Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:16
Aýyp kimde / hekaýa
AÝYP KIMDE

Hemraýew agşamlyk naharyny iýip bolansoň ýatmakçy boldy, emma bolmady. Aňyrky otag goh-galmagal, çagalar ýassyk bilen biri-birini urup oýnap ýörler. Sagat dokuzyň ýarynda ýygnaga hem barmaly. Düýn Hemdem ata-eneler ýygnagy boljakdygy barada mekdepden hat alyp geldi.
Hemraýew hiç haçan ýygnaga baran adam däl. Emma pursady bolanda taýýarlanyp barmakçy we çaga terbiýelemegi bilmeýän ýa-da bu işe sowuk-sala garaýan mugallymlary utandyrmakçy. Bu niýeti aýaly Sabirahana örän makul boldy.
— Aýt, utandyr. Çagalar mekdepde okap gaýta bibaş bolup barýalar. Sen öý-de ýok wagtlaryň dagyn bi Hemdemden ýaňa maňa dynçlyk ýok. Öňler urup ýeňerdim, indi uraýyn diýsem gaçyp, tamyň üstüne çykyp gidýä, tamda durup maňa dilini çykarýa.
Hemraýew elindäki depderine bir zatlar ýazdy.
— Hawa, ýene nämeler edýä?
— Ursam «Barybir agyranok» diýip jykyr-jykyr gülýä… Wi ýene-de, bir ýyldan bäri «eje» diýenini eşidemok, hemişe «Turandat» diýýä.
Hemraýew gülüp göýberdi. Bu lakamy Sabirahana geçen ýyl baýramda bir tanyşynyňka myhmançylyga baranlarynda özi dakyp hemmäni güldiripdi.
— «Turandat» diýýäm-ä? Ýöne muny ýygnak-da aýdyp bolmaýa, sebäbi… Emma bir tarapdan aýtsaňam bolar, çaga diýeniň ulylaryň gepini aýtmazlygy gerek.
— Elbet-de! Mekdepde şular ýaly zatlary öwretmeseler nämäni öwredýäler? Gury ylym bilen çaga çaga bolýan ekenmi?
Hemraýew Sabirahanyň şikaýatlaryny, gazetlerde okan, adamlardan terbiýä degişli eşiden gürrüňlerini depderine ýazdy, depderini doldurdy, soňra olaryň hemmesinden netije çykardy:
— Men bir kagyza okamazdan gol goýsam, sen bir köýnegiň ýakasyny gyýşyk tikseň işe sowuk-sala garanymyz üçin jogap bermeli bolýas, nämüçin çaga terbiýesine sowuk-sala sereden mugallyma kanun ýok? Hany Hemdemi çagyr bäre!
Aňyrky otagdan, perleri çykyp giden ýassygy göterip Hemdem çykdy.
— Otur bärde! Hawa, sen nämüçin köçe çagalaryna meňzäp garagollyk edýäň?
Hemdem ýassygy kürsä goýup, üstünde oturyp ejesine seretdi.
— Näm etdim?
— Men soraýan, maňa bak! Näme edeniňi bileňokmy? Nämüçin ejeň uranda… ýok, bulam bolýa. Nämüçin ejeňe «eje» diýmän… ýok, nämüçin tamda durup ejeňe… umuman, üçegiň üstünde ýörýämişiň, ýer göterenokmy? Mekdepde saňa şuny öwredýälermi? Hany depderleriň?
Hemdem ejesine seretdi:
— Haçan men üçekde ýöredim?
— Ýok, üçegi goý, maňa depderleriňi görkez! Bu ýyl okuw başlaly bäri näçe sany «bäş» baha aldyň?
— Ýekeje-de ýaman baha almadym, ine…
Hemraýew depderleri gözden geçirip başlady.
— Bolýa, häzir görýäs, «dört», «üç», «üç» hany «bäş»? Orsçadan nämüçin «dört»?
— Bäşe okasamam mugallymym dört goýdy, bäşden dört ýagşy diýdi.
— Şeý diýsene! Entek sen ýalan gürlemänem bilýäňmi? Hany, bärräk gel, gözüme seret! Dört ýagşy diýdimi?
Hemdem ýalan gürlemegiň bular ýaly jezasyny ömüründe birinji gezek görüşidi, çydap bilmedi, aglap göýberdi.
— Maňa seret diýýän? Ýalan gürlemegi kim öwretdi saňa? Haýsy mugallymyň?
— Goý indi, indikide ýalan gürlemez. Waý, towa orsçadan nämüçin dört, orsça bela ýaly gepleýäne meňzeýärä!
Hemraýew Hemdemiň gulagyndan çekip özüne seretdirdi.
— Ýene ýalan gürlejekmi? Şundan soň ýalan gürleseň, bilip goý, men ejeň ýaly agyrmaýan edip urmaryn! Şu ýalan sözüňden soň orsçadan dört alanyňada ynanmaýan. Hany, bolýa, meselem, çeýnegiň gapagyna orsça näme diýilýä? Gapyň tutawajyna näme diýilýä?
Hemdem ikisini hem bilmedi, aglap aňyrky otaga girip gitdi.
Hemraýew depderini alyp bir zatlary öçürdi, ýene bir zatlar ýazyşdyrdy.
Hemraýew depderini jübisine salyp:
— Ýok — diýdi —Bu işe ünslije seretmek gerek. Şular ýaly bolansoň ýygnaga gowuja taýýarlanyp barmasaň bolmaýa. Terbiýä degişli kitap köp.
Sabirahan:
— Sagat sekiz boldy — diýdi.
Hemraýew oýlanyp galdy. Ýygnaga barsa elbet-de gürmeli bolar, gürlemejek bolsa barmagynyň geregi ýok. Söze çykanda näme barada gürlemeli, gepi nämeden başmaly, nähili netije çykarmaly?
Hemraýew:
— Ýok, bular ýaly barmakdan peýda ýok, Turandat— diýdi — Bu gezeklikje sen bar. Men indiki gezek gowuja taýýarlyk görüp barjak.
— Goýsaňaý! Ömürümde barmadyk ýerime nädip baraýyn? Meň barmagymdan näme peýda bar?
— Peýda bolmasa, zyýanam ýog-a!
Är-heleý peýda-zyýan dogrusynda çekeleşip sagady dokuzyň ýary etdiler.
Hemdem aňyrky otagdan çykyp:
— Näme edip otyrsyňyz? Direktor gelsinler diýip tabşyryp goýberipdi. Ertir haty bermediksiň diýip maňa gygyrar.
— Ejeň-ä barmaýa, barmagyndan peýda hem ýok. Men indiki gezek barjak.
— Müdir sorasa şeý diýeýinmi?
— Nämüçin? Ullakan bolup şuňa bahana tapaňokmy? Dädem işden giç geldi, ejemem keselläp ýatyr diýgin.
Hemdem dädesine uzak wagtlap seredip galdy. Ol ertir dädesiniň aýdyşy ýaly eder.

