Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:55
Aýralygyñ aýdymy

AÝRALYGYŇ AÝDYMY

Gapyňyzda toý tutulýar, dilberim,
Hany yşkyň messebi hem wepasy?
Seni haýsy pelek urdy,
Bilmedim,
Köňlümiň soltany,
Yşkymyň şasy!
Hany seniň “Söýýän” diýen sözleriň?..

Gapyňyzda toý tutulýar, dilberim!
Hany yşgyň wepasy hem messebi?
Kesekiň bagtynyň üstünde şeýdip,
Mydam toý toýlaýar dünýäň mesleri!

Tylla gupbaň - başyňdaky şa jygaň!
Ýüzde desmal - bagrym üzre pajygam,
Seni haýsy pelek urdy, dilberim,
Meni haýsy pelek urdy, dilberim,
Bilebilmedim!...

...Başyňdaky kürte - daşdan kapasa,
Başyňdaky kürte maňa kependir!
Indi bu jahanyň bary hem ýogy,
Saňa-da des-deňdir!
Maňa des-deňdir!

Başyňda gök kürte,
Gyzyl ot kürte,
Indi bu dünýäde bagtym ýok örte,
Gök kürtäň içinde ýanyp barýansyň,
Gök kürtäň içinde täleýe gargap,
Gök kürtäň içinde äleme gargap,
Hünübirýansyň!

Bir gujak ter çemen - dähedem-dessem,
Bir gujak ser çemen - dähedem-dessem,
Şagalaň hem şowhun,
Şadyýan sesler,
Indi bu jahanyň bary hem ýogy
Saňa-da des-deň!
Maňa-da des-deň!

“Gelin gelýär” diýip gygyrýar millet,
“Ýarym gitdi” diýip bagyrýar kalbym.
Gelnaljy maşynlar düýt-de düýt,
Kyýamatyň zogyn çalýar Ysrapyl!
Gyz gidip barýar!
Gyz gidip barýar!
Jahanyň şalygyn özünde jemläp,
Jahanyň şatlygyn özünde jemläp,
Jahanyň bagtyny özünde jemläp,
Äkidip barýar!

Şol gün şeýdip aýrylyşdy ýolumyz,
Seňki toýa bardy,
Meniňki - ýasa.
Maňa dünýäň şa gyzyny söýdürip,
Köýdürip,
Bagrymy gana öýdürip,
Seni rowa gördi kesekä - ýada,
Meni bolsa örtendirdi perýada!

Bir gujak ter çemen -
Dähedem-dessem,
Bir gujak ser çemen -
Dähedem-dessem,
Şatlyk-şowhun!
Çapak çalýar halaýyk!
...Meniň betbagtlygym, sen niçik eziz!
Meniň betbagtlygym, neneň owadan!
Meniň betbagtlygym -
Niçik ajaýyp!

EJE

Üç dogan, üç oguldyk,
Ýalňyz bolup galdym men.
Nurdan bina bolupdym
Arşdan mähir alypdym
Ahy-ýasdan gandym men.

"Oglum!" diýip başymy,
Sypajak kakam hany!
Ýat ýurtlarda ýatyr ol,
Garbap sowuk topragy!

"Balam!" diýip buýsanjak,
Mähriban enem kanda?
Pähmi kän atam kanda?
Ýalňyz galdym men munda!

Ýylynmaga ojak ýok,
Ýatar ýaly külbäm ýok.
Men dünýäň öweý ogly,
Bu dünýäde dünýäm ýok!
Ozal agşam dört bolup
Abadan il-ýurt bolup,
Eje goýnunda ýatdym.
Gara daňdan silkinip,
Ýetim kylyp oýatdyň!

Hany, mähriban ejem,
Hany, jana jan ejem?
Hany, basdaş doganlam?
Arş astynda ýeke men!
Ýer üstünde ýeke men!

Hany, dünýäň eýesi?
Hany, ýurduň eýesi?
Neýläýin öz iline
Kast eýleýän pelegi!

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

Bölümler: Goşgular | Görülen: 59 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203