ähtimal, geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň töwereginde rus alymy W.I.Mejow 500 tomluk «Türküstan ýygyndysyny»
düzüpdir. Ol ýygyndy häli-häzirlerem Daşkendiň Nowaýy adyndaky jemgyýetçilik kitaphanasynda saklanýar. Onuň 423 we 446-njy jiltlerinde Magtymgulynyň şygyrlary ýerleşdirilipdir. Tomlar asyryň başlarynda ýerli metbugatda dürli dilde çykarylan edebi, etnografik,
medeni we taryhy maglumatlary öz içine alýar (D.Nuralyýew. Ýatlanan kitap. 40-45 s).
Şondan soň Magtymgulynyň goşgularyny neşir etmek işi bilen bir hatarda, onuň döredijiligini ylmy jähtden öwrenmek işine-de rus edebiýatçylary aýratyn üns berip ugrapdyrlar. A.N.Samoýlowiç,
B.B.Bartold, Ý. E. Bertels, I.A.Belýaýew, G. Weselkow, P. Skosyrew ýaly meşhur alymlar türkmen edebiýatynyň taryhyny, şol sanda Magtymgulynyň döredijiligini hem yhlasly öwrenmäge ymykly girişdiler.
Heniz biziň özümizde milli edebiýatymyzyň taryhy bütewüleşdirilip,
umumylaşdyrylyp yzarlanylýan düýpli bir işiň ýok mahalynda 1929-njy ýylda A.N.Samoýlowiç, 1945-nji ýylda P.Skosyrew (Moskwada), G.Weselkow (Aşgabatda) türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça
oçerkler kysymly ylmy-jemagatçylyk kitaplaryny rus okyjylaryna hödürlediler. Olarda Pyragynyň şahsyýetine, edebi mirasyna hem örän uly bahalar berilýär.

1941-nji ýylda rus şahyry M.Tarlowskiý Magtymgulynyň gaty kän goşgusyny rus diline geçirýär. Ol goşgular bir wagtyň özünde Aşgabatda we Moskwada aýry-aýry kitaplar görnüşinde çap edilýär.
Şoňa çenli Magtymgulynyň goşgulary Aşgabatda «Солнечный
Туркменистан» (1939, 1941), soňra «Родина» ýaly almanahlarda çykarylýar. Moskwada «Классики Туркменской поэзии – Махтумкули,
Молланепес, Кемине» (1955) diýen at bilen çap bolan ýygyndyda-da ýerleşdirilýär. Başdaky ugurdaş neşirleriň ikisinde-de P. Skosyrewiň
«Türkmenleriň klassyk şahyry Magtymguly» atly makalasy bar.
Magtymgulynyň «Saýlanan goşgulary» (1945, 1948) Moskwada professor, şahyr G.A. Şengeliniň, M. Tarlowskiniň, A. Tarkowskiniň22
terjimelerinde çykarylýar. G.A.Şengeli ikinji jahan urşy ýyllarynda Aşgabatda ýaşady, türkmenleriň edebiýatyny, däp-dessurlaryny öwrendi.
M.Tarlowskiý bolsa eýýäm şol döwürlerde azy ýaran ussat terjimeçidi. Bu ýagdaýlar olaryň terjimeleriniň şahyryň şygyrlarynyň düýp nusgasyna
golaý bolmagyna, çeperçilik derejesiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir etdi. Ady agzalan kitaplara belli edebiýatçy Ý. E.Bertels sözbaşy ýazdy.
Ýeri gelende aýtsak, alymyň «Magtymguly» atly şol makalasy türkmen we daşary ýurt dillerinde çykan ýygyndylaryň köpüsine girizildi.
Ýygyndylaryň soňkusynda A.L.Klimowiçiň şahyryň eserleri boýunça düzen sözlügi-de bar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň neşirleriniň barha kämilleşdirilendiginden habar berýär. Türkmen edebiýatynyň uly dostlarynyň biri P.Skosyrew 1949-njy ýylda şahyryň täze ýygyndysyny çapa taýýarlady. 330 sahypalyk
bu kitap Leningradda (Sankt-Peterburgda) neşir edilip ýaýradylýar. Aşgabatda, Moskwada, Sankt-Peterburgda rus dilinde neşir etmek
işine türkmen alymlarynyň özleri hem işjeň gatnaşyp ugradylar. Mysal üçin, 1960-njy ýylda Aşgabatda we Moskwada çykan ýygyndyny
akademik B.Garryýew çapa taýýarlady. 1983-nji ýylda Moskwada çykan ýygyndyny bolsa B.Garryýew bilen M. Öwezgeldiýew bilelikde
taýýarlap, olar oňa ýörite sözbaşy hem ýazdylar. Magtymgulynyň «Goşgular» diýen kitaby bolsa M.Öwezgeldiýew tarapyndan (1984) tertibe salyndy, oňa A.Zyrin sözbaşy ýazdy. Mahlasy, Magtymguly
Pyragynyň rus dilinde jemi 20-ä golaý neşiri peýda boldy. Türkmen edebiýatçylarynyň soňky neşirlere özleriniň goşulmagy şahyryň öňki
ýygyndylarynda goýberilen säwlikleriň düzelmegine hemaýat etdi.
