Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:03
Başsyz atly - roman - 1
BAŞSYZ ATLY / ROMAN

Prolog

Sawannanyň* gijesi ümsümliginde irkilip ýatan tehas suguny at toýnaklarynyň güpürdisini eşidip oýandy.
Emma ol öz ýatan ýerini taşlap gitmedi, asla aýak üstüne-de galmady.
Ol giň sähra onuň özüniňki däl – bu ýerde gijelerine çölüň ýabany gylýallary hem otlaşyp ýör. Sugun diňe kellesini çalaja gymyldatdy welin, onuň şahlary ösgün otuň arasyndan ýokary saýlanyp göründi. Ol diňşirgendi: dükürdi ýene gaýtalanmazmyka?

Ýene at toýnagynyň dükürdisi eşidildi, ýöne indi ol başgaça ýaňlandy. Metalyň zaňyny, poladyň daşa degýändigini saýgarmak boljakdy.
Bu dükürdi, sugun üçin indi şeýle bir howsalaly bolup, bada-bat onuň ynjalygyny gaçyrdy. Ol çalasyn böküp turdy-da, preriýanyň* içi bilen ýazzyny berdi. Şeýle-de bolsa, ol basym aýak çekdi-de, öz rahat ukusyny kimiň bozandygyna düşünip bilmän, yzyna garanjaklady.

Günorta gijesiniň aý aýdyňynda sugun öz ganym duşmany bolan adamyň bardygyny aňdy. Atly adam ýakynlaşyp gelýärdi.
Bütin durkuny gorky gurşan sugun indi ýene gaçmaga taýýarbolup durdy.emma atlynyň keşbinde nämedir bir zat, tebigy bolmadyk üýtgeşik bir zat ony ýerinden bytnatmady.
Ol sazanaklap durşuna art aýaklaryny çalarak epdi, kellesini yzyna gaňyrdy-da, seretmegini dowam etdirdi, onuň ullakan gözlerinde gorky hem haýran galyjylyk alamaty uçganaklady.
Bu hili geň göwräni beýle köp synlap durmaga suguny näme mejbur etdikä?

Ýabymy? Emma ol hemişe görülip ýörlen, eýerlenen, agyzdyrklanan adaty atdy. – Onuň geň görer ýaly hiç hili üýtgeşik ýeri ýokdy. Belki-de, suguny atyň üstündäki adam gorkuzandyr? Hawa, ony gorkuzýan we aňkardan şol bolmaly – ol adamyň keşbinde birhili elhenç, gorkunç üýtgeşiklik bardy.
Eý, taňrym! Bu atlynyň kellesi ýok-la!
Onuň özi hatda mana düşmez haýwan üçinem äşgär ahyryn.
Sugun aljyraňňy gözlerini mölerdip, nämäniň nämedigine düşünmäge çalyşýan ýaly, ýene bir minut çemesi seretdi: bü nä görülip eşidilmedik gudrat boldugy? Ine onsoň, sugun ýüregi ýarylan dek bolup, ýene ökjäni göteräýdi. Ol tä Leona derýasyndan ýüzüp aňyrsyna geçýänçä, şowhunly akym ol elhenç atlydan onuň arasyny üzüm-ýolum edýänçä aýak çekmedi.
Gorkup gaçyp barýansuguna üns hem bermän, asla ony görmeýän ýaly, oňa barmysyň hem diýmän, başsyz atly öz ýoly bilen gidip barýardy.

Ol hem derýa bakan barýardy, ýöne hiç ýere howlukmaýan ýaly, ýuwaş, arkaýyn, dabara bilen diýen ýaly gidip barýardy.
Göýä öz pikirlerine gümra bolip oturan ýaly, atyň jylawyny göýberipdir, şonuň üçin –dfe onuň ýabysy wagtal-wagtal ota agyz urup gidip barýardy.
Ýaby koýotlaryň* uwwuldysyndan gorkusyna birdenkä hopguryp, keýerjekläp aýak çeken wagtynda-da, ol seslenmek bilen-de, başga bir hereket bilen-de aty gyssamaýardy.
Ol haýsydyr bir çuň duýgynyň girdabyna düşen ýalydy, asla ownuk-uşak hadysalar ony şol pikirlerinden aýňaldyp bilmejege meňzeýärdi. Ol öz syryny hiç bir ses-ýüýn bilen aňlatmaýardy. Gorkuzylan sugun, ýaby, möjek we ýarygijäbniň aýy onuň sessiz-üýnsüz oý-pikirleriniň ýalňyz şaýatlary bolup durýardy.
Atlynyň egnine serape* atylypdyr, ol bolsa ýel degen wagtynda ýokarlygyna galgaýardy-da, onuň bedeniniň käbir ýerlwrini açyp görkezýärdi. Onuň aýaklarynda ýaguar derisinden edilen getrisi bardy. Gijäniň çygyndan we tropik çabgalaryndan goranar ýaly eşikde asmanda ýyldyraşýan ýyldyzlar dek dymyp, otuň-çöpüň arasynda jyzlaýan jyzlawuklar dek aladasyz, öz egin-eşikleriniň gasynlaryny sypalaýan gije şemaljygy dek öňe bakan gidip barýardy.
Teý-ahyr nämedir bir zat atlyny oý-pikirinden aýňaltdy öýdýän, onuň aty ýöreýşini çaltlandyryp başlady. ynha-da at başyny silkeledi-de şadyýan kişňedi, onsoň boýnuny gaýşardyp we burunlaryny parryldadyp, öňe bakan gorgunlap, çapyp başlamagynyň sebäbi derýanyň golaýlandygydy.
Suw atlynyň tä dyzyna çykýança, özi durnagöz akymyň içine mazaly aralaşýança at aýak çekmedi. At nebsewürlik bilen suw içdi: mazaly gananyndan soň, derýanyň beýleki tarapyna geçdi we çalasyn gorgunyny ýazdyrman, kert kenara dazyrdap çykdy. Ýokaryk çykansoň, başsyz atly suwdan çykan ýabynyň silkinjiremegine garaşýan ýaly aýak çekdi. Atyň Atyň uýan baglarydyr üzeňňileri şeýle bir şakyrdady welin, hamala bug ýaly bulutlaryň arasyndan gök gürlän dek boldy.
Şol ak ýalkymly öwüşginiň arasyndan-da başsyz atly peýda bo;ldy: ol ýene öz ýoluny dowam etdirdi.
Ädikli aýaklaryň gyssamagyndan we üstündäki adamyň ugrukdyrmagyndan bolsun gerek, at indi ýoluny ýalňyşmaýardy, we göýä belet ýoluna düşen dek, ynamly öňe okdurylyp barýardy.
Öňde gözýetimiň özüne çenli sawannanyň çäksiz gioňoişliginde kentawryň zaýalanan heýkeline meňzeýän syrly adam keşbiniň kölegesi ýaly bir zat sypatlanyp görünýärdi: ol aý ýagtysynyň gizlin iňriginde doly gözden ýitip gidýänçä kem-kemden arany açyp barýardy.

Dowamy bar.

_______________

Sawanna- ösgün otlara basyrylyp ýatan amerikan sährasy.
*preriýa – Demirgazyk Amerikanyň günorta bölegindäki seýrek agaçly, bölerk-bölek tokaýly, beýikli-pesli uly giňişlikler.
*koýot – şagaldan ulurak möjek sypat ýyrtyjy haýwan.
*serape- giň meksikan plaşy.

© Maýn RID

Rusçadan terjime edenler: Bäşim ATAÝEW (I-XXVIII bapkar)
Saýlaw MYRADOW (XXIX - L.XI Baplar)
© Oraz ATAÝEW (L.XII- C baplar
Bölümler: Romanlar | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Maýn Rid | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203