Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:32
Bir gün

Ýüregim sensiz ot-elek,
Eden işim bolýar telek,
Meniň ýüzüme şum pelek,
Gülersiň öz-ä bir gün-ä.

Keşbiň çekdi garaçygym,
Özüm bilen göreşenim,
Umyt baglap garaşanym,
Gelersiň öz-ä bir gün-ä

Ýaşa baglap gara gözüm,
Hijranlara urdum özüm,
Eý,söwdügim, söýgi sözüm,
Alarsyň özä bir gün-ä

Söýgiň meni etdi merdem,
Aýrylmarsyň hyýal-serden,
Gije-gündiz çeken derdim,
Bilersiň öz-ä bir gün-ä.

Aşyk arzuwyňda gezer,
Garaşar bize yşk güzer,
Men garyba ýeke nazar,
Salarsyň öz-ä bir gün-ä.

Gara gözleri humaýym,
Sensiz dogmaz günüm aýym,
Nesipli gün meniň taýym,
Bolarsyň öz-ä bir gün-ä.

Süleýman Tekäýew
Bölümler: Goşgular | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Medicall • 09:59, 18.12.2023
Garajaoglan bol-a...

"Bolarsyň özü-ä bir gün-ä" täsinje aýtmak goşguda, emma okamda büdräp gidýän ýaly boldy. "Bolarsyň özüň-ä bir gün" diýilse büdremejek ekenmi? beýle diýsem erbet diýdigim däldir. belki men okamda saz okap bilýän däldirin:)
avatar
0
2 Hyýalbent • 17:33, 18.12.2023
Beren teswirlerňize sagboluň öz pikirlerňizi maslahat berip duruň
avatar
1
3 Arzuw_Umydow • 17:45, 18.12.2023
Ynam bilen aýdylan ynamsyzlyk.

Birinji bendiñ 3-nji setirinde ugruñ başga ýana sowlupdyr. Forma we kapyýa goşgyny aşa adatylaşdyrypdyr. Duýgusy kem (ýok diýen ýaly). Goşgy asyl, ýasalsa-da, ondan tebigylyk döredip bilseñ gowy.

Meselem: her bemdiñ soñundan gyz: "Nämüçin?" diýse, näme jogap bererdiñ? Şol jogaplar kelläñe gelse goşga salmaga synanyşyp gör, nähili çykar
avatar

Старая форма входа
Total users: 202