Elbetde, ýygyndylary çapa taýýarlanlaryň-da, olara sözbaşy ýazanlaryň-da, terjimeçileriň-de kemçilikleri ýok däldi. Aýdaly, rus
dilindäki ilkinji neşirlerde şahyryň goşgulary tematikalara bölünmeýärdi. Munuň özi çapa taýýarlaýjylaryň şahyryň goşgularyny paýhas eleginden yhlasly geçirmeýändikleriniň, entek onuň tematik ugurlaryny doly we hertaraply göz öňüne getirip bilmeýändikleriniň
netijesidi. Sözbaşy ýazanlaryň aglabasy Magtymgulyny başdan-aýak materialist edip görkezmäge ýykgyn edýärdi. Käbirinde onuň sopy
şahyr bolandygy diňe aýdylyp geçilýärdi, emma onuň bu ugruň-da beýik wekilidigini delillendirmäge üns berilmeýärdi. Muňa asyl23
het edip bilýänem ýokdy. Has beteri-de, Magtymgulynyň dini-pelsepewi mazmunly goşgular ýazandygy onuň uly ýalňyşlygy diýlip görkezilýärdi. Köplenç, şahyryň şol bir goşgusy dürli şahyrlar tarapyndan terjime edilip, olara başga-başga atlar goýulýardy. Goşgularyň
rusça atlandyrylyşyndan olaryň türkmençesindäki manyny duýup
bolanokdy. Kähalatda beýleki türkmen şahyrlarynyň iki-ýeke goşgusy Magtymgulynyň adyna-da beriliberýärdi. Emma 60- njy ýyllardan soňky neşirlerde şu hili bärden gaýtmalar belli derejede düzedildi. Şahyryň
mowzuk ugurlary anyklanyldy, terjimeleriň hili-de ep-esli gowulaşdy.
Rus dilindäki we Russiýadaky neşirler, köplenç ýagdaýda, ozalky SSSR-de ýaşaýan halklaryň dillerine geçirilen kitaplar üçin esasy
tutalga boldy. 1960-njy ýylda Magtymgulynyň doglan gününiň 225, 1985-nji ýylda 250 ýyllyk seneleri bellenildi. Seneler tutuş öňki soýuz
boýunça geçirilýäni üçin, oňa il gözüne bolsa-da, iki-üç ýyl öňünden taýýarlyk görmekden ötri, Magtymguly Pyragynyň kitaplaryny
başga dillere geçirmek we olary neşir etmek işi ýaýbaňlandy. Diňe
bir kitap şahyryň sene neşirlerine girmeýär, ol bolsa gazak şahyry
Galy Ormanowyň terjimesinde 1947-nji ýylda Almaatada çykarylan
«Saýlanan eserler» diýen kitap. Galy aga ony keýpihon terjime edýär.
Ýetmişinji ýyllarda ylmy iş sapary bilen Gazagystanda bolanymyzda
Galy agadan beýleki respublikalarda Magtymgulynyň kitaplarynyň
entek çap edilmeýän bir mahalynda, onuň türkmen akyldarynyň
eserlerini ur-tut öz diline geçirmeginiň sebäbini sorap görüpdik.
Şonda ol muny özüniň türkmenleri gowy tanaýandygy, Pyragynyň
şygyrlarynyň Maňgyşlak hem garagalpak halklarynyň arasynda-
-da aýdylýandygy bilen düşündiripdi. Onsoňam, Magtymguly biziň
giýewimizem bolýar diýip, degşip, Azadynyň bir aýalynyň gazak
maşgalasydygyny-da ýaňzydypdy.
Galy aganyň terjime edip, çapa taýýarlan şol «Saýlanan eserle-
rine» türkmen şahyrynyň 100 töweregi goşgusy girizilipdir. Ol şol
gezek ýygyndynyň entek gaty bir şowly çykmandygyny-da aýdypdy.
Haýsydyr bir türkmen sözüne düşünmedik halaty, ol şol goşgynyň
rusça terjimesine salgylanypdyr, käte öz şahyrlyk hyýallaryna bat
berip, asyl nusgadan daşlaşypdyr. Şeýle-de bolsa, ol Magtymguludan
terjime etmek işini bütinleý goýbolsun etmändir we ara düşen esli
ýyllardan soň, Magtymguly atamyzyň täze, çaklaňja bir ýygyndysyny24
çapa taýýarlapdyr. Gafu Gaýyrbekow bilen bilelikde terjime edilen şol
ýygyndy «Saýlanan goşgular» ady bilen şahyryň 225 ýyllyk toýunyň
hormatyna 1968-nji ýylda gazak okyjylaryna ýetirildi. Bu kitabyň
giriş makalasyny («Köňülden şygyrlar») filologiýa ylymlarynyň dok-
tory Sagyngaly Seýtow ýazypdyr.
Soňra, indi eýýäm 90-njy ýyllarda asly şagadamly gazak şahyry
türkmenleri we türkmen edebiýatyny diýseň eý görýän Düýsenbek
Kanatbaýew bu işe täzeden girişdi. Onuň «Žazuşy» neşirýatynda
Almaatada çykardan kitaby «Eserler» diýlip atlandyrylýar. Ol Mag-
tymgulyny asyl nusgadan gazak diline geçiripdir. Ol kitap (1983)
biziň elimizde ýok. Şoňa görä terjimeleriň hili barada bize gürrüň
etmek kyn, ýöne welin, haýsydyr bir garagalpak edebiýatçysynyň –
D.Kanatbaýewiň terjimeleriň hiliniň juda ýaramazdygyny delil-
lendirýän makalasynyň bardygyny aýtmalydyrys. Her näme-de bolsa,
ol neşirler gazak edebiýatçylarynyň Magtymgulynyň döredijiligine
içgin, yzygiderli üns berýändiklerine şaýatlyk edýär.
