Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:43
Çal bela...
Çal bela,
Çal Asman,
Çaşarýar dünýe!
Zulumyñ kölegesi,
Ölüm saz çalýa.
Imi salalyk ruhlañ şährinde
Diriler jaý salýar,
Ruhlar dogulýar.

Çal bela, saz çalýar,
Çaşarýar dünýe!

© Remezan MÄMETGURBANOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 112 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Рейтинг: 3.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
3
1 sussupessimist • 04:44, 07.03.2024
Ine, şeýt ahyryn. öz sesiňi tapjak bol şeýtdänim.

Ýöne "şährine" däl-de, "şährinde" dogry bolaýjak ýaly.

"Ruhlaryň dogulmagy" gowşagrak ýaňlanýar. Biziň ruh sözümizde orsdaky ýaly призрак diýen many duýulmansoňmy, nämemi.
Diriler öý gurýar - diýmän, jaý salýar diýseň, ýokarky saz çalýar bilenem gowy sazlaşardy.
Üstünlik!
avatar
0
2 Kyyas • 06:12, 07.03.2024
Minnetdar!
avatar
0
3 Gülkamat • 11:08, 07.03.2024
Biz - goşgy ýazýanlar hemmämiz Gurbannazar Ezizowyñ "Adamlary özgerdýänler şahyrdyr" diýen beýik pikirine gulak asmaly. Goşgy näme hakda ýazylandygyna garamazdan, okyjynyñ duýgusyna täsir edip bilmeli: ony begendiribem, gynandyrybam, tolgundyrybam, ýylgyrdybam, beýik maksatlara ruhlandyrybam biler...
avatar
3
4 Küle • 18:06, 07.03.2024
Öňki goýýan zatlaryňy okap bilemokdym. "Atlar dogry ýola düşdiler"-diýýämi? Şeýt. Gözlesene. We hiç haçan tapma.
avatar
0
5 Kyyas • 20:58, 07.03.2024
Sagbol Umyt! Tapsamam aýtman!))
avatar
0
6 Мango • 23:12, 08.03.2024
1) Ölüm saz çalýa...
2) Çal bela, saz çalýar...

saz çalýan kim?
ýa saz çalýanlar köpeldimi?

näme-de bolsa, gowja bela bolupdyr.
berekella.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202