16:16 Bagt hakynda rowaýat | |
BAGT HAKYNDA ROWAÝAT Garadagyň ýaýlym baýyrlygynda ilkagşamdan bäri sonarlap ýören çaklaňja dowar sürüsi gije ýarymdan aganda, gerk-gäbe doýup, belent syrtyň bilindäki ýalpak aýtymda toplum tutup ýatypdy. Goýunlaryň käbiri gijäniň imsalalygynda garry zeminiň göwsünden çykýan zaryn iňňildä diňşirgenýän dek, başyny goýry salyp, jadylanan ýaly terpenmän durdy. Ýapgyt-ýapgyt baýyrlaryň arkasyny sypap ösýän sergin şemaljyk ýaz otunyň ýüpek maýsasyny ülpüldedýärdi. Kaspinň üstünden sürlenşip gelýän tüýjümek gara bulutlar Aýyň öňüni tutup, gijäniň alagaraňkylygyny dura-bara goýaldýardy. Garadagyň aňyrsynda ýalaw gylyjyny synap görýän ýyldyrym kämahal bir göwünli-göwünsiz jasyrdap gidýärdi. Şonda asmanyň aşak etegine ýalbyrap çaýylýan göz gamaşdyryjy ak şuglanyň içinde garamtyl-gök gaýalar ýalp edip, göze kaklyşýardy-da, şol bada hem tüme batýardy. Howada ýagyş ysy bardy. Süriniň yk tarapynda goş tutan iki kişi bahar gijesiniň mylaýym aalagaraňkylygyny bürenen çola baýyrlygyň enaýy ümsümligini bozmaga dözmeýän ýaly, pessaýja hümürdeşýärdi. Paty-putysyna tirsegini dirän ýaşuly çopan, Atagarry aga külüň astynda galan ýyldyrawyk közjagazlary uzyn çöpüň ujy bilen bir ýere üýşürip, garşysynda dikgerip, aýbogdaşyny guran ýaş ýigit bilen mesawy gürrüň edip otyrdy. Parasatlylyk ýaşyna ýeten goja kişiniň gyrygyragada goýry owazy parahat gijäniň garaňkysynda iňňän mylaýym ýaňlanýardy. Atagarry aganyň häzirki başlan gürrüňi ýigidiň gulagyna ýag bolup damýardy. - Köp ýagşy bolupdyr, Gündogdym! Zyýat gözel maşgala alypmyşyň diýýärler. Hernä bagtyň açyldygy bolsun! Agzybirligi bilen uzak ömür bersin! Gelniň ady näme boldy? Arzuwlysynyň adyny dile getirmeli bolanda, ýüregi gürs-gürs uran juwan oglan tolgunçly halyny aňdyrmajak bolup, has beter aljyrady. Gyssanjyna dili tutulan ýaly bolup, ýeke agyz sözi zordan aýdyp bildi: - Huma-aý... Atagarry aga göwni ýetme bilen “Hüm-m!” etdi-de, soňra gaýtadanam bir hümläp: - Oňat ady bar eken –diýdi. Dagyň aňyrsyndan haýbat urýan ýyldyrym öňküsinden has belentde parlap, gijäniň gara perdesini darka ýardy. Kirpik gyrpylar salym gözüňi deşip barýan gündizlik aralaşdy. Uçjak guş ýaly bolup oturan giň maňlaýly, at ýüzli ýülmek ýigidiň dikgi synasy hem ýanyny ýere beren garry çopanyň tagaşyksyz göwresi tümüň içinden görnüp gitdi. Biteligi biçak daýaw bolan Atagarry aga ömrüniň ahyrynda lagar düşen iner ýaly lagşap, iri-iri süňk bolup galypdy. Ol gödeksi mähnet kellesine gurp ýetmeýän ýaly, birsyhly başyny yrap-yrap gepleýärdi. - Ertir gelniňi gaýtaryp getirjekler