Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:27
Çagdyr bu çaglar

“Dert başymdan agan çagdyr bu çaglar”
Seýitnazar Seýdi


Bu gün başa gonmuş müň dürli sowal,
Jogaby tapylmaz çagdyr bu çaglar.
Heserlän dünýäme inipdir zowal,
Amana getirgen çagdyr bu çaglar.

Heňim bar owaza, saza sygmajak.
Yşkym bar bir ömür ýaza sygmajak.
Gözlerimden ýaş döküpler aglasam,
Hiç kimse düşünmez çagdyr bu çaglar.

Göwnüm — ýasaw, örtemişem bu jany,
Wepasyny kime bermiş bu pany?!
Ýürek sözmi aýdabilsem günämi?
Ýazsam, şygyr oljak çagdyr bu çaglar.

Oýarmaňlar, yşkyň düýşün görmüşem,
Kä zemine, kä asmana ýörmüşem.
Men Bilbil ki, misli guşa dönmüşem,
Tillerim saýragan çagdyr bu çaglar.

© Bilbil KAKABAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 17:54, 16.08.2024
goşgudaky "çag" optimistik çagmy ýa-da pessimistik çag... düşünmedim... ýagny çag öwülýämi, döwülýä?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203