00:26 Atarman-çaparman | |
ATARMAN-ÇAPARMAN Hekaýa Towşan köpeltmek, “Hoşboý ys” sabyn kärhanasynyň ýaş direktory Narsiso Diasy hemişe-de gyzyklandyrýardy. -Siňekler ýal-a köpelýärler, käbirlerem owlagyň agramyna barabar bolýar. Ýekeje ýetmezçilikleri – iýermenligi, ýöne herki janaweriňem birje kemçiligi bolmaly ahyry. Narsiso Diasda, çagalygyndan her bir ädiminde ýolbaşçynyň, guramaçynyň hem-de işewür adamyň zehini görünýärdi. Birinji gezek çokundyrylan gününde ol, ejesiniň ertirlik üçin etli gutapjykdyr biskwit satyn alýan süýjülik aşpezinden şol günki gazanjynyň on göterimini özüne talap etdi. -Madridde Süýjülikhanalar depme-dykyn,-diýip ol, “Hanym Pompaduryň posasynyň” hojaýynyna aýtdy:-pikirem etmäň, birinji çokundyrma gelýän çagalar welin, üýşüp ýatanok. Onsoňam men ejeme: “eziz ejemjan, men “Allanyň bagynda” bişýän çişme hem egremçe kökeleri gowy görýän-dä, olar has gyzarypjyk bişen, özem has tagamly ysy bar” diýäýdigim, ýeterlik bolar. Özüňiz düşünýäňiz, munuň maňa hiç hili kynçylygy ýok. Isledigim bes... “Hanym Pompaduryň posasynyň” hojaýyny, don Senon Matraka, bihaýa, öň salgyt ýygnaýjy bolan, hatda, gybatkeş dillere ynansaň, bir gezek jelladyň wezipesinem ýerine ýetirip gören kişi, ýaşajyk Narsisony ýakyp-ýandyryp kül ediji nazar bilen parran böwüsdi, emma onuň on göterimini welin berdi. -Bar balajyk, sen daşa daňsalaram hor bolmarsyň. -Alada etmäň, jenap. Bu geleşikden soň, ilkinji çokundyrma güni ýaşajyk Narsisonyň senagata hem-de söwda mähri gitdi, bizň öňem aýdyşymyz ýaly, eýýäm ýaşlykdan başlap ol sabyn kärhanasynyň başlygy boldy. Indem onuň ýeke pursadam işlemegini bes etmeýän beýnisi, towşan köpeltmegiň meýilnamasyny eýläk-beýläk öwrüp-çöwrüp görýärdi. Narsiso, nädibem bolsa täze başlangyjyna, birinji nikasyndan on dört, ikinjisinden ýigrimi üç çagasy bolan öňki žandarm don Trinidida Raponsony çekmegiň kül-külündedi. “Don Trinidad,” diýip Narsiso oýlanýardy: “dogurdaganlygyň geň-enaýylygyny görkezdi. Çak edýän, towşanlar onuň bilen ruhy bäsdeşligiň hatyrasyna, özlerini gowy alyp bararlar hem-de samsyk hokga goparmazlar. Başlyklaryň öz derilerinde bolup gören bolmaklary, işgärleriň ylhamyna ylham goşýar we olaryň kalbyny şadyýan saklaýar”. Haçan-da Narsiso öz etsem-petsemlerini paýlaşanda, täze telekeçilik don Trinidada altyn çeşmesi bolup göründi. -Men pikir edýän, siz bu pişede depe-depe pul gazanyp bilersiňiz. Men minnetdarlyk bilen teklip edilen wezipäni kabul edýärin, onsoňam gol gowşuryp, işsiz oturmagam düýbünden halamok. Raposo bilen Narsiso, meýilnamanyň soňkuja jikme-jikliklerini maslahatlaşmak bilen duşuşdylar-da, birnäçe günden soňam täze kärhanalaryny “Kunikopolis” diýen at bilen bellige aldyrdylar. Ilki bilen olar birnäçe towşan jübtüni satyn alyp, olary ýataga saldylar, şonda-da Narsiso, don Trinidada çuňňur duýguly nutuk bilen ýüzlenip, ony bazarda we sergilerde belent buýsanjyň özeni boljak, towşanlaryň iki sany görnüşini ösdürip ýetişdirmek babatda janyňy aýaman işlemäge çagyrdy. Towşanlaryň bir görnüşi, don Narsisoň çişik daýzasynyň şanyna “Huana daýzajanyň etlegi”, ikinjisi bolsa, don Trinidadyň hormatyna “žandarm Raposonyň dogragany” diýlip atlandyrylar. Don Trinidad oňa gysgajyk minnetdarlyk bildirensoň, “Kunikopolis” işlemäge başlady. Biraz wagtdan soň, “Hanym Pompaduryň posasynyň” hojaýyny, don Senon Matraka, öň nijema göjeklenen serçe, sabyn kärhanasyndaky Narsisonyň iş otagyna geldi-de, diýdi: -Gulak assasana Narsisin jan, oglum, men seni köp ýyldan bäri tanaýan. Seniň menden on göterimi garagyma basyp alan ilkinji çokundyrma günüňden bäri, men elmydama-da seniň atarman-çaparman ýigitdigiňi, seniň gaty ösjekdigiňi ýanjap gelýärin. -Haýyş