Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:28
Bir enäniň ömri / erteki
BIR ENÄNIŇ ÖMRI

Gorky gaplap alan ene sallançagyň başynda oturyp, oglunyň ýanyndan hiç ýerik aýrylanokdy. Perzendiniň ýüzi agaryp, gözleri ýumuk bolansoň, soňky demini sanap ýatan ýalydy. Muňa ejesi has hem aljyraýardy. Daşarda gazaply gyş höküm sürýärdi.
Şol wagt birden gapy kakyldy-da, işigiň agzynda bir garry adam peýda boldy. Hasratly ene gojany içerik saldy, oňa ýylyrak bir zatlar taýynlap bermek üçin sallançagyň başyndan turdy-da, birsalymdan getirip berdi.
-Men ony ýitirmerin, şeýle dälmi?! Goý, Hudaý bu gözýaşlarymy görsün!
Onuň aýdýanlaryna adam sypatynda gelen Ezraýyl geň galyp, başyny ýaýkady. Onuň «hawa» ýa-da «ýok» diýýänine düşünmek kyndy. Enäniň başy sallanyp, haly perişandy. Ol birsalym ymyzganan ýaly etdi-de, birdenem tisginip oýandy.
-Bu näme boldugy? — diýip, ene gygyryp, töweregine göz aýlady. Goja-da, çaga-da ýokdy. Burçdaky köne sagat saklanypdy. Nätjegini bilmän elewreýän ene daşaryk ylgap, çagasynyň adyny tutup gygyrdy.
Ol aýlanyp ýörşüne garly howada egnine gara ýapynja atan zenana gözi düşdi. Ol zenan garaňkylykdy. Ogluny gözläp ýören ene ondan ajalyň niräk gidenini sorady. Garaňkylyk enä:
-Şu wagta çenli ogluňa aýdan hüwdüleriň baryny aýdyp berseň, ony tapmaga kömek edeýin — diýdi.
Ol wagtynyň ýokdugyna garamazdan, alaçsyz ýagdaýda garaňkylygyň aýdanyny ýerine ýetirdi. Ol hem sözünde durup, enä tokaýa tarap gitmelidigini aýtdy.
Ene hiç zatdan gorkman garaňky tokaýyň içi bilen perzendini tapmak üçin öňe ýöräp barýardy. Onuň öňünden ne güli, ne-de ýapragy galan ýalaňaç tiken agajy çykdy. Ene ondan hem oglunyň habaryny sorady. Gyşyň aýazly howasyndan ýaňa sandyraýan tiken enä:
-Eger meni bagryňa basyp ýylatsaň, ogluňy nireden tapyp biljegiňi aýdaýyn — diýdi.
Ene tikeni bagryna basdy, onuň mährinden, ýyly gujagyndan ýaňa tiken edil ýaz günündäki ýaly gül açyp, gyş gijesiniň ajy sowugyna garamazdan, gyrymsy ýapraklar we güller bilen örtüldi. Enäniň bar ýeri persalady, ýöne tiken sözünde durdy.
Ol enäni ýola saldy, ýol hem enäni köle alyp geldi. Golaýda gämi ýa-da gaýyk görünmeýärdi. Kölüň üsti doňanam bolsa, buz ony göterip bilmeýärdi, kölden geçmäge bolsa hiç hili çykalga ýokdy. Ene çagasyny tapmak islese-de, alaçsyzlykdan ýaňa elewreýärdi. Ene köle seredip, bir gudratyň boljagyna ynandy.
Kölden ses geldi:
-Men merjen dänelerini ýygnaýaryn. Meniň üçin gözýaş dökseň, ölümiň beýleki tarapdaky gülleri we agaçlary ösdürip ýetişdirýän uly ýyladyşhanasyna alyp baraýyn. Ondaky her bir ösümlik adam ykbalydyr!
-Çagamy tapmaga kömek etseň, islän zadyňy edeýin! — diýip, ene aýtdy-da, gözýaş dökmäge başlady. Gözýaşlar köle gaçyp, merjen dänelerine öwrüldi. Onsoň köl aýaly aldy-da, beýleki kenara geçirdi.
Ortada galyň gyrymsy agaçlar bilen bürelen ýyladyşhana bolup, onuň içi her dürli güllerden doludy. Bir gülüň daş-töweregi tiken bilen örtülen bolsa, beýleki gülüň depesi bulutly. Ähli ýeriň saýalydygyna garamazdan, başga bir gülüň üstüne Gün şöhlesi düşýän bolsa, beýleki bir gülüň daşy durşuna ýylandy. Bu zatlara haýran galan ene çagasyny nireden gözlejegini bilmän durka, ýyladyşhananyň sakçysyna gözi düşdi.
