Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:46
Enekäme

ENEKÄME

Şol gazaply günlerimiñ jorasy,
Meniñ garryja, lagşan kepderim.
Sosna jeññeliniñ ýalñyz goragy,
Köp wagt garaşnasyñ meniñ gidelim.
Äpişgäñ öñünde, ýagty otagyñ,
Ynjalykdan gaçýañ—göýä sakçy deý.
Sähel haýallaýar çozýän ýumagyñ,
Ýygyrt-ýygyrt bolan guran eliñde.
Otyrsyñ taşlanan derwezä garap,
Yzarlap, hem uzak, hem gara ýoly.
Gaýgy-gam, alada barha basmarlap,
Hersagat ýüregñi mynçgaýan ýaly.
Gözüñ öñüne şol… gelýär…

А. С. Пушкин

Няне

Подруга дней моих суровых,
Голубка дряхлая моя!
Одна в глуши сосновых
Давно, давно ты ждешь меня.
Ты под окном своей светлицы
Горюешь, будто на часах,
И медлят поминутно спицы
В твоих наморщенных руках.
Глядишь в забытые ворота
На черный отдаленный путь:
Тоска, предчувствия, заботы
Теснят твою всечасно грудь.
То чудится тебе…

© А.С. Пушкин

Rus dilinden terjime eden:
Kakajan BALKANOW
© Kakajan Balkanow
1996 ý.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: А.С. Пушкин | Рейтинг: 3.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
-1
1 Mergenowna • 07:55, 27.04.2023
SUPER!!!
avatar
1
2 Pero • 09:18, 27.04.2023
"Köp wagt garaşnasyñ meniñ gidelim." Kakajan aga,garaşansyñ men gidelim bolmaly dälmi. Meniñ däl-de men?
avatar
0
3 Мango • 09:28, 27.04.2023
Голубка дряхлая моя!
Meniñ garryja, lagşan kepderim.

bir terjime edilen ors kinosy bardy.
şonda dialog geçýädi, erkek aýalyna "kepderijigim" diýýädi.
derrew ol "kepderijigimiň" orsçasy beýnä signal berdi.
bu sözi kabul edip bilmän ýylgyrypdym hemem türkmençe gepläbem türkmençe geplemän bolýarow diýip pikir edipdim.
kinoda "Голубушка моя"-nyň ýerine, bolmanda "guşum" diýen bolsa ýene gowy ýaly, ýöne aýalyna "kepderijigim" diýilýänine duşmadym....
ýöne meniň duşmanym bilenem, "kepderijigim" diýýän ýok diýip bolmaz.

terjimeçilik kyn zat.
zähmediňize berekella.
avatar
0
4 Мango • 09:40, 27.04.2023
Одна в глуши сосновых
Давно, давно ты ждешь меня.

Sosna jeññeliniñ ýalñyz goragy,
Köp wagt garaşansyñ meniñ gidelim.

ol enekäň jeňňeliň goragylygyna düşünmedim.
"meniň gidelim" - bu sözem şowly däl.

ýeke özüň (ýalňyz), köpden bäri (uzak wagtlap) sosnalygyň jümmüşinde (jeňňelinde) maňa garaşýansyň (garaşýaň)...

"Köp wagt garaşansyñ" diýilse, onda "meniñ gidelim gelerime" boljak ýaly.
Köp wagt garaşansyň meniň gelerime.

ýene bir gezek, zähmetiňize berekella.
Puşkini türkmençe gepletmek aňsat däldir. :-)
avatar
0
5 Балканов • 22:27, 01.05.2023
Her bir sözüň sinoniminiň bolşy ýaly, onuň birnäçe manyly nusgasy hem bardyr. Bu ýerde A.S. Puşkin Mihaýlowskoýe obasynda sürgündekä, enekesi Arina Rodionownany iki ýyllap görmänsoň, "kepderijigini" küýsäp ýazan eseri.
Biz, enemizi, enekelermizi her dürli mähirli owaza meňzedemizde-de, olaryň perzentlerine ýüzlenýän mähir-muhabbetli, şirin duýgylarynyň öwezini dolduryp bilmeris.
avatar
0
6 Балканов • 22:41, 01.05.2023
Elbetde, Puşkiniň Mihaýlowskoýe obasyna sürgüne ugradylandan soň, iki ýyllap Arina Rodionownany tokaýa ýeke özüni taşlap gitmediklerine hemme kişi düşünýänddir. Haýyş edýärin, "jeňňeliň goragçysyny" Баба Яга bilen deňeşdirmäň! Puşkin empatiki duýgusy arkaly enekesiniň kalbyndaky harasatlary alyslardan okap otyr. Bu genial, gysgajyk (eser doly tamamlanmadyk) eserde beýik şahyr özüniň iň ýakyn dostunyň, syrdaşynyň, hemaýatkäriniň hüý-häsiýetiniň iň esasy taraplaryny lakonik görnüşde beýan edipdir.
avatar
0
7 Балканов • 22:42, 01.05.2023
"Gidelim" sözi "kepderim" sözi bilen kapyýalaşýarmy?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202