Magtymguly özbek, garagalpak halklarynyň arasynda hem giňden
tanalýan şahsyýetdir. Özbegistanda, ylaýta-da, Horezm topragynda we
Garagalpagystanda tas ähli goşgusy aýdyma öwrülip aýdylýan ýeke-
-täk meşhur şahyr Magtymguludyr. Şeýle bolansoň, onuň kitaplaryny
neşir etmek işine bu halklaryň yhlasly çemeleşýändikleri tebigydyr.
Daşkentde şahyryň 1958, 1963, 1979-njy ýyllarda (hemmesini-de ter-
jime eden ýazyjy hem alym Jumanyýaz Şarypow) ýygyndylary çap
bolup çykdy. Birinji gezekki 495 sahypalyk neşir Özbegistanyň «Fan»
neşirýaty tarapyndan çykarylyp, ol 150 müň nusgadan ybaratdyr.
Kitaby düzüji oňa Ý. Bertelsiň «Magtymguly» atly sözbaşysyny-
-da, türkmen pelsepewi alymy, akademik G.O.Çaryýewiň şol atdaky
giňişleýin işini hem girizipdir. Ilkinji synanyşyk bolup durýandygyna
garamazdan, bu neşir şahyryň Özbegistanda çykarylan kitaplarynyň iň
kämilidir. Aslynda şahyryň özbekçe neşirleriniň dördüsi-de terjimäniň
hili meselesinde biri-birinden pes oturarly däl. Bu hakda filologiýa
ylymlarynyň doktory, türkmen edebiýatyny hertaraply öwreniji,
akademik B.A.Garryýew şeýle ýazýar: «Özbegistanda çykarylan bu
kitap (1958-nji ýyl neşiri göz öňüne tutulýar. –Ah. M.) Magtymgulynyň
bir tomluklarynyň iň saldamlysy, iň şowly terjimesidir. Bu uly
ýygyndy Magtymgulynyň galapyn eserlerini öz içine alýar. Kitabyň25
sahap-kagyz we gaýry tehniki taraplary-da öwülmäge mynasyp»
(B.Garryýew. Magtymguly. Ylym, 1975, 23 s.). Munuň şeýledigini
türkmen dilini biçak gowy bilýän özbek alymy, filologiýa ylymlarynyň
doktory, professor Kerimbaý Kurambaýew hem «Magtymguly şygry
Özbegistanda» (1984) diýen kitabynda: «Magtymgulynyň şygyrlarynyň
özbek diline terjimeleri köp jähetden gowy çykypdyr. J.Şarypow özbek
edebiýatynda terjimeçi we terjime sungatyny öwreniji hökmünde kän
işler bitiren adam. Ol A.S.Puşkin, M.Gorkiý, S.Stalskiý, B.Kerbabaýew
kimin şahyr hem ýazyjylaryň eserlerini özbekçä geçirdi. Ol terjime
sungaty boýunça birnäçe monografiýalaryň-da awtory. Geçen asyryň
40 –50-nji ýyllarynda şahyr hökmünde hem tanalan kişi… Ine, şeýle
ylmy, çeper tejribeler J.Şarypowa Magtymgulynyň şygyrlaryny özbek
diline göwnemakul terjime etmegine mümkinçilik berdi» (ýatlanan
kitap, 56 s.) diýip tassyklaýar. Dogry, ol edebiýatçylar terjimede käbir
säwliklere ýol berlendigini belläpdirler. Ýöne olar kitabyň umumy
gymmatyny asla peseltmeýär.
Beýik türkmen akyldarynyň goşgulary 1959–1960-njy ýylda
garagalpak, ermeni, azerbaýjan, kabarda, balkar, tatar, täjik, 1983-nji
ýylda latyş, ukrain, belorus, moldowan, gyrgyz dillerinde çykarylyp,
şol milletleriň okyjylaryna elýeterli edilipdir. Şeýle ýygyndylary
düzmek, çapa taýýarlamak, sözbaşy ýazmak we terjime etmek ýaly
işlere A. Arasly (azerbaýjan), K. Kulyýew, P. Musakow (kabardin-
-balkar), S. Tursunowa, S. Amin-zade (täjik), A. Ishak (tatar), N. Kalna
(latyş), M.I. Çibotaru (moldowan), P. Mowçan (ukrain), A. Loýka
(belorus) ýaly meşhur şahyrlar, ýazyjylar, terjimeçiler gatnaşypdyrlar.
1989-njy ýylda A.Tarkowskiniň şahyryň şygyrlaryndan eden iň
gowy terjimeleri sowgatlyk neşir şekilinde «Türkmenistan» neşirýatynda
rus dilinde çykaryldy. Oňa dünýäniň iň beýik häzirki zaman ýazyjylarynyň
biri, syýasatçy we jemgyýetçilik işgäri, öňki Soýuz döwletiniň uly
baýraklarynyň eýesi Çingiz Aýtmatow ýörite sözbaşy ýazypdyr.
