23:28 Adamzadyň döreýşi | |
Allatagalla adamzady ýaradanda adam sulba bolup, üç ýüz altmyş ýyllap jansyz ýatypdyr. Bu ýagdaýyň sebäbini hudaýdan soranlarynda ol: – Men muny ýeke toprakdan ýaradypdym weli, ýel, suw, ot dagy öýkeleýärler. Şonuň üçinem şu wagtyň içinde adamzadyň endamyna ýelden, suwdan, otdan hem garmak gerek boldy – diýipdir. Şindi görseň kä adam gyzmarakdyr. Onuň ody köpdür, suwy köpüňki şoňa görä, ýeli köpüňkem oňa görä bolýandyr. Aslynda adamlaryň dürli-dürlidigem şondandyr. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |