01:40 Başlangyç | |
BAŞLANGYÇ Sowuk kofe kitabyny ýazýan mahalym, "Durmuşda her zadyñ bir başlangyjy bar" diýipdim, bu gün Dañdanky Ukym üçin bir sözbaşy ýazýaryn. Durmuş bolsa başlangyçlardan hamyla ýer. Ömrümiz ahyrlaýança täze başlangyçlar başlarys. Onuñ üçin jübümiziñ umytlardan doly bolmagy hökman. Umytly bolmak., beýnimiziñ boldumly tarapyny ulanmakdyr. Umyt bolsa her zaman ynsanyñ ähli zadydyr. Ýazmak ýaşamakdyr, bir pursat säginmezden başga ömürlerde ýaşamakdyr. Ukudakañ hem başga ömürlere garylyp-gatylmak, sözlermiziñ özge ellere gowuşmasy, ynsanlara täze sepgitler açmagydyr. Ynha, men şonuñ üçinem ýazdym. Adam elmydama gürläp bilmez, elbetde ýadar, uklar hem ähli gürrüñleri ýiter gider. Ýazmak ukudaky adamyñ söhbedidir. Müdümilik ýazmajak bolsa-da, ýazanlary bilen ebedilik ýaşamagydyr. Her zaman özge ellerde, aýry pikirlerde dowamat tapmagydyr. Men bir gün senden aýrylanymda munda özümden gözel zatlary goýup gitmekçi. Sowuk Kofe kitaby ýaly belki bu kitap-da ähli zada başlangyç bolup biler. Ýazgylarda özüñ bilen ýüzleşip, özüñe tanyş duýgular pikieler taparsyñ diýip düşünýän. Belki-de eýýam ol duýgylary syzansyñ-da, jümleleriñi jübüñe atansyñ. Aslynda her ýazgy bir kelamdyr. Sen öz kelamyñy hökman jübüñde goý. Her hili ýagdaýda-da özüñe gowy seret. Gaýta-gaýta okap bilemegiñ dilegi bilen... © Ahmet BATMAN Sabah Uykum" kitabyndan bir parça Terjime: © Kalba NUR | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |