Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:07
Bahar buşlukçysy

BAHAR BUŞLUKÇYSY

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi,
Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar.
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi:
— Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar,
Lälezarda öwşün atýar gunçalar.
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy,
Bahar buşlukçysy — hoştap damjalar!

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň,
Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

© Halyl KULYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 91 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Halyl Kulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
1
1 Mekan2 • 17:09, 05.03.2024
bahar, ýaz hakda goşgulary okanymyza görä, şunam okap geçäýeliň diýdim, oňarmandyrynmy ýa?
avatar
2
2 aygull • 17:36, 05.03.2024
Gatam oňarypsyñ!
"Mart geler welin" diýibem gowy goşgy bardyr.
avatar
1
3 Medicall • 17:43, 05.03.2024
Aýgül, ynha şol goşgy:

Mart geler welin
avatar
0
4 Mekan2 • 17:54, 05.03.2024
2-ä. monça boldum :-)
avatar
1
5 aygull • 18:21, 05.03.2024
Gowy görýän şol goşgyny,Nurdan. Kän gürlemän yören adamyň aýdan sözi ýaly täsiri bar.
avatar
0
6 Medicall • 21:45, 05.03.2024
Menem, özem mart gelmänkä daýym-daýym sesli okamam bar bu goşgyny)))
avatar
1
7 medi • 06:27, 06.03.2024
Suratdaky kömelek agzymy suwartdy. Bölüp alyp közüň üstüne oklasaň duz sepip üfleşdirip iýseň.
Men balyk tutmana, kömelek tapmana gaty çöňňe. Bolmasa şunça jan etýänem welin bolanok. Ýöne bir gezek awumyz oňdy. 4-5 ýyllykda, özä ýagyşyň kän ýagan ýylydy. Ýazda oglanlar kömelege alyp gitdi. Baran ýerimizde şeýlebir kömelek kän welin, setirläp biri ekip geden ýaly. Otyran ýeriňde paketiňi doldurup bolýar. Ýarym sagat çöpledik. Maşynyň bagažyny ýarpylap bes etdik. Soňra meýlis başlandy, her hili edip iýdik. Oglanlaň biri kafede işlän soň, baranda hamyr eltipdir. Somsada bişirip berdi. Garaz hezillik boldy.
avatar
0
8 Мukam • 09:29, 06.03.2024
Şu goşgyny höwes bilen ýat tutup, aýdanym ýadymdan çykanok.

Okalşy, ýañlanşy öz özi aýdyma hiñlenen ýaly labzy bar.
avatar
0
9 sussupessimist • 13:20, 06.03.2024
Kellede galýar. Ýöne nämüçin hut "badamlar"? ol üýtgeşik pyntyklaýamy? - diýip, kän kişä beren soragyma kanagatlanarly jogap almadym. Kapyýa üçinmikä ýa?

tanyş bolmasaňyz, Halyl Kuly hakdaky makalanam okamagy maslahat berýän:

Hudaýberdi Hally - "Uzakda galan Halyl"
avatar
0
10 sussupessimist • 13:26, 06.03.2024
Ýokardaky soragyma jogaby indi tapdym. Dogrudanam owadan eken. Birneme sakura çalym edýär.



hatda Wan Gog dostumam suratyn çekipdir:

avatar
0
11 sussupessimist • 13:34, 06.03.2024
Bu-da pissäň pyntyk ýaryşy:

avatar
0
12 Kyyas • 14:17, 06.03.2024
Sussypessimist! Badamlar hemme miweli agaçlardan öñ gülleýär. Fewralda gülläp başlaýar. Şetdaly ýaly. Öñden tejribesi ýeten bagbanlar. Badamyñ kökünin üstüni açyp buz goýýarlar. Badam ir gülleýşi ýaly pyntygynam ir çykarýa. Mart gelende ol pyntyklap ugraýar. Güllemesine hoşun tutmasca däl. Howa sowukdyr welin beýleki agaclar ýalañaçdyr. Ol bolsa hemmeden öñ körpe gyz toý edişini edip kürtä bürenip gülläp durandyr.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202