Gyrgyzystanyň halk ýazyjysynyň şol sözbaşysynda gowy pikirler öňe
sürülýär. Hususan-da, ol «XVIII asyry Magtymguly şygryýetiniň asyry»
diýip häsiýetlendirýär. Awtor Magtymguly hakda «Ol poeziýa söýýän
ýürekleriň baky gimnine öwrülipdir. Türkmenler Magtymgulynyň
goşgulary bilen adamyň dünýä gelmegini şöhratlandyrypdyrlar, onuň
ölümine aglapdyrlar» diýip ýazanda, hakykatdan asla daş düşmeýär.26
Bu ozal şeýle bolupdyr, häzirem şeýle, ertirem şeýle bolar. Ýöne
Ç. Aýtmatow şol duýgyny diňe türkmenlere degişli edip, Magtymgulynyň
şahsyýetini we onuň döredijiliginiň ähmiýetini birneme peselden ýaly
bolup görünýär. Ony özbeklerem, garagalpaklaram, belli derejede
gazaklaram, gyrgyzlaram öz şahyrlary hasaplaýarlar, onuň goşgularyny
aýdym edip aýdýarlar, döredijiligini hertaraply öwrenýärler. Şonuň
üçinem Magtymguly uly Oguz kowumynyň şahyrydyr. Bu gün bolsa
onuň ady beýleki dünýä halklaryna-da tanyş.
Magtymgulyny öwrenmegiň we şygyrlaryny terjime etmegiň
serhetlerini barha giňeldendigi sowet zamanynda ysgynsyzrak bolsa-
-da, garaz, duýulman duranokdy. Türkmen edebiýatyny öwrenijileriň
işlerinde baryp-ha 1921-nji ýylda türk edebiýatçysy Şyh Muhsyn
Fanynyň «Magtymguly diwany we ýedi asyrlyk türki bir menzume»
ady bilen Stambulda çykarylandygy görkezilip geçilýär. Bu kitap
hakyndaky doly maglumaty B.Garryýewiň «Magtymguly we onuň
watançylygy» (BTDN, 1943) diýen monografiýasyndan okaýarys. Oňa
şahyryň 31 goşgusy we 10 goşgusyndan parçalar giripdir. B.Garryýew
Ş.M.Fanynyň 1863-nji ýylda Wamberiniň Leýpsigde çykardan neşi-
rindäki eserleri diňe türkçä geçirip, şony hem gaýtalandygyny aýdýar.
Ýöne welin, onuň pikiriçe, bu uly ýalňyşlyk däl. Şyh Muhsynyň eline
diňe şol çeşme düşen bolmaly we başga çeşme (gaýnak) tapmansoň,
türkmen şahyryny düýbi bir garyndaşlara tanyşdyrmak höwesi
bilenem şol çeşmä salgylanypdyr. Beýle zatlar bolup biler. Goý,
gaýtalansyn! Ýöne türkileşdiriji olary nähili gaýtaladyka? Gürrüň, ine,
şu hil meselesinde. Akademik B.A.Garryýew şuny ýüze çykarmak üçin
diwandaky 1, 2, 15, 16, 29, 30, 31-nji toplumlaryň türkçe terjimelerini
olaryň asyl nusgalary (türkmençeleri) bilen deňeşdirip görýär. Ol mysallar
Şyh Muhsynyň türkmen diline asla düşünmändigine, şeýle bolansoň,
goşgularyň aglabasynyň many-mazmunynyň ýoýlandygyna, hatda
käbir halatda bimany bir zat bolup çykmagyna sebäp bolupdyr. Şol
alnan mysallaryň kijiçek bir bölegini bizem okyjylara hödürleýäris.
Ýigrimi dokuzynjy goşgy
Asyl nusgada:
Alar awun, salar guşun aňlamaz,27
Belet başlar dogry ýoly çen bilen,
Bir bagşaşdan ýetmiş bela dep bolar.
Terjimede:
Alar awun, sar guşun aňlamaza,
Ilde başlap dogry ýoly çyn bile,
Bir bijynsdan ýetmiş beladan bolar.
Her niçik-de bolsa, Fany ependiniň gowy niýetini, yhlasyny
hasaba almak gerek. Şeýle ýygyndynyň Stambulda 100 ýyla golaý
wagt mundan ozal neşir edilmegi türk halkynyň, onuň döredijilik
işgärleriniň türkmen we onuň edebiýaty bilen ýakyn gatnaşyklary
ýola goýmak höwesiniň, arzuw-hyýallarynyň nyşanydyr.
