Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:23
25 ýaşyñ goşgusy

25 ÝAŞYŇ GOŞGUSY

Ne tapdym özümi, ne-de ýitirdim,
Çärýek asyr ýaşap mähnet dünýäde.
Ruhumy zor bilen süýräp getirdim,
Şu boldy iň agyr zähmet dünýäde.

Adaty seretdim kysmatdyr öýdüp,
Sowuk baharlara, ýyly gyşlara.
Şeýdip pida boldum, duýgusy göýdük,
Asly ömri gysga ýylgyryşlara.

Agysyna aglap, çekdim il derdin,
Göwni galmasyn diýp güldüm gülkä-de...
Mydam dostuň şerin başdan inderdim,
Tikendenem howply eken gül käte...

Ne tapdym özümi, ne-de ýitirdim,
Çärýek asyr ýaşap mähnet dünýäde.
Öz etimi özüm iýip bitirdim,
Şu boldy iň agyr zähmet dünýäde.

02.12.2023 ý.

© Maksat HUDAÝBERDIÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: Awtor | Teg: Maksat Hudaýberdiýew | Рейтинг: 3.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Kyyas • 08:27, 13.12.2023
25 ýaşy zordan ýaşan ýalyrak eşdilýär
avatar
0
2 Seýrаn • 08:48, 13.12.2023
Şeýdipdir öýdýän. Belki şeýledir. Şoňa meňzeýär.
avatar
0
3 Mekan2 • 09:51, 13.12.2023
Ruhumy zor bilen süýräp getirdim,
Şu boldy iň agyr zähmet dünýäde.

Öz etimi özüm iýip bitirdim,
Şu boldy iň agyr zähmet dünýäde.

Ruhumy zor bilen süýräp getirdim = Öz etimi özüm iýip bitirdim
avatar
0
4 Mekan2 • 09:59, 13.12.2023
2 bilen 3-nji bentlerini biraz işlemeli (ýaly).

1, 4 erbet däl, iň agyr zähmetiň haýsydygyny anyklaşdyrsak bolany.
avatar
0
5 Мango • 16:59, 13.12.2023
bellige goşulýan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202