edýän, Matraka, birneme gysgarak aýdyp bolanokmy, men juda işli. -Onda iki agyz sözde aýtsam, oglum, maňa “Huana daýzajanyň etlegi” görnüşinden birnäçe sany towşan gerekdi. -Köpeltmek üçinmi? -Ýok, ýok. Maňa ördekli gutapçalardan birnäçe ýüz sanysyny sargyt etdiler. Ýöne onuň içine towşan etini salmak maňa has düşewüntli boljak. Saňa olaryň bahasyny nagt töleýän. -A tagamyny nätjek? -Biynjalyk bolma, bu meniň öz işim. Tagamynyň bildirmezligi üçin üwelen ete gummiarabik (akasiýa agajyndan mum) bilen birküç damja-da smorodina şiresi goşulýar. Onsoň hakyky ördek eti bolýar duruberýär, hiç kimem saýgaryp bilenok. Onsoňam indi men üwelen ete birazajyk içiňi sürýän köküň külkesinem goşýan. Öňler müşderileriň haýsam bolsa biri içegesiniň düwülmesinden ölýärdi, ýöne meniň ete sürgi köküni garyp ugralym bäri hemme zat gülala-güllük. Müşderileriň käbirleri, hatda semreýärem. -Ýagşy. Size näçe sany towşan gerek? -Hymm, aýdaly, ýigrimi bäş sany. Pikir edýän, maňa ýeterlik bolar. -Bahalar-a bilýänsiňiz-le? -Bilýän. -Örän oňat. Puly orta taşlaýaňyz-da, towşan almaga haçan isleseňiz geläýýäňiz. Ýöne, bilip goýuň Matraka, şunuň ýaly ýagdaýlarda, syry gizlin saklamak üçin adatça öňki bahaň üstüne onuň on göterimini goşmaça alýarlar. Biziň ömrümizde hemme zat pula durýar. Jemagatyň ördegiň deregine towşan iýýändigini bilmezligi üçin, size on göterim artykmaç tölemek bähbitlimikä diýýän. -Dagy näme! Don Senon Matraka, bolmalysy ýaly töledi-de, towşanlary alyp, özüniň ördekli gutapçalaryny taýýarlady. Narsiso ony özüne maýyl etdi. Žandarm Raposo öz başlygynyň başarnyklary barada dostlary gürrüň berýärkä, buýsanç bilen joşýardy: -Bäh bu don Narsisonyň atarman-çaparmandygyny! Siz ondan soraýarsyňyz: don Narsiso, eýýäm on iki zaňyny kakdymy? Ol jogap berýär: hawa, eýýäm on iki we on göterim, size mälim bolşy ýaly, bu bolsa bolýar 1,20. Nähili berekella ol, hiç haçanam awuny aldyrmaz! Žandarm Raposonyň dostlary oňa guwanç bilen garaýarlar. Don Narsiso ýaly şeýle ýeser bilen işlemek – sypatyňa beýiklik çaýýar. -Girdejili işleri oýlap tapaýyşyny dagy diýsene! Ine bu ýerde onuň dünýäde-de deňi-taýy ýokdur, hatda, ýankilerem (ABŞ-lylaryň ýaňsyly atlandyrylyşy), oňa deňleşip bilmezler! Bir işi ýola goýdy – me saňa! – eýýäm ikinjiniň üstünde kelle döwüp ýör. Men ynanýan, don Narsiso millioner bolar, ine görüň duruberiň! Men gepe çeper däl, eger-de men owadan gürlemegi başarsamdym! Žandarm Raposonyň myhmanlary bahyllyk bilen dem alýarlar. -Şeýle ýaşam bolsa, eýýäm öküzi şahyndan ýapyşyp, nogtalaýşyna serediň-ä. -Ine, ine. Hut şolam men haýrana goýýar! -Diňläňsene, Raposo, siz onuň başyny başlajak haýsam bolsa bir täze işine meni hödürläp, maňa howandarlyk ediňsene. Pikir edýän, şeýle adam bilen işleşmek, diňe lezzet bolmaly. © KAMILO HOSE SELA Terjime: © Serdar ATAÝEW *** KAMILO HOSE SELA Kamilo Hose Sela, 1916-njy ýylyň 11-nji maýynda Ispaniýanyň Padron şäherinde doglup, 2002-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda aradan çykan, meşhur ispan ýazyjysy hem dramaturgydyr. Ol, 1989-njy ýylda “ynsan kemçiliklerini duýgudaşlyk hem mähribanlyk bilen şekillendirýän çuňňur hem güýçli kyssasy üçin”, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolýar. K.H.Sela meşhurlyk getiren romany “Paskuale Duarteniň maşgalasy” 1942-nji ýylda ýazylypdyr. Bu roman Ispaniýadaky raýatlyk urşunyň ezýetlerine, elhençliklerine hem-de bir halkyň adamlarynyň birek-birege garşy barlyşyksyz göreşine bolan meňzetme-ýaňzytma (allegoriýa) häsiýetli çeper eserdir. Bu roman häzire çenlem Ispaniýada Migel de Serwantesiň “Don Kihotyndan” soň, ikinji iň meşhur çeper eser hasaplanyp gelýär. | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
| |