14:43 «Şu» | |
«ŞU» Balasagunyň golaýyndaky Şu galasy şol ýurda hökümdarlyk eden Şu atly bir ýaş han tarapyndan gurlupdy. Ýöne hanyň köşgi Balasagunda ýerleşýärdi. Bu galada we Balasagunda ol zamanyň iň güýçli hem iň uly goşuny bardy. Şäher örän baýdy. Adatça, her gün Şu hanyň köşgüniň öňünde 365 garawul nyzama durardy. Bu döwürde Zülkarneýn adyny alan Makedoniýanyň belli şasy Isgender Gündogara ýörişe çykypdy. Ol Alynky Aziýadan göni Eýranyň jümmüşine aralaşyp, her ýerde öňünden goşun çyksa ýeňip, olaryň ýurduny basyp almak bilen meşguldy. Isgender Samarkanda ýakynlaşýar. Ol ýerdenem ötüp, göni türkleriň ýurduna golaýlapdyr. Isgenderiň Balasaguna hem Şu galasyna örän ýakynlap gelendigini ýaş Şu hanyň gözegçileri gelip oňa habar beripdirler hem-de: – Günbatardan bosup gelen Isgender diýilýän şanyň goşuny bize golaýlap geldi. Öňünden çykan ýurtlary basyp alypdyr. Bize nähili buýruk berýärsiňiz? Söweşmelimi? – diýipdirler. Ýaş han goşun habarçylaryny diňlemeýän ýaly görünýärdi. Çünki birnäçe wagt ondan öň iň gowy görýän ýigitlerinden kyrk kişini saýlap alyp, Hojant derýasynyň kenarlaryna gözegçilik etsinler diýip iberendigini goşun habarçylary bilmeýärdi. Getiren habarlaryny eşidip, hanlarynyň biynjalyk bolup, ýerinden turman, gymyldaman oturanyny görüp, olar aljyradylar. Hanyň bolsa dünýäsi parahatdy. Şu hanyň bir howzy bardy. Ol sap kümüşdendi. Ony bu işden gowy başy çykýan ussalar ýasapdy. Ony ähli ýere äkidip boljakdy. Şonuň üçin han hem bir ýere sapara gitse, kümüş howzyny-da ýany bilen äkiderdi. Düşlän ýerlerinde onuň içini suwdan dolduryp, gazlary hem ördekleri suwdan doly kümüş howza goýbererdi hem-de ola¬ra güýmenerdi, oýlanardy. Gazlaryň we ördekleriň kümüş howuzda ýüzüşlerini synlamak hany diňşirgendirýärdi. Ol böwrüne diň salan mahaly, öz halkynyň geljegi barada edilmeli aladalary hasaba alýardy. Habarçylar gelen mahalynda, ol ýene kümüş howuzda ýüzüp ýören ördekdir gazlary synlap pikirlenýärdi. Habarçylar: – Nähili buýruk berýärsiňiz? Isgender bilen söweşmelimi? – diýip soranlarynda, haýsydyr bir buýruk bermegiň deregine, olara howzy hem-de howuzda ýüzüp ýören gazlar bilen ördekleri görkezipdir. Biraz oýlanyp: – Nähili görýarsiňiz? Gazlar bilen ördekler suwda, gör, nähili enaýy ýüzýärler? Görüň, neneňsi suwa çümüp-çümüp çykýarlar! – diýipdir. Habarçylar hanlarynyň bu sözlerine geňirgenipdirler hem-de oňa şübheli garapdyrlar: «Her halda häzirlikçe hanymyzyň hiç bir taýýarlygy ýok, ol näme etjegini bilmeýäne meňzeýär» diýip oýla¬nypdyrlar. Emma ol wagt Isgender Hojant derýasyndan ötüpdi. Wagt gijäniň ýarymyna golaýlapdy. Hojant derýasynyň kenar¬laryndaky ýaş hanyň gözegçilik edýän ynamdar kyrk ýigidi ýyldyrym çaltlygynda «Şu» galasyna gelipdirler hem-de gijäniň içinde Isgenderiň Hojant suwundan ötüp, Balasaguna tarap ýakynlap gelýändigini galadakylara habar beripdirler. Öňki habarçylaryň aýdanlaryny diňlände, endamyndaky ýeke tüýi hem gymyldamadyk Şu han ýigitleriniň sözlerini eşidenden, derhal aýak üstüne galypdyr hem-de gijäniň ýarymynda göç dowlunyň kakylmagyny emr edipdir. Dowluň kakylmagy bilen, haýdan-haý göni Gündogara tarap ýola düşüpdirler. Bu ýagdaý halky aljyraňňylyga salypdyr. Hanyň gündiziň güni hiç hili duýdurmazdan hem-de taýýarlyk görmezden, bular ýaly gijäniň içinde göçhä-göçlüge başlamagyndan olar gorkupdyrlar. Ellerine näme gabat gelse ýygnaşdyryp, tapan atlaryna atlanan halk han bilen ýola düşüpdir. Ir säherde hiç kim galmandyr, ol boşap galan meýdana meňzäpdir. Ähli halkyň Şu hanyň yzyna düşüp gidendigine garamazdan, gijäniň içinde münmäge hiç bir ulagy bolmadyk ýa-da alara hiç bir zady bolmadyk ýigrimi iki kişi näme etjegini bilmän, Şu galasynda galypdyr. Şol ýigrimi iki kişi näme etjeklerini bilmän durkalar, olaryň ýanlaryna ýene iki kişi gelipdir. Bu iki kişi-de pyýadady. Olar gap-gaçlaryny toplap, arkalaryna alyp gelipdirler. Ýorgundylar. Ýöne olar bu ýerde durjaga meňzemeýärdiler. Öňki ýigrim iki kişi ol gelenlerden hiç bir ýere gitmezliklerini, özleri ýaly şol ýerde galmaklaryny haýyş edipdirler. Şeýle hem: – Isgender diýilýän kim bolanda-da, bu ýerde uzak wagtlap durmaz, gelşi ýaly yzyna gaýdyp gider. Bu ýerler biziň ýurdumyz, ýene bize galmalydyr – diýip, öz aýdanlaryny berkidipdirler. Şu ýagdaýda bu iki kişiniň ady Kalaç (Gal aç) bolup galypdyr. Ol iki kişiden bolan çagalar hem olaryň agtyklary-da Halajy ady bilen tanalypdyr. Ýöne bu iki kişi şol ýigrimi iki kişiniň sözüni diňlemändikleri hem-de ol ýerde galman gidendikleri üçin, Isgenderiň gelenini görmändirler. Isgender gelip, uzyn saçly ýigrimi iki kişini görende: «Türk manend- türke meňzeş» diýipdir. Şondan soňra ýigrimi iki kişiniň halkynyň ady türkmen bolup galypdyr. Iki kişi galman gideni üçin olar doly türkmen saýylmandyr. Ýigrimi dört taýpadan ýigrimi ikisi türkmen, galan ikisi Halaç diýlip tanalypdyr. Bu wakalar bolup duran wagtynda, başga ýanda Şu han goşuny hem-de ýanynda gidenler bilen birlikde Çin serhedine tarap ýöräpdirler. Çine golaý Uýgur iline baranlarynda, Şu Isgenderi aňryýany bi¬len garşylap biljek ýagdaýa eýe bolandygyny, ýagny ony özüniň asyl ýurdunyň merkezinden uzaklara äkidip, özüniň bolsa arkadaşlarynyň arasynda bolandygy üçin Isgenderden örän kuwwatly ýagdaýa eýe bolandygyny duýupdyr. Şonuň üçin birtopar esgerlerini alyp galyp, iň ýaşlaryny saýlap, Isgenderiň üstüne ýollapdyr. Weziri ol gidýänleriň ählisiniň ýaşdygyny, tejribesiniň ýokdugyny ýatladypdyr. Olar iş başarmasalar, soňunyň erbetlik bilen gutarmagynyň mümkindigini duýdurypdyr. Şu han weziriň aýdanlaryny makullapdyr hem-de ýaşy durugyşan, tejribeli bir emeldaryny esgerleriniň ýany bilen iberipdir. Olar biraz wagtdan soňra Isgenderiň iberen ýolbaşçy goşunlary bilen garşylaşypdyrlar. Türk ýigitleri Isgenderiň ýolbaşçy goşunlarynyň üstüne bütin gije hüjüm edipdirler. Ol örän aýgytly hüjüm bolupdyr. Şonda olar öz öňlerinde ölmelimi ýa galmalymy diýen meseläni goýupdyrlar. Türk esgerleriniň biri Isgenderiň esgerleriniň birine gy¬lyç uranda, ol ikä bölünipdir. Esgeriň kemerine baglanan altyndan doly guşagy böwsülip, onuň içindäki altynlar ýere dökülipdir. Ertesi säher güneşiniň şöhlesi şol altynlary lowurdadypdyr. Ony gören türk esgerleri biri-birine seredişip: «Altyngan! Altyngan!» diýip gygyryşypdyrlar. Şol günden bäri, ol söweşiň bolan ýerindäki dagyň ady «Altyn han» dagy bolupdyr hem-de ol şeýle at bilen adygyp gelipdir. Bu söweşden soňra Şu han bilen Isgender bir saparam uruşmandyrlar, ýaraşyk baglaşypdyrlar. Ýaraşygyň soňy iki tarap üçin-de peýdaly bolupdyr. Biri-biriniň yzyndan şäherler gurlupdyr. Uýgurlar hem-de şol wagtdaky türk kowumlary şäherlere ýerleşipdirler. Şu hany-da Balasaguna gaýdyp gelipdir. Şu galasyny ösdüripdir hem- de şäher kaddyna ýetiripdir. Bularyň ählisi amala aşyrylandan soňra, şäherde bir tilsim döredilipdir. Ol tilsim şeýle bir tilsim bolup, şäheriň ähli ýerine öz täsirini ýetiripdir hem-de anyk duýlupdyr. Leglekler bu şähere gelip ýetenlerinde, ol tilsimiň täsirini duýup saklanypdyrlar hem-de öňe gidip, şäheriň üstünden ötüp bilmändirler. «Oguz dessanlary» orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanma kitapdan K.ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |