Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:20
Daşakol
Sadyk Hedaýet (1903-1951)

1903-nji ýylyň 18-nji fewralynda Tähranda dünýä inýär. Kakasam, ejesem ýazyjy şahyrlar eken. Olaryň asly Eýranyň nusgawy şahyry Kemal Hojandydan gaýdýar.
Başlangyç bilimi Tähranda alýar. 1917-nji ýylda Tährandaky Sen Lui adyndaky daşary ýurt mekdebine girýär. Bu mekdebi 1925-nji ýylda tamamlap orta bilim alýar. 1926-njy ýylda bilimini artdyrmak üçin Belgiýa barýar. Ol ýerden howasy ýaramandygy sebäpli Pariže gidip, şol ýerde ýokary bilim alýar.
1930-njy ýylda Tährana gaýdyp gelýär we Eýranyň milli bankyna işe girýär.
1932-nji ýylda Yspyhana gidýär we şol ýyl bank işini taşlap, söwda guramasyna işe girýär.
1933-nji ýylda Şiraza gidýär we ol ýerde kakasynyň doganynyň öýünde ýaşaýar. 1934-nji ýylda söwda guramasyndan çykyp Daşary işler ministrligine işe girýär. 1935-nji ýylda ondanam çykýar. 1936-njy ýylda gurluşyk paýdarlar kampaniýasyna işe girýär. Şol ýyl Hindistana gidýär. Ol sankskrit dilini öwrenýär. 1937-nji ýylda Tährana gaýdyp gelýär. Ýene Eýranyň Milli bankyna işe giýär. 1938-nji ýylda ol ýerdenem işden çykyp, sazçylyk filarmoniýasyna işe girýär. Ol ýerde neşir edilýän saz baradaky žurnal bilen işleşip başlaýar. 1940-nji ýylda Tähran uniwersitetiniň Estetika fakultetine terjimeçi bolup işe ýerleşýär. 1943-nji ýylda Sohan (Söz) žurnaly bilen işleşip başlaýar. 1945-nji ýylda Özbegistanyň Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň çakylygy bilen Daşkende barýar. Şol ýyl Eýran-SSSR medeni jemgyýeti tarapyndan Sadyk Hidaýetiniň ýubileýi geçirilýär. 1950-nji ýylda Pariže gidýär we şol ýerde 1951-nji ýylyň 9-njy aprelinde 48 ýaşynyň içinde öž janyna kast edip dünýäden ötýär. Parižiň Perlaşež gonamçylygynda jaýlanýar.

* * *
DAŞAKOL

Şirazyň ähli adamlary Daşakol bilen Kakarüstemiň biri-biriniň kölegelerini ok bilen urýandyklaryndan habarlydylar. Bir gün Daşakol Domili çaýhanasynyň sekisiniň üstünde ýeke dyz oturdy. Domili çaýhanasy onuň öňden bäri baryp ýören ýeridi. Elindäki suwly bulgura atylan buzy barmagy bilen bulap durka Kakarüstem gapydan girdi. Oňa äsgermezçilik bilen gabak astyndan seredip, egnine atan ýaglygyny galgydyp deňinden geçdi-de, Daşakolyň garşysyndaky sekide oturdy. Çaýhanaň hyzmatçysyna sakawlap:
- E-eý oglan bä-bärik bir çaý al – diýdi.
Daşakol manydan doly nazary bilen çaý daşaýan oglana bakdy. Oglan bu bakyşdan gorkusyna nämäň-nämedigine düşündi we Kakarüstemiň aýdanyna ünsem bermedi. Ol bulgurlary mejimeden alyp suwly gapda çaýkaýardy soň bir gury esgi bilen olary gyjyrdadyp süpürýärdi. Süpürýän bulgurlarynyň sesi eşidilip durdy. Oglanyň özüne üns bermeýändigine Kakarüstemiň gahary geldi. Gaýtadan gygyrdy:
- Ke-ke-kermisiň. Men sa-aňa diýýän.
Oglan ýyljyraklap, näme etsemkäm diýen manyda Daşakola seretdi. Kakarüstem dişlerinden syzdyryp hem arasynda sakawlap şeýle diýdi:
- Özüni hondan bärisi saýýanlar, eger özlerini mert hasap edýän bolsalar bu gije gelsinler meniň bilen güýç synanyşsynlar.
Daşakol bulgurdaky buzy bulap, gözüniň gytagy bilen ähli zady synlap oturşyna hahaýlap güldi. Onuň hyna boýalan murtunyň aşagynda bir hatar ak dişleri ýyldyrap gitdi.
- Bigaýratlar men-menlik edýändir. Kimiň rüstemdigi kimiň pürstemdigi orta çyksa belli bolar – diýdi.
Oturanlaryň hemmesi pakyrda berdi. Olar Kakarüstemiň sakawlaýşyna gülmeýärdiler, sebäbi onuň sakawdygyna her kes beletdi. Daşakoluňam maňlaýy sakar men diýen öküzdigini her kim bilýärdi. Döşlerine kakýanlardan onuň ýumrugynyň awusyny datmadygy ýokdur. Her gije molla Yshak ýahudynyň öýünden satyn alan güýçli aragynyň bir çüýşesini bokurdagyndan içip, Särdüzak mähellesiniň öňüne çykanda, Kakarüstem beýlede dursun, onuň kakasynyň kakasam bolsa, gelip onuň öňüne egnindäki ýaglygyny ýazardy. Elbetde, Daşakol bilen başa-baş çykardan ejizdigini Kakarüstemiň özem bilýärdi. Sebäbi iki gezek ondan almytyny alypdy. Daşakol ýene üç-dört gezegem onuň döşünde oturypdy. Ol betbagt Kakarüstem birnäçe gije mundan öň mähellä gelip, özüne göwni ýetýänlerden hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirip, ol ýerde tozan turzupdy. Emma, Daşakol birden ajal ýaly ol ýere gelip, bir topar kemsidiji sözleri onuň üstünden ýagdyrypdy we şeýle diýipdi:
- Kaka, seniň äriň öýde däl bolmaga çemeli. Keýpde aşa geçäýipsiň öýdýän. Bilýäňmi näme, bigaýratlyk edip, ýol urup ýörmäge utanmaýarmyň. Özüňe kesp edinen bu käriň gedaýçylyk. Näme üçin Allaň bendeleriniň ýoluny kesýäň? Pürýaýy Weliden (pälwanlaň piri) kasam içýän ýene bir gezek mesirgäp ýola çykanyňy göräýsem murtuňy çirkizerin. Şu gama bilen garnyňdan gapy açaryn.
Kakarüstem şol wagt guýrugyny ýamzyna gysyp, ol ýerden gidipdi. Emma, Daşakoluň gahary ýüreginden çykmandy. Häzirem onuň öwezini dolmak üçin bahana gözleýärdi.
Üstesine-de Daşakoly Şirazyň ähli ilaty gowy görýärdi. Sebäbi ol Särduzak mähellesiniň başynda otursa-da aýal oglan-uşak bilen işi ýokdy. Päli azanlyk etmeýärdi, her kime arka çykýardy. Eger bir ajaly ýeten ýoknasyzlyk edip, bir aýala lak ataýsa, ýa-da kimdir birine nähak azar berse, Daşakoluň elinden diri sypmazdy. Ol köplenç halka goluny uzadardy. Pul kömegini ederdi. Keýpi kök wagty hem gaty zerurdygyny duýsa, köçede barýanyň ýüküni göterşip öýüne-de eltişerdi. Emma hiç kimiň öz depesinden garamagyny islemeýärdi. Onda-da, sähelçe keýpi göternip bilmän müň tüýsli oýun görkezip ýören Kakarüstem ýalylaryň.
Kakarüstem çaýhanada özüniň kemsidilmegine çydap bilmedi. Emma zähri mar ýuwdan ýaly bolup otyrdy, murtunyň ujuny dişläp. Häzir ondan pyçak sançsaňam gany çykjak däldi.