diýsene! Täze dikilen ak öýüň töründe Humaý gelni gyzyl çog edip oturtjaklar diýsene! Hüm-m! Bolubilýä! Toý diýeniň gowy zat. Hernä toý bolup durawersin. Garyp oba şunuň ýaly toý-tomguda göwün gamyny dökmese, haçan göwün açsyn? Biz-ä näme il-günüň begenen ýerinde begençli, gyýlan ýerinde gynançly. Erte, ynha Tagangylyç serdaryň minnetsiz toý çanagynyň başynda lapbarylyp çökeris. Päh, şu sapar onuň tutumyny ýokary gördüm! Sürüden bäş sany semiz janly alyp galdy. Aý, onuň edimi-gylymy göwnüňden turýar. Herhal, serdar yzydygy bildirip durýar-da. Yzarlap otursaň, ol Nepes serdaryň çowlugy bolýar. Nyýaz serdaryň ýuwlygy bolýar, hümm!.. **** Golaý goňşy obanyň iki ýaş juwany Gündogdy bilen Humaýyň ata-en çözüp, kök uran köne adata tabynlykda olaryň başy çatylypdy. Her zatdyr, ýigidiň hem gyzyň göwni üçin, daýza-ýeňňe diýen ýalysy olaryň razyçylygyny soran bolupdy. Giň maňlaýly, ýülmegräk at ýüzli dikgi ýigide öňden syny oturyp ýören ýaş maşgala uýaljyrap aňyrsyna bakypdy-da: “Özüňiz biliň” diýen bolupdy. Mymyk mele saçlarynyň örümi dyzdan aşakda tolkun atýan sarymeňiz, mähri yssy gyz ýigidiň gözüne obanyň beýleki gyzlaryndan has gowy görünýänem bolsa, Gündogdy arkaýynsyrap: “Aý, bolarla” diýen bolupdy. Toýdan soň Gündogdyny gerilgi tutynyň aňyrsynda, gyzyl kürtäniň astynda güberilip oturan gelniň üstüne itekläp gitdiler. Emma Tagangylyç aganyň öýüni iki bölen şol tutynyň aňyrsynda göze görünmeýän ýene bir tuty hem bar eken. Böwsüp geçmesi has kyn bolan bu tuty tebigat tarapyndan iki ýüregiň arasyna gerlen ýadyrgaşmak, uýalyşmak perdesi bolsa näme! Ýöne, biri-birine owsunyşýan ýaş ýürekleriň ýalnyna şol perde tiz wagtdan ýanyp kül boldy. Enelik penjesinde ulalan Humaý şu çaka çenli ýarylara ugur tapman, kalbynda dykyn alyp ýatan bar mähir-muhabbetini bendi böwsen joşgun derýa ýaly dyňzadyp, Gündogdynyň üstünden eňterdi. Ol Uzynderäniň belent çynaryna çyrmaşan ýabany üzüm dek, juwan oglanyň boýnuna gyzgyn goluny dolap, biline mele saçlaryny çolap, Gündogdyny özüne bendi etdi. muhabbet ýalny çowlan ýigidiň ter ýüzi sanly günde kokuşyp, yşk howry daglan dodaklary ýaryldy, gözleriniň şöhlesi artyp, ökjesi ýeňledi. Ol hyýal dünýäsinde ýaşaýan däli-mežnun ýaly özbaşdak gezip ýörkä, täsin ýylgyrmany çykardy. Özüniň bu halyndan hemmäniň habarlydygy, asla, onuň göwnüne-de gelenokdy. Bir gün ejesi ýumrugyny jokguldadyp hamyr ýugrup otyrka: - Oglum, “Aýaly başdan” diýendirler. Şumahaldan birneme ýugrumyny ýetirmeseň, soň eýgertmez –diýip, öwüt beripdi. “Ogluňa öwretmelidir” diýseler, munuňam il ugruna tabşyran boldugydy. Gündogdy şonda gapyda ýatan ýanagajy alagada ýüzüniň ugruna tutynyň aňyrsyna geçipdi, bolgusyz bir zada yrsarap, ýatan ýassygy gürpe-gürpe urup başlapdy. Gyzyl kürtäň astynda tahýa tikip oturan sarymeňiz gelin güle-güle kürtesini başyndan gaçyrypdy hem şo barmana ýerinden turup, howada gaýmalaklaýan ýelekleri kowalamaga başlapdy. Gündogdy-ha hahahaýlap bigünä ýassygy gürpe-gürpe ýençýärdi, başy açyk gelnem jykyr-jykyr gülüp, öz boýy bilen deňme-deň bolan mele saçlaryny çyrpyndyryp, akja ýeleklere towsaklaýardy. Gelniniň urulýanyna güp ynanyp oturan gaýnene: “Indi-hä bir çen bolanam bolaýsa gerek, elinden alan adam borun, gelnime gowy görnerin” diýip pikir etdi-de, ylgap baryp, hamyrly eli bilen tutyny birýana serpdi. Bolýan işi görübem, hamyrly ýumrygyny agzyna gütledip uragadan: - Tob-eý! Huda-eý! Utanmadyňyzmy? –diýip, içini çekdi, gykylyk turuzjak ýaly etdi. Emma birden özem saklanyp bilmän jak-jak gülmäge durdy. Içini tutuup, arkan-ýüzin gaýdanda, börügi gütläp ýere gaçdy. - Waý, masgaralar, masgara etdiňiz! Waý, bolşuňyz bar bolsun-eý! –diýip, ol gülüpler gönendi. Öler ýaly utanan gelin bolsa gaýnyny gören bada, ýüzüni tutup, bada-bat yzyna serpdi hem hasyr-husyr kürtesine çolanyp, bir gysym bolup oturdy. Gündogdy ýanagajy ortara aýlap urdy-da, öýlerinden gaçyp gitdi. Ejesi soňam käýinjek bolman, gaýtam, göwnüni giň tutup: - Wah, maňa gülşüp-oýnaşan ýeriňiz bolýa-la! Bagtly ýaşasaňyz, başga zat gerek däl-le! –diýip, ogluna-gelnine guwanýandygyny bildirip goýdy. Gelniň ýigide ysnyşygy, öýe yhlaslylygy gaýnenäniň maşgala saklamak baradaky köne düşünjeleriniň köküni yralady. Ol öz ýanyndan: - Hudaýym maňa gyzyl ýaly gelin beripdir. Munuň ýaly janköýer maşgalany urmasaň-sögmeseňem bolar –diýip içini, gepletdi. Bir aý-kyrk günden Humaý atasy öýüne gaýtaryldy. Sapaly günleriň şaýady bolan tuty aýrylyp taşlandy. “Gelniň ýanynda oturmaga” diýip heşerlenşip gelýän bir toplum gulpakly gyzjagazlaryň aýagy kesildi. Toýly-tomaşaly öý boşap, haňlap galdy. Gündogdy ýedi-sekiz gün girdi-çykdy, zowzuldady, janyna jaý tapmady. Dokuzlanjy gün iňrik garalan bada, Nepes serdardan galan köne hyrlyny egninden asyp, aw bahanasy bilen obadan çykdy. Onuň göni Garadaga barýanyny gören adam: “Bu-la uzyn gijesini aýrakly-umgaly gaýalyklaryň arasynda entäp geçirjeg-ow” diýip pikir ederdi. Ýöne onuň ýene birsalymdan ara bir baýry salagada, obaň arka ýüzündäki sil jaranlyklarynyň içi bilen terse barýandygyny gören kişi welin: “Haý, bu-ýa ençe gün aw yzynda entäp boş gelýär-ow” diýip aldanjakdy. Gündogdyň gözleýän arzyly awy bolsa goňşy obanyň çetindäki