© Abdulla KAHHAR
1940 ý.
Terjime: © Saparmyrat GÜRGENÇLI
2020 ý
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Gurgenchli | Teg: Abdylla Kahhar | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
0
1 Мango • 01:21, 03.04.2023
Бу ният унинг хотини Собирахонга жуда маъқул бўлди.
Bu niýeti aýaly Sabirahana örän makul boldy.
Belki: Bu niýet onuň aýaly Sobirahana juda makul göründi.
***
Мактабда шунақа нарсаларни ўргатмаса нимани ўргатади? Қуруқ илм билан бола бола бўлар эканми?
Mekdepde şular ýaly zatlary öwretmeseler nämäni öwredýäler? Gury ylym bilen çaga çaga bolýan ekenmi?
Belki: Mekdepde şular ýaly zatlary öwretmeýän bolsalar, nämäni öwredýäler? Gury ylym bilen çaga çaga boljakmy?
***
– Мен бирон қоғозга ўқимасдан қўл қўйсам...
...қани, чақир бу ёққа Ҳамдамни!
— Men bir kagyza okamazdan gol goýsam...
...Hany Hemdemi çagyr bäre!
Belki: — Men bir kagyza okaman gol çeksem...
...Hany Hemdemi çagyr bärik!
***
— Мен сўраётибман, менга қара! ...
— Men soraýan, maňa bak!...
Belki: — Saňa diýýän, maňa bak!
***
Бу йил ўқиш бошлангандан бери нечта «аъло» баҳо олдинг?
— Битта ҳам… ёмон баҳо олганим йўқ. Мана…
Bu ýyl okuw başlaly bäri näçe sany «bäş» baha aldyň?
— Ýekeje-de ýaman baha almadym, ine…
Belki: Bu ýyl okuw başlaly bäri näçe «bäşlik» baha aldyň?
— Ýekeje-de... erbet baha almadym. Ine…
***
Ҳамдам ёлғон гапиришнинг бундай оқибатини умрида биринчи кўриши эди, йиғлаб юборди.
Hemdem ýalan gürlemegiň bular ýaly jezasyny ömüründe birinji gezek görüşidi, çydap bilmedi, aglap göýberdi.
Belki: Hemdem ýalan sözlemegiň bular ýaly netijesini ömüründe ilkinji gezek görüşidi, çydap bilmän aglap göýberdi.
***
Бундан кейин ёлғон гапирадиган бўлсанг, билиб қўй, мен ойингга ўхшаб оғримайдиган қилиб урмайман-а!..
Şundan soň ýalan gürleseň, bilip goý, men ejeň ýaly agyrmaýan edip urmaryn!
Belki: Şundan soň ýalan sözleseň, bilip goý, men ejeň ýaly agyrtman urmaryn!
***
Қани, хўш, масалан, чойнакнинг қопқоғини русча нима дейди? Самоварнинг жўмрагини нима дейди?
Hany, bolýa, meselem, çeýnegiň gapagyna orsça näme diýilýä? Gapyň tutawajyna näme diýilýä?
Belki: Hany, bolýa, meselem, çäýnegiň gapagyna orsça näme diýilýär? Samowaryň jürnügine näme diýilýär?
***
Ҳамдам икковини ҳам билмади ва йиғлаганича нарига уйга кириб кетди.
Hemdem ikisini hem bilmedi, aglap aňyrky otaga girip gitdi.
Belki: Hemdem ikisini hem bilmedi, aglap tördäki otaga girip gitdi.
***
Эр-хотин фойда-зиён тўғрисида тортишиб соатни саккиз ярим қилишди.
Är-heleý peýda-zyýan dogrusynda çekeleşip sagady dokuzyň ýary etdiler.
Belki: Är-aýal peýda-zyýan barada çekeleşýänçäler, sagat dokuzyň ýary boldy.
***
Директор жуда тайинлаган эди, хатни топширмагандирсан деб эртага мени уришади.
Direktor gelsinler diýip tabşyryp goýberipdi. Ertir haty bermediksiň diýip maňa gygyrar.
Belki: Direktor gelsinler diýip tabşyryp goýberdi. Ertirem haty beren dälsiň diýip meni urar.
avatar
0
2 Мango • 01:22, 03.04.2023
Ady: Айб кимда?
"Aýyp kimde?" däl-de, belki "Kim günäkär?" bolmalydyr?
avatar
0
3 Gurgenchli • 07:55, 03.04.2023
GÜNÄKÄR