Türkmen şahyrynyň goşgulary Günbatar Ýewropa ýurtlaryna-da
ýaýrapdyr. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarynda polýak ýazyjysy
Ýan Bžehwa Magtymgulynyň şygyrlarynyň birnäçesini öz diline terjime
edip çykardypdyr. Bu hakda professor S.Garryýew «Туркменская
литература и ее связи с литературами зарубежных стран» (Ylym,
1981) diýen görkezgiç kitaba ýazan sözbaşysynda ýatlaýar. Ýeri
gelende aýtsak, terjimeçiniň özi 1962-nji ýylda şol kitaby S.Garryýewe
ýörite ýollapdyr. Ol kitaba şeýle ýazgy-da ýazypdyr: «Hormatly ýoldaş
Garryýew, men siziň Magtymgulynyň goşgularynyň SSSR halklarynyň
dillerine terjime edilişi hakyndaky makalaňyzy «Ogonýokda» okap
gördüm. Belki hem size Polşada-da beýik türkmen şahyrynyň sarpasyny
tutýanlaryň bardygyny bilmek gyzyklydyr. Size gyzgyn ýürekden salam
ýollaýaryn. Ýan Bžehwa, Warşawa (ýatlanan kitap, 14 s.). «Beýik türkmen
şahyrynyň sarpasyny tutmak» tolkuny ýuwaş-ýuwaşdan Fransiýa hem
baryp ýetýär. 1975-nji ýylda ÝUNESKO-nyň neşirýatynda Lui Bazeniň
terjimesinde Magtymgulynyň pereň dilindäki ilkinji neşiri fransuz
okyjylaryna gowuşýar.
Şahyryň döredijiliginden parçalar we şahyryň özi hakyndaky
maglumatlar ozalky soýuzyň ähli respublikalarynda orta, ýörite orta,
ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary, mugallymlary, talyplary, filologik-
-pedagogik ugurdan hünär öwrenýänler üçin «Edebiýat», «SSSR halk-
larynyň edebiýaty» diýlip atlandyrylýan okuw, okuw-hrestomatiýa
häsiýetli kitaplara-da girizildi. Şol respublikalarda, Moskwada, Lenin­28
gradda, kähalatda bolsa daşary ýurtlarda çykarylýan umumy we ýörite
ensiklopediýalarda hem şahyryň ömri, döredijiligi bilen bagly ýazy-
lan materiallara gabat gelinýär. Ol neşirler türkmen edebiýatyny köp
sanly beýleki milli edebiýatlar bilen baglanyşdyrmakda, olaryň özara
gatnaşyklaryny ösdürmekde Magtymgulynyň şahsyýetiniň we özün-
den soňkulara ýadygär galdyryp giden mirasynyň kerwenbaşylyk
hyzmatynyň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi diňe bir umumy türkmen
edebiýatynda däl, türkmen edebiýatynyň gatnaşyklarynyň taryhynda-
-da beýik Magtymgulynyň görüm-göreldesiniň, anyk hyzmatlarynyň
birinji orunda durýandygyny-da aňladýar.
Hawa, ХХ asyrda Magtymgulyny daş-töwerege tanatmakda
ep-esli işler edildi. Magtymgulynyň şygyrlaryndaky tutuş adamzada
dahylly sagdyn pikirleriň totalitar sistemanyň polat serhetlerinden-de,
ol her näçe berk hem bolsa, geçip bilendigini agzalan faktlar aýdyň
tassyklaýar. Ol çeşmeler uzak ülkeleriň bize, biziň bolsa şol uzak
ülkelere bolan bilesigelijiligimiziň ýüreklerimizde mydama ýaşap
gelendiginiň ajaýyp alamatydyr.
Türkmenistan garaşsyz döwlet bolandan soň Magtymgulynyň
ömür beýanyny, edebi mirasyny älem-jahana wagyz etmekde has
oňaýly şertleriň dörändigini aýtmak gerek. Garaşsyz döwletimiziň
başky ýyllarynda Magtymgulynyň döredijiliginiň umumy syýasatyň
özeninde goýulmagy-da şeýle haýyrly işiň netijeliligini ýokarlandyrdy.
Hemme zatdan öňürti hormatly Prezidentimiziň talaplaryna görä her
ýylyň maý aýynda Magtymgulynyň şygryýet günlerini edil toý ýaly
edip, dabaraly belläp geçmegiň indi halkaralyk däbe öwrülendigini
bellemelidiris. Dünýäniň biçak köp ýurtlarynda hem bu baýramçylyga
barha giň gerim berilýär. Angliýada, Şwesiýada, Eýranda, Türkiýede,
Pakistanda Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýan ýörite
jemgyýetler, neşir toparlary işleýär. Şol jemgyýetlere we toparlara
gatnaşýan türkmenler we beýleki millet wekilleri arkalaşykly işläp,
Magtymgulyny dünýä tanatmaga öz mynasyp goşantlaryny goşup
gelýärler. Netijede bu gün türkmeniň iň bir tanymal şahyry, özboluşly
akyldary bolan Magtymguly özge dilleriň köpüsine terjime edilip,
daşary ýurt okyjylaryna ýetirilýär.
Muňa mysal hökmünde şahyryň diňe soňky ýyllarda dürli ýerde,
dürli dilde çap edilip ýaýradylan kitaplarynyň käbirini ýatlamak29
ýerliklidir. Ynha, olar: «Magtymguly Pyragynyň şygyrlar toplumy» –
Kabulda 1986-njy ýylda arap grafikasynda Şamuhammet Ýazmaz
tarapyndan toplanyp neşir edilen ýygyndy, Abdyrahman Diýejiniň
taýýarlamagynda 1995-nji ýylda 275 sahypalyk «Magtymgulynyň
terjimehaly we saýlanan şygyrlarynyň» Tähran neşiri, ýene-de Täh-
randa 1373-nji hijri ýylynda Amet Masudy tarapyndan türkmen we
pars dillerinde neşir edilen «Magtymguly Pyragynyň kämil diwany»,
2006-njy ýylda «Mähdumkulu. Şe’irlär» ady bilen azerbaýjan dilinde
Bakuwda «Elm» neşirýaty tarapyndan çykarylan kitap, 2011-nji
ýylda «Mahtumkuli Firaki.«La’li guharrez» ady bilen Duşanbede
täjik dilinde çykarylan kitap we başgalar.