ýeke öýde sülgün horazy ýaly çog-gyzyl bolup oturan Humaý gelindi. Biri-biriniň didaryna zar bolan iki ýaş juwan şol agşam aýsyz gijäniň tüm-garaňkysynda görüşdiler. Gije ýarymdan soň öýlerine dolanan Gündogdy ertiri gün guşluk galanda-da oýanman, agzyna siňek gonduryp ýatdy. Oglunyň awa gidip-gelşine müňkir bolan ene ýatan ýigidiň üstüne abanyp synlap durka, onuň döşüne mele saçyň uzyn tarynyň ýelmeşenini görüp, myssa ýylgyrdy. Munuň ýaly mymyk ýüpek saç diňe onuň “sary gelninde” bardy ahyryn. Mele saçyň inçe tary her dem alyşda güberçekläp galýan ýaş kükregiň üstinde, tüýnükden gyýşyk düşýän Gün tegmiliniň astynda tylla öwüşgün atyp ýatyrdy. Mähriban ene emaý bilen inçe tary aldy-da, ony barmagyna sarap, Kuranly torbaň çetjagazyndan atdy. “birdenkä al-arwah alarmy kakyn silkin dörärmi”—diýip, howatyr etdi. Şondan soň Gündogdy “Awa gidýän”, “Gürrüňçilige barýan” diýen ýaly bahanalar bilen agşam düşdügi öýden çykardy-da, jaranlygyň içi bilen goňşy oba tarap ugrardy. Humaýlar hataryň çetinde ýeke öýli bolup aýratyn saýlanyp oturardy. It-guşlary ýokdy. Kakasy hemişe mal ýanynda gezerdi. Çişik eneligi bolsa ýassyga başyny goýdugy, ony depibem turuzjak gümanyň ýokdy. Gündoga geregi hem şudy. Küdäniň düýbünde ilden ogrynça gysmyljyraşyp durmanyň, döşüňe urýan gyzgyn demiň süňňüňe tenekar bolup ýaýraýşyny syzmanyň, duýgudaşlyk bilen göz gypyşyp ýyldyzlara garap, bileje arzuw edişmäniň salgyny berip bolmajak lezzeti bardy. Şunlyk bilenem, dört-bäş aý gyzykly düýş ýaly bolup wazlap geçdi. Şundan soň Humaý täsin bir özgeriş tapyp ugrady. Saryýagyz gelniň ýaňaklarynda çala bildirýän gara menekler peýda boldy, mele saçy pyşta-pyşta bolup halkalandy, gabaklary çalaja ýellenip, ullakan goýun gözleriniň mähri artdy, inçemik synasy doluşyp, oturyşda-turuşda hereketleri hasam mylaýymlandy. Ol bir gezek Gündogdydan uýaljyrap ýüzüni sowdy-da: “Indi meni gaty gysma” diýip ýalbardy. Şonuň erte-birigüni Humaýyň ýeňňesi Gündogdylara gelip, sähel otyryp gitdi. Birden ökjesi ýeňlän ene bolsa guda gelni ugradan bada, goňşy aýallary çagyryp, ur-tut pişme bişirmäge otyrdy. Gyzlaryň eline çanak berip, oba pişme paýlatdy. Kömege gelen ak gyňaçly garry pişme paýyny alyp gaýtjak bolanda, Gündogdyň ejesine: - Aýu, mele gelniň sary ogly bolsun!—diýdi. - Wah, agzyňdan Hudaý eşitsin!