Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:55
37 ýaşa 37 sapalak

37 ÝAŞA 37 SAPALAK

Nobatdaky doglan gününi bellemek bilen psiholog Don Gluksin ýaşalan ýyllaryň özüne nämeleri öwredenligi barada oýlanypdyr.
«Bu gün meniň otuz ýedinji doglan günüm. Dogrusyny dogry aýtmaly, bu geçen ýyllaryň ählisi hem ýeterlik derejede täsirli bolupdy. Egnim üstaşyry ömrümiň ýaşalan döwrüne nazar aýlanymda üstünlikleriň hem
säwlikleriň, ýeňişleriň hem göwnüm galan ýerleriň jemlenip, şu günki kaddymy bina edendiklerine indi düşünýärin. Men kiçijik ýygra
gyzjagazlykdan 20 ýaşly gaýgy-gamsyz bir arzuwçyl ulugyza çenli ýol geçdim. Bu gün 30 ýaş ho-ol yzda galdy. Eje bolup, telekeçi hökmünde
özüm üçin bu durmuşda nämäniň iň esasy zatdygyna akyl ýetirdim. Günsaýyn özüme barha çuňňur düşünip hem-de bu babatda beýleki adamlara-da hemaýat bolar diýip, men 37 ýaş ömrümde özleşdiren derslerimiň sanawyny düzmegi niýet edindim. Bu gün men Günüň daşyndan nobatdaky aýlawyma başlaýaryn
we özleşdiren sapaklarymy siziň bilen paýlaşýaryn.
Olar kimdir birine peýdaly bolar diýip umyt edýärin.


1. Bagt içki dünýämizdedir. Biz gapdaldan makullanylmagyna
we teselli berilmegine garaşyp, aşa köp wagt sarp edýäris. Hemişe-de ýitigimizi ters ýerden gözleýän bolup çykýarys. Içki dünýäňize ser
salyň.

2. Ähli zat üçin minnetdar boluň. Ýagşy-ýaman, eýmenç
närseleriň bary üçin. Durmuş (ömür) öz-özlügine-de bahasyz
serpaýdyr. Lezzet hem ezýet bolsa ýolumyzyň bir parçasydyr.

3. Garaýşyňyzy, kabul edişiňizi özgerdiň — şonda siziň durmuşyňyz hem özgerer. Gorky, öçlülik, öýke duýan halatyňyz, bu ýagdaýa başgaçarak bir künçden hem bakyp görüň.

4. Hemme kişini bagtyýar etmek, şol bir wagtda-da özüňe
wepaly bolup galmak mümkin däldir. Emma ýasama bolup, halanýan kişi bolup gezenden, töwekgelçilik edip, nädogry düşünilen kişi bolup galmak ýegdir.

5. Töwerekdäki dünýe — aýnadyr. Özgelerde halaýan
zatlarymyz — özümizde halaýan taraplarymyzyň aýnadaky sudurydyr.
Özgelerde bizi lapykeç edýän ýagdaýlar bolsa, özümizde içgin üns bermeli taraplarymyzyň bardygynyň duýduryş alamatlarydyr.

6. Durmuşymyzdaky her bir adam nähilidir bir maksat bilen
peýda bolýandyr. Onuň bize berýän sapaklaryny özleşdirmelimi ýa dälmi, muny bolsa, eýýäm biziň özümiz çözýäris. Onuň biziň
durmuşymyzdaky roly näçe agyr bolsa, sapak şonça-da çynlakaýdyr. Muny düwünçegiňize berk düwüň.

7. Ynanyň. Iň kyn ýagdaýlarda-da Ykbal atly pälwanyň size
arka durjakdygyny we hemme zadyň gülala-güllük boljakdygyny biliň.

8. Hemme zady ýüregiňize öte ýakyn almaň. Özgeleriň hereketi — bu olaryň şahsy durmuşyndaky bolup geçýän ahwalatlaryň şöhlelenmesidir. Adatça, munuň size hiç hili dahylly ýeri ýokdur.

9. Tebigat şypagärdir. Arassa howada gezelenç etmek we gözel
peýzažy synlamak täsin bir usul bilen seriňi gerekmejek pikirlerden saplamaga, durmuşa dolap getirmäge hem-de keýpiňi götermäge ukyplydyr.

10. Kemsidilen adamlar adamlary kemsidýändirler. Barybir olary gowy görüň. Hiç bolmanda, uzak aralykdan olara synyňyzyň oturmagyny hiç kim gadagan etmeýär ahyry

11. Dertlerden gutulmak üçin olaryň düýp sebäbine göz
ýetirmek gerek. Gorkyňyza we gowşak taraplaryňyza göni garap, olara ýagty şöhläni gönükdiriň. Sebäbi olardan saplanmagyň ýeke-täk ýoly
içlerinden parran geçip gitmekdir. Hakykatyň gözüne garamak ynjydyjydyr. Ýöne, ant bolsun, bu şeýle edeniňize degýändir.

12. Aňrybaş derejedäki kämillik — ham-hyýallykdyr.
Gatyrganybermäň. Rahatlanyň. Umuman, kämillige ymtylyň, ýöne käwagt säwlik goýberäýmegi hem özüňize ygtyýar beriň, netijäniň
nähilidigine garamazdan, bagtyýar boluň.

13. Gözleriňizden ümez perdesini sylyp taşlaň. Bar ünsüňizi maksadyňyza we islegleriňize jemleseňiz, durmuşyň gözelliklerini
duşuňyzdan geçirmegiňiz we töweregiňizdäki adamlary özüňizden daşlaşdyrmagyňyz ähtimaldyr.

14. Ýeňişleriňizi baýram ediň. Iň bir kiçijek üstünligiňizden
hem lezzet almagy başaryň.
15. Bagyşlamagy başaryň. Bu, ilkinji nobatda, göwnüňe degen
kişä däl-de, size zerurdyr. Bagyşlamak bilen siz mynasyp derejäňizdäki rahatlyga we erkinlige eýe bolarsyňyz. Ýeňillik bilen hem-de tiz
bagyşlaň.

16. Biziň ählimiz haýran galarlyk derejedäki intuisiýa eýediris. Eger säginip, diňşirgensek, içki danalygymyzyň sedasyny eşitmek mümkindir. Ýüregiňiziň pessaý owaz bilen pyşyrdamasyny diňläň. Ol
ýola beletdir.

17. Goý, siziň kalbyňyz aýdym aýtsyn! Ýasama bolmaň, hakyky, çyn özüňiz boluň. Öňde goýan maksadyňyza tarap hereket edýärkäňiz dogruçyl, ak ýürekli boluň.

18. Biziň hemmämiz döredijidiris. Çypbakaý-çynym!
Aýgytlylyk, üns hem-de tutanýerlilik ýeterlik derejede bolsa, ähli zat
mümkindir. Şuny ýatda saklaň.

19. Menden nur ýaýylýar. Sizden nur ýaýylýar. Biziň
ählimizden nur ýaýylýar. Käbir kişiler öz nurlaryna kölege salýarlar. Özgeler üçin ýagtylyk şöhlesi boluň, olara ýol görkeziň.

20. Bu durmuşa çenden aşa çynlakaý hem çemeleşmäň! Barybir hiç kim diri gitmez. Ýylgyryň. Özüňize azajyk sähneligi hem rugsat ediň. Pursatdan peýdalanyň. Şatlanyň.

21. Töweregiňizi sizi sulhy alýan we goldaýan adamlar bilen gurşaň. Siz hem olary gadyrlaň hem goldaň. Mundan az derejedäki zat
üçin ömür juda gysgadyr.

22. Durmuşyň tans meýdançasynda ýeňillik hem erkinlik bilen pyrlanyň. Eger uly arzuwyňyz bar bolsa, hyjuw bilen onuň yzyna eýeriň. Ýöne durmuşyň saz äheňlerine görä özüňizi laýyklap bilmegiňiz
üçin, ýeterlik derejede çeýe hem çalasyn bolmagyňyz üçin belli bir aralygy saklaň.