Milletiň oňa ok bolup atylan gülküsi ýuwaş-ýuwaş köşeşdi. Egninde ýakasy ýasyl köýnekli, bedenine syrlaşyp duran balakly çaýçy oglan welin, henizem içini tutup, towlanyp-towlanyp gülýärdi. Onuň bu gülküsine gaýtadan gülmäge başlanam tapyldy. Kakarüstem gaharyny saklap bilmedi. Öňünde duran süýji gaby alyp, çaýçy oglanyň kellesidir diýip zyňdy. Hernä süji gap sekidäki semawara degdi. Onuň badyna semawar ýykylyp, bir topar bulgury döwdi. Kakarüstem mundansoň der-gazap bolup çaýhanadan çykyp gitdi. Çaýhananyň eýesi ýykylan semawary galdyryp durşuna:
- Barymyz-ýogumyz bir semawardy onam rüstemsireýän ýykdy – diýip, gynanyp aýtdy. Emma, bu sözlerde rüstemi ýaňsylamaňam bardygy üçin ýene gülki ýaňlady. Çaýhana eýesiniň güýji çaýçy oglana ýetensoň, gaharyny ondan çykarjak boldy. Daşakol gülümjiräp jübsünden bir kisejik pul çykaryp, olara tarap zyňdy. Çaýhanaň eýesi kisejigi ýerden galdyryp, elinde agramlap gördü-de ýylgyraýdy. Şol wagt giň jalbarly, mahmal köýnekli, pesiräk tikilen keçe telpekli bir adam çaýhana gyssanmaç girdi. Töwergine ser saldy-da, Daşakoluň ýanyna baryp salam berdi. Soňam:
- Hajy Samat merhum boldy – diýdi. Daşakol ýüzüni göge tutup: «Alla rahmet etsin» diýdi.
- Onuň eden wesýetinden habaryňy ýokmy? Ol sizi mirasdüşer saýlapdyr ahyryn.
Daşakol bu söze tisginip, ukudan oýanan ýaly boldy. Muny aýdany ýaňadan depesinden dyrnagyna çenli synlap, elini maňlaýyna ýetirdi. Başyndaky ýumurtga şekilli papagy biraz arkan süýşdi. Papagyň aşagynda kellesiniň güne ýanmadyk bölegi akjaryp göründi. Güne ýanan maňlaýy bolsa garalyp durdy. Başyny ýaýkady. Bir uly müşdügi bardy. Müşdügini eline aldy, oňa temmäki guýdy, barmaklary bilen basyşdyrdy. Soň ony otlady hem şeýle diýdi:
- Alla Hajyny ýalkasyn. Ötüp gidipdir welin, biziň başymyza bu ýüki atyp gidip oňarmandyr. Gowsy sen git, menem yzyňdan bararyn.
Ol adam Hajy Samadyň hyzmatkäridi. Uly-uly ädimläp gapydan çykyp gitdi. Daşakol gaşyny çytyp oturdy. Müşdügini uludan-uludan sordy. Çaýhanadaky şatlykly-gülküli howany agyr bulup özüne gaplan ýaly boldy. Daşakol müşdüginiň külüni döküp turdy-da, çaýhanadan çykdy.
Daşakol Hajy Samadyň howlusyna girende Kurany hatym edip gutarypdylar. Diňe birnäçe kary we olaryň kömekçileri pul üstünde sene-mene edip otyrdylar. Howzuň gyrasynda bir salym garaşyp durandan soň, ony görüp uly otaga saldylar. Otagdaky oturguçlaryň ählisi howla bakdyrylyp goýlupdyr.
Hanym perdäň aňyrsyna geldi. Salamdan soň Daşakol düşekde oturdy we şeýle diýdi:
- Hanym, başyňyz aman bolsun. Çagalaryňyzdan ýamanlyk görmäň.
Hanym tutuk sesde şeýle diýdi:
- Hajynyň şol gije derdi beterleşenden soň şäheriň ahunyny onuň başujuna getirdiler. Hajy hemme kişä eşitdirip, şol ýerde seni öz yzyna mirasdüşer goýýandygyny aýtdy. Elbet, Hajyny siz öňdenem tanaýansyňyz-da?
- Biz bäş ýyl mundan öň Kazerun şäherine barýarkak tanyşypdyk.
- Alla ýalkasyn Hajyny. Ol elmydam, «Bir ýerde bir erkek kişi bar bolsa, ol sizsiňiz» diýip aýdardy.
- Hanym, men öz erkinligimi hemme zatdan eý görýän. Emma, bu ölüniň wesiýetini tutmanam bilemok. Şol sebäpden Asmandaky Günüň şöhlesinden kasam edýän, eger ölmesem, özüne halaldyryn diýip hudaýhonsyraýanlara, kimdigimi görkezerin.