—diýip, bagtly ene erni-ernine ýetmän ýyljyraklady. Ýigit Humaýyň “Indi meni gaty gysma” diýmeginiň sebäbine şu ýerde düşünip galdy. Ejesi bolsa doga şekilli ullakan üçburç pişmäni alaja ýüpe dakyp, sag duldan tärimiň başyndan ildirip goýdy. “Humaýymy gözden dilden gorawersin” diýip dileg etdi. Şundan soň oba arasynda: “Tagangylyç aganyň gelni toýlumyş, gudalary tiz ýygna diýenmiş” diýen gürrüň ýaýrady.gündogdy oturlşygyň ýa üýşmeleňiň gyrasyndan barsa, adamlar ony köpmanyly ýylgyryş bilen garşy alýardy, özi ýaly ýigitler bolsa gönüläp: “Aý, seni zor gördük” diýýärdi. Oglanyň gara gözlerinden begenç şöhlesi dökülip, ýuka dodaklary öz-özünden ýyrşarýardy, duluklary çym-gyzyl bolup gidýärdi. Gudasynyňka gatnamasyny ýygaldan ene bir gün Gündogda maslahat saldy: - Toýly bolup gaýdan gelne ilde ýok sylag edilýändir, näme sylag ederis, oglum! Ýigit ýüzüni kese sowup: - Eje, biz-ä etjek sylagymyzy edendiris, senem özüň görersiň-dä—diýip,jpgap berdi. Gündogdy arada daýylarynda ýatyp gaýtmak bahanasy bilen obadan çykypdy. Ýöne ol daýylaryna barman, göni gazanjyga sürüp, bütin ýomut ilinde tanalýan meşhur Nejep ussaňka gelip düşüpdi. - Men Tagangylyç serdaryň ogly bolaryn, maňa ilde ýok şaý-sep ýasap ber, muzduny gurbum ýeten wagty iki baş edip gaýtararyn, ussa aga—diýip, arzyny aýdypdy. Goja tatara meňzäp duran altmyş ýaşlaryndaky zergär ýaşuly sapak halkaly äýnegini ýukajyk gyzgylt ýary örten ýylçyr kellesine ötürip, äýneginiň üstünden tes-tegelejik gözlerini jikgerdip bakdy-da: - Tagangylyç serdarda hakymyzyň köýmejegini bilýäs, ýöne sen oglana niçik şaý-sep gerek boldy?—diýip sorady. Gündogdy näme-de bolsa, bir üýtgeşik gowy zat buýrmakçydygyny gaýtalap aýtdy. Emma goja zergär iňňän akylly adam ekeni. Onuň gürriňi Gündogdyny haýran galdyrdy. - Oglum, üýtgeşik gowy zat ýasanym bilen üýtgeşik gowy bolar öýtme. Herki şaý-sepi ýaraşýan ýerine daksaň ajap görner. Meselki, kökenli ýüzük on barmagy sülük ýaly syratly gelin-gyzlara mynasyp bolar. her ýany goşa düwmeli gyzylly bukaw gazboýun maşgalalara gelşik berer. Gyranly keteni köýnek çynar boýly synasy düz perileriň görküni artdyrar. Emma Alla tarapyndan görk-görmek berilmedik zenanlar her niçik boýuny bezese-de onuň ýaraşygy bolmaz, gaýtam, “Itiň boýnuna göwher assaň, item aglar göwherem” diýlen ýaly, ikisem aglar durar. Indi sen aýdyp otyr, seniň göwün beren maşgalaň iň gözel synasy näme? Gündogdy gelniniň on iki synasynda haýsyny taryplajagyny bilmän aljyrady. Birdenem Humaýyň toňugyna düşüp duran mymyk mele saçy tolkunyp, onuň gözüniň öňüne geldi. Ol begenjine hopugyp: - Ussa aga, meniň gelnimiň ajaýyp mele saçy bar, siz oňa ilde ýok saçlyk ýasap beriň—diýip, buýurdy. Zergär muny makul blip, on-onki günden dolanyp gelmegi tabşyrdy. Barmaly möhleti bolanda, Gündogdy altyn çaýylan agyr saçlygy alyp gaýtdy hem ýüzüni garaňka tutup gelşine Humaý bilen duşuşup, ony biçak begendirdi. Hawa, ýigit özüniň toýly gelnine ine şunuň ýaly sowgat edipdi. Ejesi muny eşidende: - Şuny-ha oňarybilipsiň balam!