Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:03
Bertrand Rasseliň "Ysraýyl-Palestina söweşine" soňky ýüzlenmesi
Ýakyn gündogar baradaky bu ýüzlenme 1970-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna degişli we 3-nji fewralda, Bertrand Rasseliň ölüminiň ertesi güni Kairde geçirilen Halkara Parlamentler konferensiýasynyň mejlisinde okaldy.

Ýakyn gündogardaky yglan edilmedik söweşiň soňky tapgyry çuňňur ýalňyş hasaplamalara esaslanýar. Müsüriň territoriýa çäginiň içindäki parahat otyran ilaty bombalamak bilen olary boýun egmäne yrza edip bolmaz, tersine garşylyk görkezmek kararyny has-da güýçlendirer. Bu ähli bomba hüjümleriniň netijesinden alynan dersdir. Birnäçe ýyllap agyr amerikan bombalaryna sezewar edilen wýetnamlylar boýun egmek däl-de, has köp duşman uçaryny atyp düşürmek bilen jogap berdiler. 1940-njy ýylda watandaşlarym Gitleriň bomba ýagdyrýan hüjümlerine görlüp eşidilmedik jebislik we tutanýerlilik bilen garşylyk görkezdiler. Şol sebäplide Ysraýylyň häzirki bomba hüjümleri öz esasy maksadyna hiç wagt gowuşmaz, şol bir wagtyň özünde-de bu hereketler dünýäde hökmany ýazgarylaýmalydyr. Ýakyn gündogardaky häzirki krizisiň ösüşi howply we ders berijidir. Ysraýyl 20 ýyldan gowrak wagt bäri öz araçägini ýaragyň güýji bilen giňeltdi. Bu giňelişiň (ekspansiýanyň) her tapgyryndan soň Ysraýyl "akyly-başyny" toparlap "gepleşikler" teklip etdi. Bu imperial güýçleriň adaty hereket ediş ugrydyr, sebäbi zorluk bilen basyp alan ýerlerini iň az kynçylyk bilen özlerine berkitmek islärler. Her täze basyp alyş, öňki agressiýalaryň adalatsyzlygyny äsgermezlik edýän, güýje daýanýan täze gepleşikleri teklip etmek üçin esas bolar.
Ysraýyl tarapyndan alnyp barylýan agresiýa diňe bir hiç bir döwletiň daşary ýurtlary basyp almaga hukugynyň ýokdugy sebäpli däl-de, eýsem her bir giňeliş (ekspansiýa) dünýäniň nädereje agresiýa göz ýumup, çydam edip bilýänligini barlamak üçin döredilen synagly sebäplide hökmany ýazgarylmalydyr.
Palestin halkynyň betbagtçylygy, bu dogduk ülkeleriniň täze döwlet gurmak üçin başga bir halka daşary ýurt güýçleri tarapyndan "berilmegidir". Netijede ýüzlerçe müň adamlar öz öýlerinden hemişelik mahrum edildi. Her täze konfiliktde olaryň sany artdy. Dünýä bu zalymlygyň tomaşasyna ýene-de näçe wagt çydamana taýyn? Öz öýlerinden kowulan bosgunlar öz dogduk mekanyna dolanmaga hukugynyň barlygy köre aýan, emma, bu hukugyň barlygyny inkär etmekligi dowam etmeklik konfilikdiň dowam etmeginiň özeni bolup durýanlygy hem aýandyr. Dünýäniň hiç bir ýerinde, hiç bir halk, öz ata watanyndan köpçülikleýin kowulmagy kabul edip bilmez; Palestin halkyndan başga hiç kimiň kabul edip bilmejek zadyny kabul etmegi kim talap edip biler?
Ýewropadaky ýewreýleriň faşistleriň elinden gören güzaby sebäpli bize Ysraýyla duýgydaşlyk etmegimizi ýygy-ýygydan aýdýarlar. Bu teklipde men haýsydyr bir ejiriň başga biriniň çeken ejiri üçin ömürlik dowam etdirmelidigine esas görmeýärin. Ysraýylyň häzirki edýän zatlary bilen ylalaşmak bolmaz we geçmişiň elhençlikleri bilen şu günüň elhençliklerini aklajak bolmaklyk günäsini geçip bolmajak ikiýüzliklikdir.
Ýakyn gündogarda gan dökülmeginiň soňuna çykmak isleýän her kim, islendik çözgüdiň geljekde gapma-garşylyk döretmejegine göz ýetirmelidir. Adalatly çözümiň ilkinji ädiminiň amala aşmagy üçin Ysraýylyň 1967-nji ýylyn Iýun aýyndan soňky basyp alan ýerlerini terk etmegi gerekdir. Ýakyn gündogardaky uzak wagtlap ajy çeken halklaryň arasyndaky adalatyň dikelmegini kömek etmek üçin täze bir halkara gurama derkarlygy bar.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 56 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Рейтинг: 4.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Nurdаn • 20:20, 31.10.2023
Terjimeçi kimka?
avatar
1
2 Atsyzatly • 01:02, 01.11.2023
Özüm. Öwreniji we göni däl terjime. Şonuň üçin adymy ýazjak bolup hem durmadym, diňe şu maglumat bilen tanyşmaklaryny isledim.
avatar
0
3 Мango • 14:45, 01.11.2023
"Dünýäniň hiç bir ýerinde, hiç bir halk, öz ata watanyndan köpçülikleýin kowulmagy kabul edip bilmez; Palestin halkyndan başga hiç kimiň kabul edip bilmejek zadyny kabul etmegi kim talap edip biler?"

dogry aýdypdyr.
---
mellekçä ýer berdiler.
mellekçem ýer eýesini ýerinden çykarmakçy bolýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202