1992-nji ýylda türkmen edebiýatynyň janköýeri, türkiýeli türk
gardaşymyz Himmet Biraýyň terjimesinde «Magtymguly diwany»
Ankarada neşir edilip, türk hem türkmen okyjylaryna hödürlenildi.
540 sahypalyk bu kitap Magtymgulynyň goşgularynyň uly bölegini
öz içine alýar.
Türk taryh gurumynyň çaphanasynda çykarylan bu kitap şahyryň
1988-nji ýylda Abdyrahman Mülkamanowyň, Geldi Nazarowyň,
Myrat Çaryýewiň, Amanberdi Nurýagdyýewiň Aşgabatda çap etdi-
ren «Saýlanan eserlerine» salgylanylan neşirdir. Kitabyň iň başyn-
da Türkiýäniň şol wagtky medeniýet ministri (kultur bakani) D.Fikri
Saglaryň «Ýol bolsun» ýazgysy bar. Soňra H.Biraýyň kiçijek sözbaşysy
berlipdir. Onda şeýle diýilýär: «Häzirledigimiz bu kitap Türkiýedäki
genç okuyçy ketlesini hedew aldygy için, türkiýe türkçesine görä az çok
şiwe farkliligi gösteren şiirlar, in azindan ses özgelikleri bakimyndan
Türkiýedäki okuyçyýa kitap eder hala getirildi. Dolaýysyla bizin
ýapdygymyz bu neşir, Magtymgulynyn we türkmen türkçesinin ori-
ginal şiwe ýapişyndan biraz uzaklaşmiş oldy. Magtymgulynyn şiir-
lary üzerinde ýapilajak gramer çalişmalary için, şiyrlaryn original
bir şekilde ýaýinlanmasy gerekmekdedir» (18 s.). Görnüşi ýaly,
Magtymguly türkmençe-türkçesinden türkçe-türkmençesine käbir
şiwe sözleri çalşyrylan bolaýmasa, şol durşuna geçirilýär.
Şeýle hem kitapda uly giriş makalasy (ýazanyň ady görkezilmändir)
ýerleşdirilipdir. Ol ownuk tematik böleklere bölünip, olarda ХVIII
asyr türkmenleriniň durmuşy, edebiýaty, Magtymgulynyň ýaşlygy,
onuň edebi şahsyýeti, şygyrlarynyň neşirleri barada töwerekleýin30
durulýar. Şeýle hem makalada Ahmet Bekmyradow, Penah Halylow,
Ahmet Japarly ýaly alymlaryň şahyr baradaky pikirleri seljerilýär.
Eýranda ýaşaýan türkmen edebiýatçylary Myratdurdy Gazy bilen
Abdyrahman Diýejiniň-de bu babatlardaky hyzmatlary bellenilmäge
mynasypdyr. M.Gazy soňky gezek «Magtymgulynyň kämil diwanyny»
«Senai» neşirýatynda Kümmethowuzda (1993) arap harpynda türkmen
dilinde, A.Diýeji bolsa onuň eserlerinden alnan parçalary 1994-nji
ýylda «Zindeginame we bargözideýe äşaire Magtymguly Fyragy»
ady bilen pars diline geçirip, «Alhoda» neşirýatynda Tähranda neşir
etdiripdir. Bu iki edebiýatçy Magtymgulynyň mirasynyň diňe neşir
ýagdaýlaryny däl, eýsem, şonuň bilen birlikde, ony öwrenijiler
hökmünde-de degerli işler alyp barýarlar. Olaryň şahyryň ömrüne,
sowatlylyk derejesine, gözýetimine, dünýägaraýşyna, aýratynam din-
-yslam hakyndaky pikirlerine degişli makalalary Eýranyň we Türk-
menistanyň gündelik metbugatynda häli-şindi çap edilýär.
Eýranda «Ýadnameýi Magtymguly Fyragy we Döwletmämmet
Azady» diýlen bir kitap hem (1997) çykarylypdyr. Onda ataly-ogluň
– türkmeniň bu iki akyldarynyň eserleri ýerleşdirilip, olaryň hatyrasy
tutulýar. Ol kitaplar soňky ýyllaryň iň gowy neşirleri hökmünde
eýranly okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýeri gelende aýtsak,
Eýran Yslam Respublikasynda şahyryň eserleri kitap görnüşinde-de,
gazet-žurnallaryň sahypalarynda-da ýygy-ýygydan ýerleşdirilýär.
