Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:33
Baý-bäh/ hekaýa
BAÝ-BÄH



Hindistan…
Gubernator we onuň hatyny zyýapat berýär…
Harbylar, ilçihanaň işgärleri, olaryň hatynlary we amerikaly tebigatşynas alym jemi ýigrimi adam ullakan stolda otyrlar.
Bir hatyn bilen polkownik "zenanlar gorkakmy ýa-da erkekler" diýip jedelleşmäge başlady.
Polkownik:
— Hatynlar her hili gorkuly pursatda gygyryp, wägirip başlaýarlar— diýdi — Erkekler bolsa gorkyny jylawlamagy başarýar.
Tebigatşynas jedele goşulman, myhmanlary synlap otyrdy. Birden ol öý hanymynyň ýüzüniň özgerip gidendigini görüp galdy. Hanym gymyldaman otyrdy, göýäki saň-gaty bolup galana çalym edýärdi. Hanym assa-ýuwaşlyk bilen, ümläp hyzmatkär oglany çagyryp, onuň gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdady. Hyzmatkär oglanyň gözleri misli okara kibi ullakan bolup açyldy.
Tebigatşynasdan başga hiç kes ýigidiň eýwana jamda süýt getirip goýandygyny duýmady. Tebigatşynas teşwişlenip başlady. Hindistanda jamda süýt goýmak bir närsäni— ýylan çagyrmagy aňladýardy. Tebigatşynas otagda kepjebaşyň bardygyny duýdy. Ol otagyň burçlaryna, güldanlaryň arasyna seretdi, ýylan görünmedi. Diňeje bir ýer galypdy– stoluň asty.
Ol derrew syçrap turup, otagda ýylanyň bardygyny duýdurmakçy boldy, emma bijaý hereket etse kepjebaşyň ürküp birini çakyp göýbermeginiň ähtimaldygyny bilýärdi. Ol, hemmäň ünsüni özüne çeker ýaly çalt-çalt gürläp başlady.
— Kimiň çydamlydygyny bilmegiň aňsat usuly bar. Häzir üç ýüze çenli, bäş minut sanaryn, men sanap bolýançam biriňizem gymyldaman oturmaly. Kim gymyldasa, elli rupiýa bermeli bolar.
Stoluň töweregindäki ýigrimi adam daş kimin gatap otyrdy. Tebigatşynas iki ýüz segsene ýetende gözüniň gytagy bilen kepjebaşyň eýwandaky süýtli jama tarap barýandygyny gördi. Ýylan eýwana çykandan derrew böküp turup, eýwanyň gapysyny ýapanda hemme kişi elheder almakdan ýaňa doňňara-daşa öwrüldi.
Gubernator:
— Siz hak aýdypsyňyz, polkownik— diýdi— Ine, şu wagtjyk erkek adamyň gorkyny nähili jylawlap bilýändigini gördük.
Tebigatşynas:
— Az-kem sabyr ediň!— diýdi— Hanym Winks, otagda ýylanyň bardygyny nädip bildiňiz?
Hatyn ýylgyryp jogap berdi:
— Ýylan aýagyma çyrmaşypdy…

Mona GARDNER
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Gurgenchli | Teg: Mona Gardner | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Medicall • 09:22, 30.03.2023
Anaaa gördüñizmii! :D
avatar
0
2 Medicall • 09:23, 30.03.2023
Haladym, dowam ediberiñ, üstünlikler!
avatar
0
3 Мango • 11:30, 30.03.2023
Mona hanym öwünen bolupmy?
avatar
0
4 Pero • 15:12, 30.03.2023
Yokla,Mango,Mona hanym mamla
avatar
0
5 Pero • 15:15, 30.03.2023
@Gurgenchli agza Berekella! Ine şular ýaly hakyky hekaýalary terjime edeniñize degýär özem 10-lukdan degýa :)
avatar
0
6 Pero • 15:24, 30.03.2023
Indi bir sowal günüme goýanok: türkmen ýylanlarynam süýt bn çagyryp bolýamyka
avatar
0
7 Gurgenchli • 23:41, 30.03.2023
Minnetdar
avatar
0
8 Gurgenchli • 23:41, 30.03.2023
Sagboluň.
avatar
0
9 Gurgenchli • 23:43, 30.03.2023
Tebigatşynaslar biläýmese ony.
avatar
0
10 Балканов • 11:39, 16.09.2023
Örän gyzykly kyssa. Nowella diýseňem boljak. Awtor haýsy dilden teerjime etdi-kä?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203