Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:13
Daşarky durmuş

Daşarky durmuş / romandan parça

1993 ýyl
3 aprel.
Serži-Prefektoryň şäheretek metrosynda üç sany gyz hem-de dyzy ýyrtyk jinsili, boýnunda zynjyra iltelen kulonly ýigit münýär.
Gyzlaň biri beýlekisine: “Senden gowy ys gelýä” – “Bu Minidu”. Ýigit: “Reno Žerminalda oýnaýa”. Gyz: “Ne eýläk, ne beýläjik film”. Ýigit özüni aklaýar: “Renony hem Zolýany eý görýän...”. Olar Wiržene ugraýarlar.
Bu şenbe metrosy, Pariže ýaşlary hem-de çagaly jübütleri äkidýär.
Matlaplardyr yhlaslaň howa gatlagy (atmosferasy), oturmak, dikelmek üçin jana girýän tenlerdedir ýüzlerde okalýar. Adamlar Etuala, Ala çykýarlar, o taýda-da olary sazyň heňleri garşylaýar.
Parižden dolanmak, agşam. Iki çagaly jübüt. Kiçijik oglanjyk, oturgyja galtaşan dessine dodagyny jebis gysyp, uklady; oň keşbiniň alamatlary garryňkyny ýatladýar. Gyzjagaz, bäş-alty ýaşynda, äýnekli, üznüksiz towlanjyraýar. Ol Şantal Tomassdan gara, ýalpyldawuk sozmakly (kolgotka), ol birneme bihaýa. Kakasy gyzynyň aýaklaryna seredip, gaýtalaýar: “Köýnekçäňi (ýubka) çek, ol has ýokaryk dartylypdyr”. Ejesi hiç hili nepisliksiz geýnen, eşitmediksireýär.

8 aprel.
Öý eýeleriniň ýygnagy. Basgançagasty kapasalar, ýerzeminler we ş.m...hakda gürrüň edýärler, her gozgalan sorag – öz bilimleňňi sereşlemäge mümkinçilik: “Pylan ýerde hasaplaýjylary goýmaly...”; gülkülije wakajygy beýan etmäge pursat: “Meň öňki ýaşan jaýymda...”, heneklije tymsal aýtmaga sellem: “Şol gün, altynjy gatdaky ýaşaýjy...”.
Bu gürrüňler – dirilik üçin zerurlyk.
Seržide uniwersitetler açylaly bäri, agşamlaryna Oşanda söwda edýän talyplary görmek bolýar. Olary töleghanalaň ýanynda, toparlaň arasyndaky käbir kinaýalyja aralykdan tanamak bolýar, toparlar, birek-birek bilen salamlaşmak zerurlygyny duýmaýan we uzakly gün sapaklarda ýa-da uniwersitetiň naharhanasynda görüşmäge endik eden, özgeren adamlardan ybarat. Bu “belli bir derejede kesgitlenen” (bir ýaşamagyň, umumy bähbitleň, sapaklaryň birmeňzeş tertibiniň esasynda emele gelen) birleşikler, täsirli hem gysgamöhletleýin.

13 aprel.
Serži ugrunda, şäheretek metroda, zenan – aziýaly, dyzynda nagşyň çyzgysyny goýup, örýär. Daşyndan ýeterlik derejede çylşyrymly görünýär: dürli reňkli üç ýüň ýumak, şolar bilenem ol yzygiderli örýär. Men “Le Mondy” okaýan, Bosniýada bolup geçýän zatlar hakda. Bu urşuň gözi bilen garasaň meň hereketlem, edil şo aýalyňky ýaly bihuda. On sekiz ýyl mundan ozal men edil şeýle görnüşde öz ýurtlaryndan gaçyp gaýdan syýasy bosgunlar hakynda okamalydym; şolaryň arasynda-da, mümkin şu hatyn bolandyr. Konflan bekediniň öň ýanynda ol gaýçy bolup hyzmat edýän açargabyny çykarýar, erişleri kesýär, ýumaklarydyr, keşdäň çyzgysyny sebetjigine salýar, çykmak üçin turýar.

17 aprel
Marsel-Pariž gatnawy. Tegelek penjiräň (illýuminatoryň) ýanynda – benewşe reňk jalbar-penjekli, ýagty-melewşe köýnekli, köwşüne reňkdeş gara-altynsöw sebetjikli aýal. Ol okamaýar. Ol yhlaslylyk bilen dyrnaklaryny timarlaýar. Biraz soňrak aýnajyga seredýär. Birnäçe sapar sebetjigini açýar, ýapýar, onda nämedir bir zatlary gözleýär, a belki agtarýanam däldir.
Uçarbelet gyz sowuk şerbetli arabajygyny öňünden itekläp gelende, ol şampan şerabyny haýyş edýär, oň bahasyny töleýär, göni öňüne dikilip, haýaljakdan ony içýär. Öz erkek kişisini hökmany ýagdaýda tapjak bu aýal, şo bagtyna garaşmagyny daly kämil etmek üçin şampan çakyryny satyn alýar. Ol öz-özüne garaşmagyň baýramyny belleýär.
Uçar gonmazynyň öňýany, ol ýene-de aýnajyga garaýar, ýüzüniň timaryny (makiýažyny) düzedýär.
Agşam. Al bekedinde bir hebeşi nagara kakýar. Beýlekisi deprek çalýar, üçünjisi aýdym aýdýar. Haýsam bolsa bir serhoş olaň gapdalynda jalbarynyň kemerine gysdyrylan gurjakly, raks oýnaýar. Daş-töwerekde ýolagçylaň hümeri. Men on alty ýaşymda Garleme göçüp gitmegi arzuw edýänimi ýatlaýaryn, sebäbi meni jaz özüne çekerdi...

11 maý.
Bon Nuwel bekediniň deňesinde maňa otuz ýaşlaryndaky, çişik biri gep gatýar. Men ondan näme gerekdigini soraýan. Ol maňa “Iýmit üçin” diýen ýazgyly plastik bulgurjygy görkezýär.
Gülüp, men oňa daş sypatyndan-a sagdyndygyny aýdýan. Ol kisesinden horlanmak üçin sagaldyş merkeziniň kagyzjygyny çykarýar: ol şo ýere gitmeli eken, ýöne ol durmuş taýdan goraglylyk merkezinde agzalykda durmaýan eken. Ol maňa öz ýagdaýy hakda gürrüň berýär, menem oňa düşündirýän, hemme dileglere seslenmek gaty kyn. Ol elinde mahabat bildirişler gazetini hem-de çaklaňja ýazgyjygy saklap dur. Erkek kişi gazedi yhlas bilen metroň girelgesindäki basgançaga ýazýar-da, çökýär. Ol diýýä: “Ant içýän, men içemok”, maňa ýakyn süýşýär-de, üstüni ýetirýär: “Ýogsa-da, eger men içýän bolsamdym, onda siz çakyryň, alkogolyň ysyny syzardyňyz”.
Yzyndanam aýdýa: “Bizi başga hiç ýerde sylamaýarlar”.

18 maý.
Prentan Osman dükanynyň Iw Sen Lorandan sozmaklar bölüminde satyjy gyz ýok. Bölümiň beýleki burçunda, haýsydyr bir zenan joraply dolaklary seçip-saýlaýar. Eliniň çalt hereketi bilen bir dolagy öz sebetçesine dykýar-da, müşk-anbar bölümine ýüzlenýär. Birdenkä men onuň hut şu mahal sozmak ogurlanyna düşünýän. Men oň bolşuny ýörite synlamandygym zerarly, täsinlik oň hereketleriniň yzygiderliligine garaşmakda (töleghana barýarka harydy elinde saklamagyň deregine ony sebetjige dykmak) ýüze çykypdy, şo adaty dälligem meni aňastaň derejesinde gozgalaňa salmalamdy.
Men bu hatynyň serhoş ediji dabarasyny göz öňüne getirýärin.

20 maý.
Trua Fontendäki “Žan-Klod Monderer” aýakgap dükanynyň görnüş aýnasynda demir gözenek we “Dükanyň ýapylmagy bilen bagly satha-satlyk” diýen ýazgy.
Men bu şähere gelenimde ol “Espas 2M” diýlip atlandyrylýardy. Men şu ýerden satyn alan hemme jübüt aýakgaplarymy ýadyma salmaga çalyşdym.
Söwda merkezinde her dükanyň ýitirim bolmagy, öz-özüň bir ülüşjigiň, onuň iň gowy böleginiň ölümini aňladýar.

21 maý.
Ýüzünde çalgy-boýagdan nam-nyşan ýok aýal, Denwere barýan şäheretek metrosynda özüniň on-oniki ýaşly oglunyň gabat-garşysynda otyr. Ol haýsydyr bir zenan žurnalyny okaýar. Çaga aýaklaryny hallanladýar, kellesini okuwçy sebediniň aňyrsynda gizleýär, bu oglanjygyň öz bedeni bilen näme etmelidigini bilýändiginiň alamaty. Ol ejesi bilen gepleşýär, oňa sorag berýär. Ol jogap bermeýär. Onuň okaýan makalasynyň ady: “Ýaş – indi yşga päsgelçilik däl”.

22 maý.
Strasburgyň töwereklerindäki “Waýnştub” kafesi. Elli ýaşlaryndaky maşgala jübüti.
Olar “Goldmillou” ýolgörkezijisini çykarýarlar-da, onda görkezilen “presskopfy” sargyt edýärler. Tagam taýyn bolýança olar, Parižiň töwereginden gelendiklerini aýdýarlar, indem Hudaýyň Göterilmeginiň baýramçylygy mynasybetli dynç günlerinden peýdalanyp, “şeraplaň ýoly” bilen ýöräp barýarmyşlar. Olar ýylgyrýarlar. Olara sargyt eden zatlary getirilende olar diňe şo tagam hakda geplemäge başladylar. Mümkin, şeýdip, olar öz düzen meýilnamalaryna eýerýändirler, olar üçin gije-gündiz ýolbelet bolubam “Goldmillou” çykyş edýändir, şolam olara tebigy ýakynlygyň tehnikasy boýunça gollanmanyň ýerini tutýandyr, eger-de olar şoň ýaly zady haçanam bolsa bir wagt okan bolsalar...

© Anni Erno
@Terjime Serdar Ataýew
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 57 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Anni Erno | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203