1999-njy ýylda bu ýerde pars we türkmen dillerinde çykan «Pyragy»
atly žurnal döredildi. Ol ýylda üç sapar çykýar. Onda, umuman,
türkmen durmuşyna, taryhyna, edebiýatyna degişli maglumatlar,
goşgular berilýär. Eýran Magtymgulynyň Türkmenistandan soň dün-
ýäde iň köp wagyz edilýän ýurduna öwrüldi. Şeýle haýyrly işe ady
tutulanlardan başga Setdar Sowgy, Meşhedi Gyzyl ýaly eýranly dost-
larymyz hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 2000-nji ýylda
bolsa M. Gazy Döwletmämmet Azadynyň heniz doly öwrenilmedik
«Behiştnama» eserini-de Eýranda neşir edip ýaýratdy.
1995-nji ýylda pereňli okyjylar hem Magtymgulynyň eserlerinden
nusgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar. Şahyryň liriki
şygyrlarynyň mundan ozal Parižde 1975-nji ýylda çykarylandygyny
biz öňde ýatlapdyk. Ýöne oňa şahyryň örän az goşgusy giripdi. Fransuz
akademiýasynyň işgäri, türk dilini örän gowy bilýän alym Lui Bazen bu31
işe täzeden dolanyp geldi. Ol şahyryň çaklaňja kitabyny öz diline geçirip,
Parižde täzeden neşir etdi. Bu fakt türkmen-fransuz edebiýatlarynyň täze
gatnaşyklarynyň sahypalarynda aýratyn orunda durýar.
2000-nji ýyl bu babatda hytaýly okyjylary-da begendirdi. Hytaý
gadymy ýüpek ýoly arkaly türkmen halkynyň medeniýeti, edebiýaty
bilen has ir döwürlerden bäri baglanyşykly. Bu ülkede Magtymgulynyň
eserlerini çap etmek işine türkmen edebiýatçylary, syýasatçylary,
hytaýly dostlarymyz diýseň yhlasly ýapyşdylar. Netijede bu ýurtda-da
Magtymguly Pyragy hytaý dilinde Pekinde kitap edilip çykaryldy. Ol gaty
daşly, owadan sahaply, iň ýokary hilli ýagdaýda çykarylypdyr. Kitaba
şahyryň 50-den gowrak goşgusy girizilipdir. HHR-iň şol wagtky Başlygy
Szýan Szeminiň Türkmenistana resmi sapary mahalynda Magtymgulynyň
ady agzalan neşiri Prezidentleriň ikisi tarapyndan-da ýatlanyldy. Olar ony
edebi dostlugymyzyň iň bir gowy mysaly şekilinde häsiýetlendirdiler
(2000-nji ýylyň 6-10-njy iýul aralygyndaky türkmen metbugatyna seret).
Bu ýurduň tas bir ýarym milliard ilatly uly döwletdigini nazara alsaň,
şeýle neşiriň iki halkyň edebi hyzmatdaşlygyna ägirt uly goşantdygy
şonça-da aýdyň bolýar. Az-kem öňe gidip aýtsak, Magtymgulynyň XX
asyrdaky, aýratynam Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňraky
daşary ýurt neşirleri eýýäm dünýäniň ilatynyň takmyndan dörtden iki
böleginiň türkmen akyldarynyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik
alandygyna şaýatlyk edýär.
Magtymgulynyň goşgular kitaplarynyň Yrakda, Pakistanda,
Mongoliýada, Ýaponiýada neşir etmäge taýýarlyk görülýändigi ýa-
-da eýýäm neşir edilendigi hakyndaky habarlary okyjylarymyz ga-
zetlerden okap görendirler. Mysal üçin, Türkmenistanyň Habarlar
gullugy 1996-njy ýylyň 1-nji iýulynda Pakistanyň paýtagtyndaky
«Yslamabat» myhmanhanasynda Magtymgulynyň ömrüne, döre-
dijiligine, döwrüne degişli uly ýygnagyň geçirilendigini mälim etdi.
Şol maglumatda ýygnaga gatnaşyjylara urdu dilinde çykan täzeje
kitabyň-da paýlanylyp berlendigi aýdylýar («Edebiýat we sungat»
gazeti). Bu neşir arkaly Hindistanda, Owganystanda, Pakistanda
ýaşaýan we urdu dilinde sözleýän halkyň okyjylary Magtymguly hem
onuň köpgyraňly döredijiligi bilen tanyşdylar.
Hut şol ýyl Angliýada meşhur Oksford uniwersitetinde döredilen
«Magtymgulynyň dostlary» jemgyýeti şahyryň «Merkezi Aziýanyň32
sähra aýdymlary» atly goşgular ýygyndysyny iňlis okyjylaryna hö-
dürledi («Edebiýat we sungat» gazeti, 21-nji iýun, 1996).
Şahyryň şygyrlary bölekleýin halda şwed, mongol okyjylaryna-
-da tanyş. Olar umumy ýygyndylarda, žurnallarda çap edilip, dünýä
halklarynyň köpüsiniň dillerinde «sözläp», ilden-illere aýlanyp ýör.
Magtymguly atamyzyň daşary ýurt neşirleri hakynda aýdylýarka
ýakymly bir ýagdaýy ýatlamazlyk mümkin däl. Olam bolsa onuň
terjimeçileri, neşirçileri bilen türkmen halkynyň, aýratynam edebi-
ýatçylarymyzyň ýakyndan tanyşlygydyr. Myratdurdy Gazy, Abdy-
rahman Diýeji, Lui Bazen dagylar Türkmenistanda telim sapar bolup,
türkmenleriň Magtymgula goýýan gadyr-hormatlaryny öz gözleri
bilen gördüler, galamdaşlary bilen duşuşdylar, ülkämiziň umumy
durmuşy bilen gyzyklandylar. Magtymgulynyň Türkmenistanda çap
bolan kitaplaryny gözden geçirdiler, kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar.