Şol wagt ýüzüni galdyranda biraz açyk galan perdäniň aňyrsynda bir gyzyň hem duranyna gözi düşdi. Gyzyň aglamakdan ýüzi gyzarypdyr, şonda-da ol nuranady, gara gözleri özüne çekijidi. Sähel salymam bolsa olaryň gözleri biri-birine kaklyşdy. Emma ol gyz, utandymy-nämemi perdäň açyk galan ýerini syryp yza süýşdi. Ol gyz owadanmydy? Mümkin. Emma onuň özüne çekiji gözleri öz işini bitirdi we Daşakoluň halyny üýtgetdi. Ony başyny aşak salyp gyzarmaga mejbur etdi. Bu gyz Hajy Samadyň gyzy Merjendi. Ol şäherde meşhur we kakasynyň yzyna myrasdüşer belläp giden adamynyň – Daşakoluň kimdigi bilen gyzyklanyp gelipdi.
Daşakol ertesi gün Hajyň tabşyryp giden işlerini bitirmäge girişdi. Bir mürze, mähelleden iki adam, bir kätip alyp Hajydan näme miras galan bolsa ony kagyza geçirdi. Artykmaç bolup görünýän köp zatlary ammarda goýdy, gapysyny möhürledi. Satylyp bilinjek zatlary satdy. Emläkleriň ýazgylaryny okatdyrdy. Algylaryny alyşdyrdy we bergilerini berişdirdi. Bu işler iki gije-gündiz dowam etdi. Üçünji gje Daşakol gaty ýadaw halda Seýit Hajygaryp çatrygyndan geçip öz öýüne tarap barýardy. Ýolda Ymamguly Çalaňgeri gördi. Ol şeýle diýdi. Iki gije bäri Kakarüstem seniň ýoluňa garap otyr. Ol öten agşam maňa şeýle diýdi:
- Ol-a meni ýoluň gyrasyna ekdi goýaýdy. Wadasynda durup bilmedi.
Daşakol muny eşidip murtuny sypady. Öz-özüne «Bu biderek gürrüňlere üns berme» diýdi.
Daşakoluň ýadyndady, Domil çaýhanasynda üç gün mundan öň Kakarüstem eýderin-beýderin diýipdi. Emma, Daşakol oňa beletdi. Ymamgulyňam Kakarüstemiň tüýdügine tans edýänini bilýärdi. Şol sebäplem onuň sözüne gulagam asman ýoluny dowam etdirdi. Ýolda bar akyly-huşy Merjendedi. Onuň jemalyny gözüniň öňünden kowmaga çalyşdygyça, hyýalynda has beter janlanýardy. Daşakol otuz bäş ýaşyndaky adamdy. Daýanyklydy, emma beýle bir görmegeý däldi. Onuň ýüz keşbi ilki görene eýmendirijidi. Emma, bir gezek bile oturyp-turuşana, ýa-da ol barada halkyň arasynda aýdylýan sözleri eşidene, ol ýakymly görnerdi. Çep-sag duluklaryndaky gamaň yzlaryna üns bermeseň Daşakol hasam mähirli görünýärdi. Owlagyňky ýaly ala gözi, gür gaşy, tüňňi maňlaýy, inçemik burny we şar gara sakal-murty özüne çekijidi.. Emma, ýüzündäki ýarag yzlary bu görmekden zat goýmandy. Hasam çep gabagynyň aşagy.
Kakasy pars welaýatynyň iň baý mülkdar adamlaryň biri eken. Ölenden soň bar baýlygyny ýeke ogly Daşakola miras galdyrypdyr. Emma, Daşakol eli açyk, jomart, dünýäň malyna ähmiýet bermeýän adam bolansoň, bar mülküni garyba-gasara paýlap tükedipdir.
Gowulygyny-erbetligini bir ýana goýsak, yşk-söýgi onuň durmuşyna aralaşmandy. Ýoldaşlary öýlenmekden söz açsalar ol özüni çete çekýärdi. Emma, Hajy Samadyň mirasdary bolup Merjeni görenden soň onuň durmuşy bütünleý üýtgedi. Bir tarapdan boýnunda merhumyň öňündäki borjuny ýerine etirmek bardy, beýleki bir tarapdanam Merjene aşyk bolupdy.
Ony has ejizledýän zat şol borçdy. Öz malyny-mülküni garyp-gasara paýlap hiç zatsyz galan adam, indi her gün irden turanda Hajydan galan emlägi nädip köpeldip bolar diýip oýlanmaly bolýardy. Aýal-çagalaryny bir kiçiräk öýe ýerleşdirdi. Öňki şahsy öýlerini kireýine berdi. Çagalaryna mugallym tutdy. Ondan galan puly işe girizdi we ertirden-agşama bu işler bilen başagaý bolup galyberdi. Şeýlelikde Daşakol ýuwaş-ýuwaşdan gije gezmekden, mähellä çykyp oturmakdan el üzdi. Dostlary bilen seýrek duşuşýardy, öňkileri ýaly sözleri alyşyp gitmeýärdi. Birentek adamlar, Hajy Samadyň malyny hususy bähbitlerine ulanyp ýörenler, Daşakol sebäpli aňsat gazançlaryndan el çekmeli boldular. Muňa gahar edip, olar onuň gybatyny edýärdiler. Çaýhanada ýokka arkasyndan şeýle gürrüňler ederdiler.
- Daşakola diýýäň dälmi, oň agzyndan süýdüň ysy gelýär. Kimiň itimiş-ä ol? Hajyň öýünde mys-mys edip ýör, bir zatjyk düşýändir elbet. Mähelläň köçesinden geçende guýrugyny gysyp geçýär.
Ýüregi oňa bolan ýigrençden doly Kakarüstem öňki sakawlygyny edip şeýle diýerdi:
- Garransoň ýaşlygy ýadyna düşüpdir. Hajy Samadyň gyzyna aşyk bolupdyr. Gezligini gynanynda posladypdyr. Halkyň gözüne gum sowrupdyr. Hajyň wekili bolup onuň emlägini öz adyna geçirmek üçin halalsyrap ýören eken. Hudaý pälinden tapdyrsyn.
Daşakoluň hynasy hemme kişiň ýanynda reňkini ýitirdi. Indi oňa hiç kim ünsem bermeýärdi. Daşakol bir ýere barsa, baran ýerinde pyşyrdylar başlanýardy. Daşakol bu geplere ünsem berenokdy, ýüzüne-de almaýardy. Sebäbi Merjeniň yşky onuň damarynda şeýle bir ornaşypdy welin, özünden başga pikire-zikire ýer goýmandy.
Gijelerine arak içýärdi. Özüne güýmenjelik bir totuguş alypdy. Kapasaň öňünde oturyp totusy bilen dertleşýärdi. Eger Daşakol Merjene öýleneýin diýse, Merjeniň ejesi iki elläp göwnejekdi. Emma, ol erkini aýal-çagaň aladasyna aldyrasy gelmeýärdi. Öňküsi ýaly erkin ýaşasy gelýärdi. Şeýle hem özüne ynanylan gyzy aýal edinip alsa ol duz iýen ýerine hyýanat etdigi bolardy. Bu hereket mertlikden uzak hereket. Iň ýamanam her gije öz ýüzüne aýnada seredýärdi. Çapyk-çapyk ýüzüne seredip gaty sesi bilen özüne ýüzlenerdi:
- Ýok, onuň meni gowy görmezligi mümkin. Oňa bir görmegeý ýigit mynasyp... Ýok bu mertlikden daş... Ol on dört ýaşynda, men bolsa kyrk ýaşadym... Emma men nädeýin, bu söýgi meni öldürýär... Merjen ... Merjen sen meni öldürdiň... Men derdimi kime aýdaýyn? Merjen... Seň söýgiň meni öldürdi.
Gözlerine ýaş aýlanýardy. Dynman arak içýärdi. Şondan soň kellesini tutup oturýardy. Şol durşuna-da ýatyp galýardy. Gijäň bir wagtynda köçelerde çyralar sönende, Asmanda ýyldyzlar ýalkym saçmaga başlanda, Merjeniň gözlerem agyr uka gidende hakyky Daşakol, tebygy Daşakol, şol çagalyk döwründe alan düşünjesi bilen öýden daşary çykýardy, aňynda Merjeni bagryna basýardy, ony ogşaýardy. Emma, oýananda özüne käýinmäge başlaýardy, ýaşaýyşyna käýinýärdi, diwanalar ýaly öz otagynda iki ýana ýöreýärdi. Gün dogandan soň bolsa, söýgi pikirinden dynmak üçin Hajynyň özüne goýup giden işleri bilen meşgul bolýardy.
Şeýdip ýedi ýyl geçdi. Ol Hajynyň aýaly we çagalary hakyndaky aladasyny sähelçe-de gowşatmady. Hajynyň çagalaryndan biri nähoşlasa gije-gündiz onuň başyny saklady. Emma, Merjene bolan söýgüsi aýrybaşgady we belki şol söýgi ony şeýle hoşamaý, mylakatly adam eden bolmagy mümkin. Şol ýyllaryň içinde Hajyň çagalary özlerini oňarar ýaly ýaşa ýetdiler. Emma, möhüm bir waka boldy. Merjene söz aýdyjy geldiler. Giýew boljak adam Daşakoldan gartaňrak we ondanam bedroýdy. Ejesi razy bolansoň muňa Daşakol gaşynam çytmady. Toý üçin elinden gelenini etdi. Çagalaryny täzeden öňki öýlerine etdi. Uly otagda myhmanlara hyzmat etdi. Şirazyň abraýly adamlaryny, täjirlerini toýa çagyrdy. Nika gyýmaga ahun gelende iň gowy egin-eşiklerini geýip, ýanyna üç adam alyp, onuň öňünden çykdy. Ýanyndaky üç adamyň goltugynda uly kitap-depderler bardy. Myhmanlaryň we ahunyň öňünde şeýle diýdi:
- Ahun aga, Hajyny Alla ýalkasyn. Öz wesiýeti bilen meni ýedi ýyllap şu görgülere goýdy. Onuň iň kiçi bäş ýaşyndaky ogly on iki ýaşady. Bu hem Hajynyň emläkleriniň hasap-hesipleri – diýip şol üç adamyň goltugyndakylara yşarat etdi. Sözüni dowam etdirdi:
- Şu ýyllaryň içindäki çykdajylary, şu gijäniň çykdajylaryny hem üstüne goşup öz hasabymdan berdim. Mundan beýläk men öz ýoluma gideýin, bularam öz ýoluna gitsin. Maňa rugsat beriň – diýende bokurdagy doldy.
Ol gepiniň üstüne hiç zat goşman, jogaba-da garaşman başyny aşak salyp, gözleri ýaşdan doly, çykyp gitdi. Köçä çykanda uludan bir demini aldy, özüni erkin duýdy. Arkasyndan ýük aýrylan ýaly boldy. Emma, onuň ýüregi döwlüpdi, ýaralanypdy. Şonda-da hiç adama bildirmän ädimlerini erkin ädýärdi. Şol gidişine-de molla Yshak ýahudyň öýüne girdi. Içen araklarynyň puluny berip daşyna çykdy. Agşamarady. Ýagyşyň ysy gelýärdi. Merjeniň al ýaňak ýüzleri, gara gözleri ok ýaly kirpikleri we onuň saçlary göz öňüne gelýärdi. Ýedi ýylda bolup geçen wakalar göz öňünden geçdi. Öz öýüne gitmäge-de eýmendi. Daşakol şol barşyna Sädüzak mähellesine bardy. Bir zamanlar ol şu ýerde oturardy. Mähellä göz-gulak bolardy. Hiç kim öňüne geçip bilmezdi. Baryp öňki ýerinde oturdy. Ýeri, göwnüne bolmasa, üýtgäpdir. Özi ýaly jaýryk atypdyr, döwlüpdir. Kellesi agyrýardy. Şol wagt garaňkyň içinde bir adam ýakynyna geldi:
- Gijäň garaňkysynda merdi-namardy tanap bolmaýar.
Daşakol Kakarüstemiň sesini tanady. Ýerinden turdy. Elini bykynyna urdy, ýere tüýkürdi we şeýle diýdi:
- Kakaň bigaýrat seň. Sen onsaň nädip mert boljak? Mert diýleni görmäňsoň özüňe mertmikäm diýýänsiň.
Kakarüstem muňa içýakgyç güldi. Sakawlap şeýle diýdi:
- Köp wagtdan bäri, bärlerde görünmeýärdiň-le. Bu gije Hajyň öýünde toý bar. Näme seni ondan...
Daşakol onuň sözüni böldi.
- Hudaý seni tanap diliň ýarsyny bermän, ýarsyny beripdir. Bu gije o ýarsynam men alaryn.
Gamasyny gynyndan çykardy. Kakarüstem hem gamasyny çykardy. Daşakol gamasyny ýere sançdy.
- Bir mert isleýärin, bu gamany ýerden götersin.
Kakarüstem duýdansyz onuň üstüne topuldy. Daşakol onuň goşaryna uran badyna elindäki gamasy ýere gaçdy. Olaryň seslerine töwerekden adam üýşdi. Emma, hiç kim golaýlaşyp bilmedi. Daşakol gülüp şeýle diýdi:
- Bar gamany al. Emma bu gezek ony berkiräk tut. Sebäbi bu gije ikimiziň aramyzda hasap-hesip gutarmaly.
Kakarüstem ýumrugyny düwüp üstüne geldi. Olar biri-biri bilen çaknyşdylar. Ýarym sagatlap ýerde togalandylar. Ýüz-gözlerini der basdy, emma hiç kime ýeňiji bolmak başartmady. Bu gala-goplulykda Daşakoluň kellesi ýerde düşelen daşa degdi. Kakarüstemiňem güýji gaçypdy. Birden onuň gözi Daşakoluň çümdürip goýan elýeterdäki gamasyna düşdi. Ony garbap aldy we Daşakoluň böwründen sançdy. Ikisiniňem eli howada galdy. Töweregindäki adamlar ýortup geldiler we Daşakoly ýerinden galdyrdylar. Gan onuň böwründen ýere akýardy. Ol elini ýarasynyň üstüne goýdy. Birnäçe ädim ädip diwaryň gyrasyna bardy. Oňa ýaplanmakçy boldy, emma ýere ýykyldy. Ony göterip öz öýüne eltdiler.
Ertesi Daşakoluň ýaralanandygy baradaky habar Hajy Samadyň öýüne ýetdi. Onuň uly ogly Welihan irden ony soramaga geldi. Görse Daşakolda reňk-pet galmandyr. Sessiz ýatyr. Agzyndan ganly köpürjük çykýar we zordan demini alýar. Daşakol bu halynda-da ony tanady. Titireýän sesi bilen şeýle diýdi.
- Bu dünýäde meniň diňe şu toty guşum bar. Sizden haýyş bu totyny öýňüze äkidiň we ony...
Mundan soň geplemedi. Welihan gözüniň ýaşyny syldy. Daşakol bolsa bir sagat geçip-geçmän öldi.
Şirazyň ähli ilaty oňa agladylar. Welihan totyguşuň kapasasyny öýlerine äkitdi.
Şol günüň ikinji ýarymynda Merjen totyguşuň kapasasyny öňünde goýup onuň çüňküne, reňkli-reňkli ýeleklerine, onuň tegelek manysyz gözlerine seredýärdi. Birdenem totyguş Daşakoluň agzyna öýkünýän ses bilen şeýle diýmäge başlady:
- Merjen... Merjen... Sen meni öldürdiň.... Men kime diýeýin... Merjen... Seniň yşgyň meni öldürdi...
Merjeniň gözlerinden ýaş akyp başlady.

Terjime: ???
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 63 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Sadyk Hedaýet | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Bagabat • 11:38, 12.12.2022
Öz döwrüniň ysyny berýän eser eken.
Täzeligiň, üýtgeşikligiň, geň-enaýylygyň yzyndan kowalap, ýetip bilmän ýörüşimize, munuň ýaly wakalary nädip şeýle goýazy, agras, gyzykly, saldamly hekaýat etmelidiginem undup barýas.
Sag bol ýetireniňe.
Hekaýada ýek-ýarym harp ýalňyşlyklary bar eken:

mejmeden - mejimeden;
ýetýeänlerden - ýetýänlerden... we ş.m.
avatar
0
2 Мango • 16:15, 12.12.2022
Daşakoluň totuguşy barada.
---
"Gijelerine arak içýärdi. Özüne güýmenjelik bir totuguş alypdy. Kapasaň öňünde oturyp totusy bilen dertleşýärdi".

şu sözlemde totuguş meniň pikirimi hiç ýerik ugrukdurmady, ýagny hiç zady salgy bermedi.
emma, hekaýaň soňundaky agzalýan ýerinde, näme diýjek bolýanyny derrew öňünden duýsa bolýar.

"Titireýän sesi bilen şeýle diýdi.
- Bu dünýäde meniň diňe şu toty guşum bar. Sizden haýyş bu totyny öýňüze äkidiň we ony..."

hä-ä... totusyna Merjeniň adyny öwredendir diýip pikir edýäň.
ýöne o pikirde azajyk ýalňyşýan, awtor has gowy jemleýär.

"...totyguş Daşakoluň agzyna öýkünýän ses bilen şeýle diýmäge başlady:
- Merjen... Merjen... Sen meni öldürdiň.... Men kime diýeýin... Merjen... Seniň yşgyň meni öldürdi..."
avatar

Старая форма входа
Total users: 203