Hekaya gaty gowy bolupdyr. Serdar agaya berekellalar. Sylapberdi agamyza sabyr we kuwwat.
"tohumyna mahsus aýýarlyk bilen göterensiräp" Ýerini okamda: "Çeper eserde tutuş bir millete ya tirä gybatyny edyän yaly etseñ birtüysli" diyerin diyip durdum welip Birinjiden: gahryman şeyle pikir edýä Ikinjiden: soñ yalñyş pikir edýänine düşünýä
Kellä şu pikirem gelýä: ol äre-de mundan şübhelenip biz hakda aklyndan nämeler geçirdikä
Yene bir sapar gowy eken.
Sylabyñ daşary yurtdadygyny çaklayadym welin, işlemäge gidenini bilemokdym.
Kulturologiýada şeýlebir nukdaýnazar bar: 1. Filosof öz pikir ýöretmelerinde obýektiw hakykaty özüne çelgi edinýär. Şoňa ymtylýar we ähli analizini, çykarýan netijelerini hut şol subýektiwlikden mümkin boldugyndan doly diýen ýaly saplanan, mümkin boldugyndan absolýut, mümkin boldugyndan uniwersal hakykaty açmaga, şonuň mazmunyny mümkin boldugyndan doly we anyk kesgitlemäge gönükdirýär; 2. Ýazyjy (şahyr, dramaturg), adatça öz eserlerinde çeper keşpleriň, hyýaly oýlap tapyşlaryny onuň özüniň durmuşy hakykat diýip hasaplaýan närsesi bilen utgaşdyrmagyň, duýgulary beýan etmegiň, metaforalaryň (çeper meňzetmeleriň) üsti bilen özüniň hakykat diýip hasaplaýan zatlaryny beýan edýär. Şeýlelikde, has gysgaldylyp aýdylanda, filosof nähili abstrakt oýlanýanam bolsa, ol ilki bilen ýeke-täklikde, ýeke özi oýlanýar we netije çykarýar. Ýazyjy (şahyr, dramaturg) okyjyny mümkin boldugyndan öz oýlanmasyna, öz beýan etmesine dartýar. Ony özüne duýgudaş, pikirdeş tutunýar. Ony özüniň beýan etme prosessine has içgin gatnaşdyrmaga dyrjaşyp, elinde baryny edýär. Filosof aň işini amala aşyrýar. Ýazyjy (şahyr, dramaturg) kalbyň ýaşaýşyny, ruhuň durmuşyny şekillendirýär. Şol birwagtda-da çeper eseriň gahrymany, hatda ol eser birinji keşpde, ýagny gönüden-göni ýazyjyň (şahyryň, dramaturgyň) hut öz adyndan “men” diýlip ýazylanam bolsa, ol 100% göterim awtoryň özi däl. Awtor durmuşda düýbünden başga bolup bilýär. Häsiýeti, dünýägaraýşy, durmuşy, ynanç, uýuş, maddy-emläk, wezipe, hünär, kär, maşgala, jyns we ş.m. ýagdaýlary. Mysal üçin, zenan awtor erkek kişi bolup, erkek gahrymanyň adyndan ýazyp biler ýa-da erkek awtoryň çeper gahrymanlarynyň aglaba köpüsi zenanlar bolup biler. Şeýlelikde çeper eserde awtoryň esasy maksady, onuň hut şahsy özüniň “durmuşy hakykat” diýip hasaplaýan närsesine ynsan ruhunyň gatnaşygyny, ynsan ruhunyň şol “durmuşy hakykat” diýip hasaplaýan zadynda ýaşaýşyny we özgerişini okyja ýiti täsir eder ýaly görnüşde şekillendirmek bolup durýar. Belli bir awtoryň “durmuşy hakykat” diýip hasaplaýan närsesi kimdir biriniň dünýägaraýşy bilen ýa-da köpçüligiň ykrar edýän, uýýan, yňýan paradigmasy bilen gabat gelibem bilýär, gelmänem. Ependi hakda ýomak bardyr. Ependi tozana bulaşyp ýolda ýöräp barýarka, eşekli ötegçileň biri oňa dözmän, ony eşeginiň syrtyna mündürýär. Şonda-da Ependi: “Jennet-ä ýerden iki garyş ýokardaky, eşegiň syrtynda ekeni” diýýär. Şonuň ýaly, eşegiň syrtyndaky “jennetde” joňkaryp barýana durmuş birhili görünýär, guma bulaşyp, tozan ýuwdup barýana-da başga hili.
Goga demi-demine ýetmän gyzaryp, söýelgi gapyň gapdalynda diwara ýaplanyp durbersin. Habary kimden al, Şawkat bilen Wasýokdan al. === öňem biriniň aýdyşy ýaly "eserde tüpeň bolsa ol hökman atylmaly". :-) === gahrymanyň ýokary gata çykdygyça akylam köpelip barýan ýaly...
"Eserde TÜPEŇ bolsa ol hökman atylmaly". A eger-de "tüpeň" däl bolsa? Ýa-da belki ýazaryň pikiriçe, "tüpeň" atylandyr-da, eşiden däldiris? Ýa-da belki "tüpeň" diýýänimiz, "tüpeňiň" birje düzüm bölegi - gundagy, nili ýa-da mäşesi we ş.m.-dir? Ýa-da belki bir "tüpeň" "atylyp" görensoň, şoň bilen kysymdaş "tüpeňleň" hemmesem birmeňzeş "atylýa" diýlip hasaplanandyr? Ýa-da belki... Umuman, nýuanslar, nýuanslar... "Дьявол кроется в деталях" diýen bir idiomasam bardy, öýdýän, rus gardaşlaň...