Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:35
Alyslara giderin
ALYSLARA GIDERIN

Alyslara gitmek isleýarin men,
Howaly ýerlere, belent ýerlere.
Bir şygyr... Bir şygyr ýazmak islegim,
Meñzäp duran dolanaýly Güýzlere.

Bahar degresinde gül pyşyrdysy
Şygrym bilen ýetsin sõzlerim saña.
Meniñ armanlarym, hem ahwallarym
Zyýarat eýlesin gezen baglaryña.

Bir mahal saçyny sypalan şemal
Gijäniñ gatyndan çyk, maña gaýt sen!
Derýañ boýundaky iñ soñky tal hem
Kyrk gije derdimi suwlara aýtsyn..

Derýanyñ boýuny syryp barýaryn,
Derýalaryñ bõlünip şahalara-
Aýrylýan ýerlerini yzlap barýaryn,
Howaly ýerlere, ýagty jaýlara.

Şeydip uzak menzillere aşaryn,
Belki çeken hasratlarym soñlanar.
Kalbym nar dek ýarsam ýetermi-ganym
Birje şygryñ damaryndan aýlanyp?!.

* * *

Olis-olislarga ketmoq istayman,
Havoli joylarga, yuksak joylarga.
Bitta she’r… bitta she’r bitmoq istayman –
O‘xshasin kuzdagi to‘lin oylarga.

Bahorgi qirlarda chechak shiviri
She’rim so‘zlarini senga yetkazsin,
Mening armonlarim, mening dardlarim
Sen kezgan bog‘larni intizor kezsin.

Bir paytlar sochlaring silagan shamol
Tunlarning qa’ridan yonimga qaytsin,
Daryo bo‘yidagi so‘nggi majnuntol
Qirq kecha dardimni suvlarga aytsin.

Men ham o‘sha daryo ortidan boray,
Bo‘linib-bo‘linib ketay soylarga.
Men ham o‘sha suvlar ortidan boray,
Havoli joylarga,oydin joylarga.

O‘sha olislarga yetib borsam men –
Chekkan hasratlarim tamom bitarmi,
Xuddi anordayin qalbim yorsam men –
O‘sha bitta she’rga qonim yetarmi?!…

Hurshid DAWRON.
özbek şahyry.

Özbek dilinden terjime eden:
© Kalba NUR.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 48 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Hurşid Dawron | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 22:48, 27.11.2022
Soňky iki kupleti ýene birazajyk bişirmeli ýaly.
özbekçäm-ä ýok welin 4-nji kupletde terjimede “derýaň boýuny syryp barýan, yzlap barýan” diýilýär (kenardan barýan ýaly).
Originalda “şahalara bölünip-bölünip gidýän derýanyň arkasyndan (yzyndan) yzarlap barýan, şo suwlary (akymy) yzarlap giňiş ýerlere, aýdyň (ýagty) ýerlere barýan…” diýýän ýaly gördüm.

Derýanyñ boýuny syryp barýaryn,
Derýalaryñ bõlünip kenarlara-
Aýrylýan ýerlerini yzlap barýaryn,
Howaly ýerlere, tämiz gollara.

“kenar” nirden çykdy? Derýa bölünip kenarlara aýrylýamy?
”gol” hem под вопрос.
täzeden deňäp gör özbekçesini.

Men ham o‘sha daryo ortidan boray,
Bo‘linib-bo‘linib ketay soylarga.
Men ham o‘sha suvlar ortidan boray,
Havoli joylarga, oydin joylarga.

howaly ýerler diýýäni - giň ýerler, ýagty (aýdyň) ýerlermikä? Onda “tämiz gol” nirden çykdy?

—-

Şeydip uzak menzillere aşaryn,
Belki çeken hasratlarym soñlanar.
Kalbym nar dek ýarsam ýetermi-ganym
Birje şygryñ damaryndan aýlanyp?!.

originalda “tamom bitarmi”, “qonim yetarmi?” diýýär.
onda, “uzak menzillere ýetsem, çekýän hasratlarym bitermi, kalbymy nar deý ýarsam, ganym birje şygra ýetermi?” diýen ýalyrak diýýämi?
Terjimede “soňlanar-ýetermi”-li, belki “bitermi-ýetermi”-li etmelidir?

O‘sha olislarga yetib borsam men –
Chekkan hasratlarim tamom bitarmi,
Xuddi anordayin qalbim yorsam men –
O‘sha bitta she’rga qonim yetarmi?!…

aňladabildimmikäm?
avatar
0
2 Medicall • 02:14, 28.11.2022
Soylarga diýen sözi tapmandym şol wagtlar terjime edde. 2018- ýa 2019 dyr muny terjime edip kitapçyda goýan wagtym. Şol wagt bir gyz maslahat beripdem şol sözi. Üýtgetmelidimem şol mahal. Nämüçindir, üýtgetmändirin.
Bu ýerde-de bolşy ýaly goýdum. Häzir üýtgederin.

Ýöne howaly sözi bu ýerde belent, beýik diýildigi bolmaly.

Gol nireden getirip goýupdyryn, menem haýran, jaýlara bolmaly, ýa belent ýerlere, aýdyñ jaýlara bolmaly.

Havoli joylarga,oydin joylarga.

Bu ýerde howaly sözi belent, haýbatly manyda, oydin sözi tãmiz arassa manyda.

Enem kiçikäk gürrüñ berende ýadymda galypdyr: bir beýik zady suratlandyrjak bolsa "howalanyp dur" diýýäni ýadymda. Türkmen sözlüginde howaly sözi haýbatly, beýik diýmegi añladýan eken. Howalanmak bolsa ýelejiremek, seleñlemek diýmek. Goşguda hovaly, - diýmek belent, beýik, bolmaly.

Soñky bentde many üýtgänok hiç hili, terjime-de esasanam şygyr terjimesinde many üýtgemese, kapiýa gelişdirseñ gowy. Emma beýleki dokument üçin, ýa ylmy işler üçin bolsa sözme sözlük hokmandyr. Diýjek bolýanym goşgyñ labzy, çeperçiligi hem manysy bolmaly.

Düşündirip bildimmikäm.
avatar
0
3 Medicall • 03:45, 28.11.2022
Mun-a beýtdim onna:

Derýanyñ boýuny syryp barýaryn,
Derýalaryñ bõlünip şahalara-
Aýrylýan ýerlerini yzlap barýaryn,
Howaly ýerlere, ýagty jaýlara.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202