23. Näçe köp berseň, şonça-da köp alarsyň. Danalygy, mähri,
zehini paýlaşyň. Aňsatlyk bilen paýlaşyň. Şonda siz bu durmuşda juda köp ajaýyplyklaryň özüňize dolanyp gelýänligini görersiňiz.

24. Esasy zat özüňi doly paýlap gutarmazlykdyr. Sebäbi içki pyýalaň takyrap galsa, soň berere hiç närsäň galmaz. Deňagramlylygy saklamak möhümdir.

25. Gözleriňizi uçganakladýan zatlaryň ählisine «Hawa!» diýiň. Özüňizi gyzyklandyrmaýan ýa-da wagt sarp edeniňe degmeýän
zatlaryň ählisine kesgin, çürt-kesik «Ýok!» diýiň. Wagt — öwezini dolup bolmaýan iň gymmatly gordur. Ony akylly-başly harçlaň.

26. Käte biz dostlugyň duşundan ösüp geçýäris. Bu biziň ýa-da dostlarymyzyň ýaramazlygyny aňlatmaýar. Bu ýöne bir ugrumyzyň ýolaýyrda gelenliginiň alamaty. Olary ýüregiňizde saklaň, ýöne olar
sizi ynjydyp we bökdäp ugrasalar, onda, diýmek, arany açmagyň we dostlugy ýola salmagyň wagtynyň geldigidir.

27. Gorky — biziň hakykatda näme isleýänligimiziň we bu
durmuşda bize näme gerekliginiň örän oňat görkezijisidir. Oňa özüňiziň
kompasyňyz bolmaga rugsat ediň-de, onuň alyp gitjek tolgundyryjy başdan geçirmelerinden lezzet alyň.

28. Öz gorkyňa hötde gelip, ony mugyra getirmek — bu siziň
özüňiz üçin edip biljek iň haýyrly işiňizdir. Şeýle etmek bilen ähli zady
başarjaklygyňyzy siz öz-özüňize subut edýänsiňiz. Bu özüňe bolan ynamlylygyň aýdyň alamatydyr.

29. Bedenimiz — bizi arzuwymyza sary alyp barýan ulagdyr. Eger özüňizi joşgunly we galdaw duýmak isleýän bolsaňyz, ony söýüň aýaw hem alada bilen gurşaň. Emma bar tiňkäňiz, ünsüňiz oňa gönügip
galmasyn. Daşky keşp wagtyň geçmegi bilen, isleseň-islemeseň, özgerer. Öz bedeniňde özüňi rahat hem ykjam duýmak — ynha, iň
esasy zat.

30. Ýakynlaryňyza olary näderejede gowy görýänligiňizi,
mümkingadar, köpräk aýdyň we görkeziň. Bu hiç haçan agdyk bolmaz. Wagtyňyz, ýanlarynda bolmagyňyz, mähir hem ýürekdeş alada bilen gurşamagyňyz — iň gowy sowgatdyr.

31. Şu pursat bilen ýaşaň. Bu häzir biziň ygtyýarymyzda bolan ýeke-täk zatdyr. Geçmişiň hatalaryndan sapak alyň we ýakymly hatyralaryndan lezzetleniň, emma welin olara baglanyp galmaň, olaryň
sizi yzarlap ýörmegine-de ýol bermäň. Geljek hakda arzuw ediň, emma bu meselede-de yňdarma bolmaň. Şu pursady söýüň.

32. Durmuş bu ýokary göterilişleriň we pese gaçyşlaryň çalşygydyr. Ähli mümkinçiliklerimizi, başarnyklarymyzy açmak üçin
bularyň ikisem bize zerurdyr. Berkräk ýapyşyň-da, bu ýolçulykdan sapalanyň, lezzet alyň.

33. Biziň barymyz bir uly admazat maşgalasydyrys. Biziň hiç haýsymyz beýleki birinden ne ýagşy, ne-de ýamandyrys. Durmuşyň belli bir basgançagynda näme etmelidigini biz has gowy bilýäris. Ýeneki birinde bolsa näme etmek gerekdigini başga bir kişi has oňat bilýär.