-Çagamy alyp gaçan ölümi nireden tapyp bilerin? — diýip, ene sorady.
-Ol entek gelenok. Bu ýerini nädip tapdyňyz, size kim kömek etdi? — diýip, garawul oň özüne sorag berdi.
-Gudraty güýçli Hudaý! Oň maňa rehimi indi! Aýtsaňyzlaň, çagamy nireden tapyp bilerin?
Sakçy görýän gülleriniň her biriniň adam ykbalydygyny, ogluny bolsa şolaryň arasyndan diňe ýürek urgusy boýunça tapyp biljekdigini aýtdy. Ene her bir gülüň ýanyna baryp, olaryň ýürek urgusyny diňledi we ahyry ogluny tapdy. Begenen ene güli ýoljak boldy, ýöne sakçy oňa:
-Saklan, güli ýolma, ýogsa ogluň ömri tamam bolar! Bu ýerdäki her bir güle ajal Taňrynyň öňünde jogap berýär, ondan rugsatsyz hiç kim bulary ýolup bilmez — diýdi.
Birdenkä ajal peýda bolup, eneden bu ýerlere nädip düşenini sorady. Şonda ene «Men ene ahyryn!» diýip jogap berdi.
-Meniň bilen bäsleşmäge güýç taparmyň? — diýip, ölüm sorady.
-Hudaý senden güýçlidir! — ene aýtdy.
-Men onuň permanyny ýerine ýetirýärin! — diýip, ölüm jogap berdi. — Onuň güllerini we agaçlaryny alyp, näbelli bir ýurtda ekýärin. Ýöne olaryň nädip ösýändiklerini we şol bagda näme edilýändigini aýtmaga hakym ýok! Maňa çagamy gaýtaryp ber! — diýip, ene aglap ýalbardy. Birdenem iki sany owadan güle ýapyşdy-da, gygyrdy:
-Men niýetimden el çekmerin, ähli gülleriňi gyraryn.
-Olara degmäň! — diýip, ölüm aýtdy.
Gül ýolunsa oglunyň ömrüniň paýawlajakdygy ýadyna düşen ene gülleri goýberdi. Ajalyň oňa ýüregi awady.
-Bolýar, goý, seň diýeniň bolsun! Ýöne ilki bir zatlar görkezmek isleýän — diýip, enäni bir guýynyň ýanyna alyp gitdi. Ol enä guýyň içine seretmegini sorady-da, şeýle diýdi:
-Sen häzir bu guýynyň içinde iki sany durmuşy görersiň, olar seniň ogluň geljekki durmuşy bolar. Emma olaryň haýsysynyň ogluň başyna düşjekdigi häzirki geljek netijäňe bagly bolar.
Dogrudanam, ene guýuda iki sany durmuşy gördi. Birinde ogly bolçulykda, şadyýan durmuşda ýaşaýardy, beýlekisinde bolsa kynçylykly, gam-gussaly durmuşda nätjegini bilmän otyrdy.
-Bu ykballaň ikisi hem Hudaýyň islegidir! — diýip, ölüm aýtdy.
-Bagtsyzlygyň güli haýsy we bagtyň güli nirede? — diýip, ene sorady.
-Muny aýdyp biljek däl! Ine, sen balaň ykbalyny, bütin geljegini gördüň…
Enäni onuň aýdýanlary gorkuzdy. Balasyny kynçylykly durmuşda gören ene dyzyna çöküp:
-Bigünä çagamy bu jebirlerden halas et! Ony ýanyňa al! Meniň gözýaşlarymy, isleglerimi, aýdan ähli zatlarymy ýadyňdan çykar! — diýdi.
Onda ajal:
-Düşünmedim, sen näme, ogluň ölümini isleýäňmi? Çagaňy özüň bilen alyp gitmän, ony näbelli bir ýurda meniň alyp gitmegimi isleýäňmi?-diýip sorady.
Ene:
-Meniň ýanymda galyp, şunça jebirleri görjek bolsa, oglumyň bagty üçin men ähli zada taýyn. Goý, oglum seniň bilen gitsin. Meniň islegim sebäpli oglum bagtsyz bolmasyn. Meniň aýdanlaryma gulak asma! Maňa gulak asma! Maňa gulak asma!..

©Mukagali Mukataýew

Gazak dilinden terjime eden:
Leýli ARAPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Çeşmesi: “Dünýä edebiýaty” 2022, 6.
Bölümler: Çagalar edebiyaty | Görülen: 49 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Mukagali Mukataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203