Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:30
Alhimiýa hakynda
ALHIMIÝA HAKYNDA

Bilgin, alhimiýa – gizlin, çylşyrymly ylymdyr. Entäk bu ylymyň syrlaryny açan alym ýokdur. Aýtmaklaryna görä, Ka-runyň döwründen bäri ýaşap geçen ähli alymlar bu ylym bilen iş salşyp, gazanan netijeleri ýokdur. Biziň döwrümizde hem bu ylymyň syrlaryny açdym diýýänler baryp ýatan kezzaplardyr. Olaryň telwihdenem, terkipdenem başy çykanok. Telwihiň kömegi bilen meňzeş jisim ýasap bolýar. Köp adamlar emele gelen jisimi altyna derek kabul edýärler. Şeýle ýol bilen kümüş hem alyp bolýar. Terkip aşakdakylardan ybaratdyr. Altyn, kümüş, mis we olara meňzeş jisimleri bir gaba salyp eretmeli. Emele gelen jisim ýa-ha altyna ýa-da kümüşe meňzeş bolar. Alnan jisim altyn ýa-da kümüş hökmünde ulanylar. Eger-de alnan jisimi on, ýigrimi gezek otda eretseň, gapdaky jisim azalyp, başdaky ýagdaýa gaýdyp geler.
Bilgin, telwihden we terkipden doly baş çykarmaýan adam alhimiýa bilen iş salşyp bilmez. Birnäçeler telwihden we birnäçeler terkipden ýagşy baş çykarýarlar. Bu ylymy ýagşy ele alanlar maly-dünýä toplaýardylar. Körzehinler bolsa, älemdäki baýlygyny giderip, saglygyna zyýan etdiler. Olar bu senet bilen meşgul bolup, adamyň saglygyna zyýan yslardan dem alyp, bedenine we aklyna zyýan edip, wagtyny bihuda geçirdiler. Men birnäçe gadymy kitaplary okap, olardan özüme netije çykardym we şu kitaby ýazdym. Kimdir biri telwihiň we terkibiň nämedigini bilmek islese, enşalla kitabyň şu babyny okandan soň oňa akyl ýetirip biler.

BU SENEDIŇ KANUNLARYNY ELE ALMAK HAKYNDA

Bilgin, alhimiýa ylymy iki uly bölekden, ýagny gaty we uçujy maddalardan durýandyr. Ylym eýeleri: «Ýedi planeta görä, gaty maddalar ýedi görnüşde bolýar. Ýylyň dört paslyna laýyklykda, uçujy maddalar hem dört görnüşde bolýar» diýýärler. Şonuň üçin hem gaty maddalar bilen uçujy maddalary birleşdirmek üçin, olaryň häsiýetlerini doly öwrenip, ylymly çemeleşmelidir.
Bilgin, alhimiýada iň gaty madda altindyr. Zergärler oňa gün diýip at berýärler. Kümüş hem gaty maddalaryň düzümine girýändir. Oňa aý diýip at berýärler. Kümüşden soň galaýy gelýändir. Oňa Ýupiter diýip at berýärler. Soňra mis gelýändir. Mise Zöhre ýyldyzy diýip at berýärler. Ondan soň demir gel-ýändir. Oňa Myrryh (Mars) diýip at berýärler. Ondan soňky gelýän gurşuna Saturn diýip at berýärler. Simaby Merkuriý diýip atlandyrýarlar. Simap alhimiýada hem gaty hem-de uçujy madda hasaplanýar.
Uçujy maddalara aşakdakylar degişlidir: simap – oňa «gaçgak» diýip at berýärler. Kükürt – oňa «şalaryň daşy» diýip at berýärler. Myşýak – oňa «gün daşy» diýip at berýärler. Naşatyra bolsa «altair» diýip at berýärler.
Altyn özüniň häsiýeti boýunça gyzgyn we ýumşak. Kümüş bolsa sowuk we ýumşak, galaýy – sowuk we çygly, mis – gyzgyn we gury, simap – sowuk we çygly, myşýak – gyzgyn we gury. Kükürt – gyzgyn we gury, tutiýa – gyzgyn we gury. Biziň bu sanap geçenlerimiz gaty we uçujy maddalaryň aýratynlykly häsiýetleridir.

Çeşmesi: Hubaýş Tiflisi. Senetleriň beýany. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005.
Bölümler: Taryhy makalalar | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hubaýş Tiflisi | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Bagabat • 12:46, 18.01.2023
Sorry.
avatar
0
2 Bagabat • 13:18, 18.01.2023
KER BIR ÝANA, KÖR BIR ÝANA

Bir adam bugdaý ekip ýör eken welin, biri gelip:
— Armaweri - diýipdir.
Bugdaý ekýän oňa jogap bermän gidiberipdir. Ol adam ýene:
— Armaweri - diýýär.
Onda daýhan oňa:
— Ýeri, ýoluňdan galma, arpa eken bilen ne işiň bar, bugdaý eken bilen ne işiň bar - diýipdir.
Ötegçi agşam öýüne gelende bu wakany aýalyna gürrüň edip beripdir welin, aýaly:
— Keteni alsaň hem özüň bil, sowsany alsaň hem özüň bil - diýýär.
Soňra ol adamyň aýaly gyzynyň ýanyna baryp:
— Kakaňa keteni alsaňam özüň bil, sowsany alsaňam özüň bil diýdim - diýip, habar berýär.
Onda gyzy ejesine:
— Boýa berseňem özüň bil, dula berseňem özüň bil - diýipdir.

Çeşmesi: Türkmen şorta sözleri. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 8-nji sahypa.
avatar
0
3 Bagabat • 13:22, 18.01.2023
DIÝSEŇ-DIÝMESEŇ BIÇEME DÄL

Bir gyz bir guýynyň başyna baryp, aglamaga başlapdyr. Enesi onuň yzyndan baryp:
— Balam, nämä aglaýarsyň? - diýip sorapdyr.
Onda gyzy:
— Aý, ene, meni äre berseňiz, mendenem ogul bolup, size gezmäge gelemde şu guýa gaçar diýip aglaýaryn - diýipdir.
Enesi:
— Akylly, dana balam, diýseň - diýmeseň, şu aýdýanyň biçeme däl - diýip, özi hem aglamaga oturan. Bularyň yzyndan gyzyň atasy barypdyr.
Ol:
— Ýeri, heleý, nämä aglaýarsyňyz? - diýip sorapdyr.
Heleýi oňa gyzynyň sözlerini aýdypdyr welin, ol hem ses etmäge başlapdyr.
avatar
1
4 Мango • 19:49, 18.01.2023
Ne gözel zatlary aýyraýdyňdy?
Içinde originallary bardy.
Gaýyk, kürek berlip ýüz diýilişi…
Gaýyk, kürek berlensoň deňzi bir özüň tapmaly-da…
===
Gynandyrdyň.
bÖ:dämelem dÄdiň. :-(
avatar
0
5 Bagabat • 10:40, 19.01.2023
Äý...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202