[günä:kä:r], (sypat)1. Jenaýatçylykly iş eden, etmişli. 2. Özüni günäli duýýan. Myrat günäkär görnüşde gözlerini mölerdipjik ýere seredip durdy (Ö. Abdyllaýew). 3. (göçme many), serediň Sebäpkär.

Bu ýerde är-heleý jenaýat işländir öýdemok.
avatar
0
4 Gurgenchli • 08:02, 03.04.2023
Bir eseriň iki ýa-da köp terjimesini okap gördüňmi? Elbetde okap görensiň. Ana seniňki hem şonuň ýaly bolupdyr, hekaýany özüň hem terjime edipsiň. Ýa meň terjimämiň ýalňyş ýeri barmy ony ýaz?
avatar
0
5 Gurgenchli • 08:06, 03.04.2023
Belki: Direktor gelsinler diýip tabşyryp goýberdi. Ertirem haty beren dälsiň diýip meni urar.

Özbekçe URUŞADI sözi türkmençe KÄÝEMEK, ýagny has dogrusy ertir haty beren dälsiň diýip maňa käýär bolmaly.
avatar
0
6 Gurgenchli • 08:17, 03.04.2023
Belki: Hany, bolýa, meselem, çäýnegiň gapagyna orsça näme diýilýär? Samowaryň jürnügine näme diýilýär?

Özbekçe JUMRAK sözi orsça kraýnik bolýar, türkmençesini bilemok, şu hekaýany terjime edenimde kitapçyda hem kraýnik sözüniň türkmençesini sorapdym, bilen bolmady. Şonuň üçin gapyň tutawajy diýip aldym.
Başga seň terjimäň bilen meň terjimämde üýtgeşik tapawutly ýer görmedim. Nesip bolsa agşam işden gelemsoň ýene bir hatar gözden geçirerin.
avatar
0
7 Gurgenchli • 08:22, 03.04.2023
Belki Günä kimde bolsa has dogry bolardy, sebäbi şerigata görä ýalan gürlemegi öwretmek günä hasaplanýan bolmaly.
Garaz Günä-ni saýlasaňam Aýyby saýlasaňam ýalňyş bolanok şul ýerde
avatar
0
8 Gurgenchli • 08:24, 03.04.2023
....
avatar
0
9 Мango • 09:26, 03.04.2023
[günä:kä:r], (sypat)1. Jenaýatçylykly iş eden, etmişli. 2. Özüni günäli duýýan. Myrat günäkär görnüşde gözlerini mölerdipjik ýere seredip durdy (Ö. Abdyllaýew). 3. (göçme many), serediň Sebäpkär.

Çaganyň terbiýesizligine esasy SEBÄPKÄRIŇ ene-atalardygyny aýtjak bolýa Abdylla daýy.
Aýyp - bu ýerde günäkärlenmegem bar bolsa-da esasan utandyrmak duýgulary bar. Pikirimçe ady has dogrusy: Günä kimde? bolmaly hasaplaýan. günä - diňe bir jenaýat däl, "ýalňyşlyk, nädogrulyk bilen edilen hereket, ýazyk, etmiş" manylary hem bar.
elbetde, soňky karary awtor berer...
avatar
0
10 Мango • 09:34, 03.04.2023
jüründik
Çäýnek, semawar we ş. m. zatlaryň suw akary, burny, jürnügi.

Ol apparatyň rezin naýynyň ujundaky, mis jüründigina ýokaryk galdyryp, agajyň töweregine çaltlyk bilen aýlanýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýagyş aldygyna ýagýardy, edil kündügiň jüründiginden dökülýän ýalydy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
avatar
0
11 Gurgenchli • 13:20, 03.04.2023
Özbekçedäki Jumrak жўмракsözi türkmençede Jüründik (çürnük bolanokda agam. Oňa biziň dilimizde orsçadaky kraýnik diýilýär. Kraýnigi towlaýaň suw akýar. Biziň dilimizde onuň atlandyrylyşy ýok
avatar
0
12 Medicall • 14:20, 03.04.2023
Aýyp - utanç, ýigrenilýan hereketi ogryn, gizlin işlemek

Günä - dini tarapdan aýdylanda şerigata laýyk gelmeýän hata göýbermek, adaty tarapdan seretseň nädogry hereket
ýazyk - müýn, etmiş,

diýmek aýyp kimde däl-de, günä kimde, ýazyk kimde diýilse-de bolmaýandan bolman durmajak eken
avatar
0
13 Medicall • 14:21, 03.04.2023
many taýdan gowy hekaýa
avatar
0
14 Pero • 16:45, 03.04.2023
Gürgençli,Mongoñ eden belliklerinde inçelik bar INÇELIK. Şoñ üçinem göräýmäge siziñ terjimäñizden tapawutlanmayan yaly görünse-de warianlaryñ(sözlerdäki)has dogrusyny saýlap size moyestrlik edenini kyn görmeli dälmikäñiz diýýän. Tersine begenmeli. Bu bellikler kämilleşdirýär ahyry.
Gowja zatlary tapyp terjime edýäñiz,Gürgençli! Dowam ediñ,üstünlikler!
avatar
0
15 Gurgenchli • 19:06, 03.04.2023
Seňkem dogrudyr belki. Mangoňkam dogrudyr, nädogry diýemok.
Ýöne meniňki hem dogry eger uçdantutma Mangoň ýazyşy ýaly üýtgetsem bu eýýam meniň terjimäm däl-de Mangoň terjimesi bolýar, şonuň iň gowusy Mangoň öz terjimesini aýratyn blog edip açsa gowy bolar öýdýän, goý okyjy islänini okasyn, haýsynyň gowudygyna okyjy baha bersin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202