Bu bolsa Magtymgulynyň neşirleriniň Türkmenistan Garaşsyzlygyny
almazyndan ozalky neşirleri bilen deňeşdireniňde has kämil bolup
çykmagyna şertler döretdi, edebi gatnaşyklarymyzyň tebigylygyny
alamatlandyrdy, onuň mundan beýläkki ösüşine itergi berdi.
Ýene bir bellemeli zat, Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulynyň
döredijiligini wagyz edýän daşary ýurt edebiýatçylary M.Gazy,
L.Bazen dagylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara
baýragyna mynasyp boldular. Şunuň bilen baglanyşykly ýene bir
dostumyzy şu ýerde ýatlasak diýýäris. Özbek alymy, filologiýa
ylymlarynyň doktory, professor Kerimbaý Kurambaýew Magtymguly
hakynda Daşkentde özbek dilinde ýörite kitap çykartdy. 2011-nji
ýylda bu edebiýatçynyň «Mahtumkuli – ilhom çaşmasi» diýen uly
monografiýasy Daşkentde neşir edildi. Magtymgulyşynaslyk onuň tas
ähli işleriniň, kitaplarynyň özenini hasyl edýär. Onuň şahyra bagyşlap
ýazan makalalary Özbegistanda, Türkmenistanda, Garagalpagystanda
häli-häzirlerem halka ýetirilip dur.
Şeýlelikde, Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulynyň eserleri
dürli dillere geçirilip, daşary ýurtlaryň aglabasynda çap bolup çykdy.
Şeýle bähbitli işiň geljekde hem gerimini giňeltjekdigine birjik-de
şübhelenmeýäris.33
Hawa, bütin dünýäniň şahyr bilen tanyşlygynyň nemes, uýgur,
fin, iwrit, ispan we beýleki dilleriň, bir dilde gepleýän ýurtlaryň
hasabyna gerimini mundan beýlägem giňeltjekdigine, badyny güýç-
lendirjekdigine şek-şübhe ýok. Sebäbi Magtymgulynyň eserleriniň
halklaryň dostlugyna, özara düşünişikli ýaşamagyna, dürli dine
uýýan dünýä halklarynyň bähbitlerine, ýaş nesliň azat-erkin, iň bir
demokratik, sagdyn dünýägaraýyşlarda ösüp kemala gelmegine,
hakyky işjeň meýilleriň pugtalanmagyna, sözüň doly manysyndaky
adalata we halallyga, arkalaşyga hyzmat edýändigine älem-jahanyň
edebiýatçylary, päk ýürekli, sadaköňül okyjylary barha we barha çuň-
ňur düşünýärler.
Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň goşgularynyň daşary
ýurt neşirleriniň hemmesi hakynda doly we hertaraply gürrüň etmäge
mümkinçilik ýok. Olar biçak kän. Käbirleri bolsa, elýeterli-de däl.
Aglabasy umumy ýygyndylarda, gündelik, aýlyk, pasyllyk neşirlerde,
gazetlerde çap bolup çykan. Bu iş Garaşsyzlyk ýyllarynda hasam
güýçlendi. Ýöne welin, akyldarymyzyň dünýä tanaldyş ýagdaýlaryny
öz okyjylarymyza ýetirip durmak, hem-ä sogap, hemem bähbitli iş.
Şeýle bähbitli işiň başyny akademik, folklory we türkmen edebiýatyny
düýpli öwrenen Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew başlapdy. Onuň
«Magtymguly» (1975) diýen ylmy-barlag kitabynda Magtymguly
baradaky işlere syn berilýär. Onda Türkmenistanda, Leningradda
şahyryň neşir edilen kitaplary, onuň goşgulary giren almanahlar,
ýygyndylar, hrestomatiýalar, ol hakda ýazylan köp sanly makalalar,
monografiýalar, çeper eserler hem-de olaryň çeşmeleri hakynda
maglumatlar berilýär. Hormatly akademik şol sanda Russiýada,
Özbegistanda we Eýranda çykarylan kitaplary-da ýatlaýar.
Biz Pyragynyň daşary ýurtlardaky we dillerindäki ýygyndylary,
ol hakda edilen käbir işler, umumy neşirler hakynda gürrüň edýän-
digimize görä, gadyrly professorymyzyň ýörelgelerine eýerip, şol
kitapda ady tutulmadyk ýa-da tutulsa-da känbir doly maglumat
berilmedik kitaplaryň, umumy ýygyndylaryň sanawyny (köpüsiniň
düşündirişi bilen) okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Şunda,
elbetde, B.Garryýewiň kitabynda agzalan käbir çeşmelere hem olaryň
üstüni ýetirmek ýa-da ýek-tük anyklyk girizmek maksady bilen
ýüzlenildi.

[b]Kitapdaky materiallary toplan, tertibe salan we çapa taýýarlan
filologiýa ylymlarynyň doktory:[/c] © Ahmet MÄMMEDOW
Bölümler: Magtymgulyny öwreniş | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Ahmet Mämmedow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203