—diýip, oglunyň bitiren işinden gaty hoşnut boldy hem özüniň gudalaryna ýarpy-ýalta zat geçirip, olar bilen sähet belleşip gaýdandygyny aýtdy. Şunlyk bilenem Humaýyň gaýtarylyp getiriljek güni ýetip geldi. Öňki ýyllaryň açlygy sebäpli başky toýy kemter gaýdan Tagangylyç aga bu ýyl mal garanyň ýagdaýyna göwni ýetip, şu gezek ahmyrdan çykmagy ýüregine düwüpdi. Ol goýun yzyna goýun öldürip, toýy bir gün öňünden başlapdy. Omuň bu tutumy gelniň gaýdyp gelýäniň toýuna meňzemän, täzeden ogul öýerýäniň toýuna çalym edýärdi. Goýun öldürilýärdi, et pudarlanýardy, hatara gazan bugaryp durdy, täzedenem gazan atarylýardy, tamdyrlara ot goýberilýärdi—goluny çermän bir topar aýal-erkek şu işleriň ugrynda gaýmaklap ýördi. Al-ýaşyl geýnen toý mähellesi soňabaka Gündogdylaryň gapysyna sygman, goňşy öýleriň daşynam gurşap alypdy. Kepbäň düýbünde üýşen ýüzükçileriň wagyrdysy gulagyňy kamata getirýärdi. Özüne göwni ýetýän syrdam ýigitler ertir geljek gelin üçin ýörite dikilen, entek eşigi salynmadyk täzeje öýüň içinde, gykuwlaşyp ýalyga towusýardy. Gijara obaň üstünde bagşyň owazy ýaňlanyp ugranda,mähelläň agramy aýdym diňlemäge eňdi. Toýuň joşgunyna barha göterilýän jemagat bagşa gop berip “how-da-how” gygyryşyp başlady. Şatlyk-şagalaň gitdikçe möwç alýardy. Gündogdyň ýüregine hyňzap dolan bagtlylyk duýgusy barha joşup, döş kapasasyna sygmajak boldy. Ol atlanyp obadan çykdy-da, iki baýryň arasy bilen günbatara tarap atyny gamça basdy. Sergin şemalyň garşysyna şowurdap, ýüzüni ýele tutup, tä at janawer ak köpük bolýança çapdy. Soň birneme ýüregi düşüşip, ýapgyt baýyrlaryň üstünden maýdalyna sürüp gitdi. Erňekläp ýaşyp barýan Günden zowwam-zowwam uzap gaýdýan gyrmyzy çyrazlar, täsin ýelpewaç ýaly, zemin ýüzüne ýaýylypdy. Zerrin şugladan doýan howa reňbe-reň öwüşgün atyp, çala endiräp durdy. Otlaryň üstünden ýöreýän tirkeş-tirkeş tolkunlaryň gerşi enaýy bulduraýardy. Birden joşup gelýän şirin duýgular Gündogdynyň ýüregini jigledip, gaňşyrawgyny tütedýärdi. Ol biygtyýar ýyljyraklap, arkan gaýyşýardy, gözüni süzüp ýüzini asmana tutýardy. Ýigidiň öýlerine dolanasy gelenokdy, onuň kükregine sygmaýan bikarar ýüregi şu sähra meýdanlarda uzyn gijäni süýji arzuwlar edip geçirsem diýýärdi. Ol şu hyýal bilen aýlanyp ýörkä, obanyň goýun sürüsini bakýan Atagarry aga duşupdy hem öňdäki gijäni goja çopan bilen şöwür çekip geçirmäni ýüregine düwüpdi. | |
|
Ähli teswirler: 12 | |
| |