09:14 Şäher diýeniň Mary ýaly bolaýsa... | |
MARY (2500 ýyllygyna ýazylan goşgy) On-on iki ýaşlarymyzda şeýleräk pikir ederdik. Şäher diýeniň Mary ýaly bolaýsa... Köçeleri asfaltlanan, Jaýlary gatbar-gatbar, Hatar-hatar. Başyň aýlanar gider, Bilmersiň aňsat-aňsat Niredekä gündogar, Niredekä günbatar. Turbalary burugsap, Keşde çeker asmana. Gudoklary zoguldap, Başlar täsin dessana Hem furgondyr maşynlaň Seslerine ses goşar. Ýerde dogan ýalydyr Müňlerçe älemgoşar. Kä jaýyň gapysynda Märeke topar-topar. Lak atylan gelinler Ýigitleriň deňinden Gülüp, sülmüräp öter. Suwsadyňmy?!. Eý, teşne, Buzly, gyzyl suwdan iç. Ýadadyňmy?! Нol köpriň Üstünde dynç al-da geç! Hemem synla Murgaby Obaň onlarça ýaby Birleşse-de, onça ýok. Tolkunlary lemmer-lemmer, Murgap ýa-ha dälirändir, Ýa-da bolandyr gammar. Owadanmyş Moskwa, Görmesemem ynanýan. Gaýybana aşyk men, Oňa uýýan, sygynýan. Ýene-de köp şäherleriň Agzaýarlar adyny. Emma, beýdip aldamaklyk Aňsat däldir adamy... Madrid Maryça barmy? Pariž Maryça barmy? Маrу ýaly owadan Hem uly şäher bormy? Men-ä duşamak şindi, Ynanman, bar diýseler Haýsy şähere barsaň, Hökman Mary küýseler. Şäher diýeniň Mary ýaly bolaýsa... Italmaz NURYÝEW. | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |