Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:39
«Aýym» diýerdim saňa

«AÝYM» DIÝERDIM SAŇA

«Aýym» diýerdim saňa. Yşkdan dolup-daşýan, tolkunlary bilen kenaryndaky gaýalary özüne siňdirmek isleýän hyruçly bir deňzi ýada salýan dünýäm bardy. Seni bu dünýämiň Aýyna meňzederdim. Ýöne, bilmedim, bir taraply garaýşyňdanmy-nämemi, kän bir göwnemezdiň beýle ýüzlenmämi. «Aýym» diýip ýazan sms-ime hem «Beýle diýmek bilen Günsüz hiç zatdygymy aýtjak bolýaňmy?» diýip jogap beripdiň, ýadymda. Näme diýjegmi-de bilmedim.
Ýüregim görmek islänini görüpdir öýdýän. Barlygyňda ynjalardym. Ýanymda saýardym seni. Aslynda uzak eken aramyz, juda uzak. Şeýle-de uzakdan gatnaşardyk. Iki simiň arasyndan eşiderdim sesiňi. Sms-leriň gelerdi. Men bolsa ähli zady hyýaly dünýämde ýaşardym.
Ylhamymdyň sen meniň. Öňler goşgy-gazal bilen ugrum bolmazdy, saňa duşup ýazarman boldum. Bar ýazanymam söýgi hakynda, söýgim hakynda. A seniň welin söýgime gümanly garaýşyň bardy. Göwnüňi awlamak islärdim, a sen aldamak isleýändir öýderdiň. Dünýäde her ki zat iki taraplydyr, sen elmydama tersinden bakardyň. Bolmajakdan tutardyň. Meniň bolsa bar bilenim-bitenim sen bolduň. Ahwalym-halym saňa baglydy. Çünki Aýymdyň.
Käşgä düşünsediň Aýyň dünýä üçin, dünýäm üçin niçik wajypdygyna. Onuň bar ähmiýeti gijeleri ýagtyltmak däl ahyry. Aýyň öz dartyş güýji bilen ummanlaryň, deňizleriň deňagramlylygyny saklaýandygyny bilýärmidiň? Deňiz kibi göwnümiň däli-porhan bolmasy hem seniň bilendi, asudalygy hem.
Men şol günleriň ýatlamalaryna çolaşdym galdym. Ne bir ädim ilerläp bildim, ne ýeke pursat yza dolanyp. Unutmadym, unudyp bilmedim, şu gün seniň doglan günüň. Gutly bolsun! Gaşyňa barmaga gaýratym çatmady. Elimde internet sahypaňdan alan suratym. Şonda-da özüň ýanymda ýaly göwnüme. Bu hemişe-de şeýledi. Şeýle-de bolar.
Göz öňümden hiç gidenok syratyň. Saryjadyň. Käte bir ýylgyrardyň maňa. Gül keşbiň Güne çalym etse-de, «Aýym» diýerdim saňa.

Sähetmyrat SÄHEDOW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 105 | Mowzugy paýlaşan: LegLek | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Sylapberdi • 01:19, 08.02.2024
Gowy eken. Akrostihmi ýa akro oýlanma?!)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203