34. Durmuşda eýelik edýän zatlaryňyzyň ählisi üçin her gün minnetdar boluň, şükür ediň. Şeýle etmek bilen şatlygy, mähri, saglygy
we gülleýşi özüňize çekip, has-da köp bolelinlik üçin töweregiňizde zerur giňişligi döredersiňiz.

35. Siz älemiň merkezi dälsiňiz. Käte men-menligiňiz şeýle pikir etmäge sizi mejbur edýän hem bolmagy mümkin. Aldanmaň.
Dünýä we töweregiňizdäki adamlara nazar aýlaň, şonda siz köp-köp täze, ajaýyp zatlary bilersiňiz.

36. Dünýämize has köp söýgi-mähir, nur-ýagtylyk we gülki
gerekdir.

37. Siz özüňiziň halypaňyzsyňyz. Ömrümiziň agramly böleginde bize näme etmelidigini, nähili pikirlenmelidigini, nämäniň
gowudygyny we üstünlige nädip ýetmelidigini aýdyp durýarlar.
Bularyň baryna köre-körlük bilen ynanmak bolmaz. Öz gamyňyzy özüňiz iýiň, özüňiz pikirleniň. Ýörelgeleriň çygryndan daşyp çykyň.
Diňe özüňizden garaşylýan zatlary edip ýörmegi goýup, içki duýgularyňyza eýerip başlasaňyz, özüňizi haýran galarlyk derejede bagtly duýarsyňyz.
Ýaşalan ýaş — bu ýönekeý sandyr. Emma ol näçe köp bolsa, şonça-da paýhasly we tejribeli bolýandyrys. Sen indi hiç haçan şu wagtkydan ýaş bolmarsyň. Onda mundan peýdalan! Pursatdan lezzet
al!»

Terjime: © Orazmyrat MYRADOW
"Naşyja sowgatlar" kitabyndan
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 93 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Don Gluksin | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
2
1 Мango • 09:31, 01.02.2023
ýazanyň, terjime edeniň, paýlaşanyň (okanyňam) elleri gözi dert görmesin.
gaty gowy terjime, ýeňil okalýar.
psihologam ykjamja, peýdaly zatlary diýýär, takal okanok....
===
20. Bu durmuşa çenden aşa çynlakaý hem çemeleşmäň! ...Ýylgyryň. Özüňize azajyk sähneligi hem rugsat ediň...
(özümiň azajyk sähneligime arka tapynan ýaly boldum, ine-de aýdyşy ýaly ýylgyrdym :-) )

21. Töweregiňizi sizi sulhy alýan we goldaýan adamlar bilen gurşaň. Siz hem olary gadyrlaň hem goldaň.
(goldansaň, gadyrlansaň... töweregiňem bal ýaly adamlardan doly bolsa..., esasam senem birilerini goldasaň, gadyrlasaň. bir ýaşuly ýada düşdi. ol köplenç töweregindäkilere "hormatly" diýip ýüzlenýär. belki şeý diýmek bilen özi lezzet alýar, ýa-da garşysyndakyny gadyrlap-hormatlaýar.)

23. Näçe köp berseň, şonça-da köp alarsyň. Danalygy, mähri, zehini paýlaşyň. Aňsatlyk bilen paýlaşyň...
(gysgaça, "ber - bereketiň artsyn". material zatlar paýlaşmak bilen azalmagy mümkin, ýöne ruhy zatlar paýlaşdygyňça köpelýär).

haýsy bir maslahaty "halanlarym" diýip täzeden kommentläp oturjak....
hemmesem gowy maslahatlar.
ýaşasyňy getirýär.
avatar
1
2 Medicall • 21:47, 01.02.2023
"31. Şu pursat bilen ýaşaň. Bu häzir biziň ygtyýarymyzda bolan ýeke-täk zatdyr. Geçmişiň hatalaryndan sapak alyň we ýakymly hatyralaryndan lezzetleniň, emma welin olara baglanyp galmaň, olaryň
sizi yzarlap ýörmegine-de ýol bermäň. Geljek hakda arzuw ediň, emma bu meselede-de yňdarma bolmaň. Şu pursady söýüň."
avatar

Старая форма входа
Total users: 202