Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:39
***
Gury özümi aldanym
Galar - bakmaýyn daşyma.
Başymdaky aladany
Duýdurmaýyn gardaşyma.
Ol maňa bolar öwretjek
Bu dünýede ýaşamany.
Ýeke özüm guraýyn jeň,
Bir özüm gynaýyn jany.

Ýatyranok älem syry,
Gör-ä, kalbym para-para.
Kalbyma çöken ahmyry
Aýtmaýyn wepaly ýara.
Bolar ol derrew sem etjek
Köşeşmez bolan tupany.
Bolaýyn özüm em etjek,
Bir özüm gynaýyn jany.

Gat-gat ýürekleriň kiri,
Kän ýollary baglapdyr şer.
Aňyma gonan pikiri
Mälim etmäýin bäsdeşe.
Bolar ol sözümde tutjak,
Takal okar many-many.
Goý, pikirden ataýyn çat,
Goý, özüm gynaýyn jany.

Orazgyglyç ÇARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 13 | Mowzugy paýlaşan: Zenan3636 | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 11:27, 20.11.2024
Orazgylyç aga erbet şahyr däl, ýöne
"Ol maňa bolar öwretjek
Bu dünýede ýaşamany"
diýmegi bolanok. Emelsiz terjimeler ýaly tagaşyksyz
avatar

Старая форма входа
Total users: 203