21:27 *** | |
Seniň ýüregiňe sygmadyklaryň gara gözleriňden kagyza damar, Ýanar... Ýanar... Ýanar... Tükenme ýokdur. Erte biri «şygyr» diýer okar-da, Bu hasam ýaman. «Ýazanyňy bir okap ber» diýerler, Okarsyň teselli gözläp gözlerden. Olaň bolsa bary-ýogy gulagy sendedir. Görmezler. Soňra ýüz ýerden ýetirerler «oňat şygryň» öwgüsin, A görgüsin?!. Ýagyşlaň ykbaly şeýle bolarly – Ýagar, Ýanar, Ganar her teşne köňül. Onuň derdi parhyna däl hiç kimiň, Şu ýol bilen geçer bütin bir ömür. Bir ömür ýüregňe sygmadyklaryň Gözleriňden damar. Ýanar. Tükenmez. Söýüler, diňlener, ýöne hiç wagt Seniň ol derdiňi hiç kimse bilmez. 2021 © Süleýman HOJANEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |