Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:31
BMG 2024-nji ýylyň esasy wezipelerini yglan etdi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş özüniň Täze ýyl wideoýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň ynamy dikeltmegiň we umydyň gaýdyp gelmeginiň ýyly bolmalydyr diýip, mälim etdi. Onuň sözlerine görä, adamzat ähli düşünişmezlikleri ýeňip geçmek üçin jebisleşmeli.
-2023-nji ýyl ägirt uly jebir-jepalaryň, zorlugyň we howanyň bulam-bujarlygynyň ýyly boldy. Adamzat ejir çekýär. Planetamyz howp abanýar. Şoňa görä, 2024-nji ýyl ynamyň dikeldilmeginiň we umydyň gaýdyp gelmeginiň ýyly bolmalydyr – diýip, Guterreş belledi.
Şeýle hem, Guterreş howa gözegçilikleriniň taryhynda 2023-nji ýylyň iň yssy ýyl bolandygyny aýtdy. Köp adamlar mätäçlik we açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we dünýä bu ýagdaýa garşy göreşmek üçin tagallalaryny birikdirmeli – diýip Guterreş sözüni jemledi.

Çeşmesi
https://zamanturkmenistan.com.tm/?p=96228
Bölümler: Dowam edeliñmi?! | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Zaman-Türkmenistan | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
0
1 Lacrymosa • 22:34, 06.01.2024
2024-nji ýylyň ynamy dikeltmegiň we umydyň gaýdyp gelmeginiň ýyly bolmagyna bizem çalaja goşant goşjak bolalyňmy, arkadaşlar!
Haýyr-sahawat döredijiligi dp zat barmy, Sussyötepessimist aga!
ýa-da duýgudaşlyk döredijiligi

,,döredijilikde ynsanperwerlik" diýen ýaly
avatar
0
2 Мango • 22:42, 06.01.2024
eeeeeee???
avatar
0
3 sussupessimist • 22:43, 06.01.2024
"Umydyň gaydyp gelmegi" diyyän bolsa, senyor Guterreş Umyt Küläň täze hekayalaryna garaşyan bolmaly
avatar
0
4 Мango • 22:58, 06.01.2024
Umyt Küläni BMG-de hem tanaýolarmy?
eger şeýle bolsa bize "bäh" diýämek galýo.
---
Umydy getirensoň şol BMG diýilýän edarany dünýäniň iň täsirsiz edarasy diýip yglan edip ýapmaly.
avatar
0
5 Lacrymosa • 23:24, 06.01.2024
Näme diýiňsenäň, import miwe!
türkmen topragynda dersden doýup ulalmadygyňyz bildirýär: daşary ýurtly ümlük ulanan bolup.
Hany, häziriň özünde türkmen saýtynda türkmen milli ümlüklerinden ulanyp başlaň!
avatar
0
6 Мango • 23:31, 06.01.2024
iwwaýlaý... milletçilik edýäňmaý?
avatar
0
7 Lacrymosa • 00:02, 07.01.2024
Milletçilig-ä edýeen-eý
Näme miweçilik edip, adamçylygymy ýitirerin öýdýäňizmi siz üçin!
Baryň, arzyňyzy Miçurine aýdyň!
avatar
0
8 Medicall • 00:10, 07.01.2024
Bolýa-la, Mango, laçynyñ bir penje ýelegini geçäýsene, häzirem üýşürip aýtdy: "türkmen" diýip, "Maryda göger!" diýse nätjekdiñ hää?!, miweläp bilmän çüýräp giderdiñ, näme-de bolsa Türkmenistanda gögerýan ýeriñ bar balkanda )))
avatar
0
9 Мango • 00:16, 07.01.2024
"subtropikliň halyny soramaga subtropikli gelsin" diýipdirler...
dowry şo.
avatar
0
10 Мango • 00:17, 07.01.2024
blääääää...... inni çüýretmän goýmaz...
avatar
0
11 Medicall • 00:29, 07.01.2024
Laçyn, senem bir stakan soguny geçäý, Mangoñ, wurşmañ! (taşla penjäñdäki pyçagy:))))
avatar
1
12 Küle • 08:02, 08.01.2024
Men, iň soňundan ölýän.
avatar
1
13 Мango • 10:56, 08.01.2024
hawa. ölmeli zadyň iň soňkusy - umyt.
Kuranda "...Allahyň rahmetinden umydyňyzy kesmäň!..." diýilýär. (Zümer süresi 53)

seni öldürmejek bolarys, umyt.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202