16:49 Bildiriş / hekaýa | |
MEÝHOŞ AGANYŇ (MEÝHOŞ ABDULLAHYŇ) KITABYNA GIRIŞ SÖZÜNI ÝAZMAGA SYNANYŞYK Meniň ony tanaýanyma, bary-ýogy, bir ýyla ýakyn wagt boldy. Onuň eserlerini okanymdan soň, bu mähriban adamy ömürboýy tanap ýörenim ýaly duýgy döreýär mende. Ony hiç haçan ýüzbe-ýüz ýagdaýda görmedigem bolsam, onuň bilen uzak wagt bäri söhbet edip ýören ýaly men. Bilmedim nämedendigini... Ol menden laýyk bir müçe uly hem bolsa, oglanlygymdan bile oýnap ulalan çagalyk dostum ýaly. Onuň adamyň jany ýaly owazly sesi gulagymda ýaňlanyp dur... Onuň ýaşy bäş müçe – Meýhoş Abdullah 1962- nji ýylyň 2-nji fewralynda Azerbaýjanyň Jalilabad raýonynyň Halilabad obasynda doglan. Onuň 60 ýaş toýuna öz ýanymdan sowgat taýýarlamagy ýüregime düwüp, eserlerinden türkmen dilinde bir kitap taýýarlamagyň kül-külüne düşdüm. ...Terjime edip oturan wagtym, öň okan hem bolsam, häzir nämeleriň boljagyny bilýän hem bolsam, Hasan kişiniň Alagöz bedewine duşýan ýerine golaýladygymça, süňňüm elenip başlaýar. At eýesine bakyp, dünýäni sarsdyryp, türkmençeläp bir kişňedi welin, endamym hem sarsyp gitdi. Galam tutan gollarymyň tüýleri syh-syh boldy. Ellerimiň aýasy onuň «Üşeýän ýapraklaryndaky» güýz ýapraklaryna meňzäp, galdyrady. Hälem, «Sil» hekaýasyndaky gyzjagaz posalajyk eliniň arkasy bilen, ýaňagyma syrygyp ugran göz ýaşlarymy sylmaga ýetişäýdi... Bu kitaby okajak ildeşlerime onuň asal ýaly asyl diliniň şirinligini berip bilmän, bärden gaýdan bolmagymyň ähtimaldygyny, onuň azerbaýjan dilindäki asyl nusgasyna-da, yhlas etseň, düşünip bolýanlygyny ýatladýaryn. Onuň lezzetiniň, edil awtor bilen gürleşip oturan ýaly, başgaça boljakdygyna-da kepil geçýärin. Meýhoş agany bolsa tüýs ýüregimden 60 ýaş toýy bilen gutlap, Oňa 120 ýaş – Görogly begiň ýaşyny arzuw edýärin. Orazmyrat Myradow, terjimeçi BILDIRIŞ / hekaýa Ol işden öýüne gaýdyp barýardy. Goňşy binanyň öňünden geçip barýarka, diwara ýelmenen bir bildirişe gözi düşdi. Bildirişler hemişe adamyň ünsüni çekiji bolýar. Olarda biri-birinden gyzykly dürli-dümen zatlary ýazýarlar ahyry. Kim jaý satmakçydyr, kim öý gözleýändir, öýünde gerek bolmajak, köne goş-golam satmakçydygy barada bildiriş berýänlerem bardyr. Aýak çekip, bildirişi okady. Bildirişde şeýle ýazylypdyr: “Men garry hem hassa aýal. Şu gün irden pensiýamy alyp, öýe gelýärkäm, 20 manat pulumy gaçyrdym, ýitirdim. Haýyş edýän, kim o puly tapsa, şu jaýyň 2-nji gatyndaky 14-nji öýe getirsin. Minnetdar bolardym”. Bildirişi okanyndan soň, onuň gözleriniň owasy doldy. Elini jübüsine sokdy. 40 manat puly bar eken. 20 manat puly äkidip, hassa enä bermek kararyna geldi. Derrew bildirişde ýazylan salga çykyp, usullyk bilen gapyny kakdy. Bir garry zenan maşgala bosagada göründi. Aýalyň meňzi solgun hem gaýgylydy. Ol sesini çykarman, işikde duran ýaş ýigide seredýärdi. — Daýza, bildirişi okadym. Ýitiren 20 manadyňyzy getirdim. Ol puly şu gün köçeden geçip barýarkam tapypdym — diýip, ýaş ýigit elindäki puly garry zenana uzatdy. Zenan puly alanda, gözleri ýaşlandy. Bir pursat oglany synlap, dymyp durdy. Garry ene ýuwdunyp, nämedir bir zatlar diýmäge çemelenýärdi. Ýigit puluny tapyp, getirip berenligi üçin özüne sagbolsun aýtmakçy bolýandyr öýtdi. Emma garry eneden eşiden sözleri ony haýran galdyrdy: — Ogul, bu gün sen ýitiren 20 manat pulumy tapyp, maňa getirip beren dördünji ýaş ýigit bolduň... Siziň şeýle halalhonlugyňyz meni — bir garry hem hassa zenany juda utandyrýar... ...Zenan bu sözleri aýdýarka gözýaşyny saklap bilmeýärdi. Meýhoş Abdullah. Alagöz. Powest hem hekaýalar. Türkmen diline terjime eden: Orazmyrat Myradow. Orazmyrat Myradowyň şahsy kitaphanasy, 2022. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |