13:41 Deňeşdirme | |
DEŇEŞDIRME — “Aý agam meni pastaýanny başgalary bilen deňeşdirip geçdilerow. Çaga wagtym goňşy Gerek doktoryň gyzy Göwher bilen soňam mekdepde Mämmet Darrynyň ogly Geldiş gulak bilen. Aý borlaý agam, hany onda gitdik, janymyz sag görjegimiz gowulyk bolsun!” diýip Batyr elindäki arakly stakany öňünde oturan Sähet aga bilen kakyşdyryp içdi-de yzyndan zakuska eder ýaly bir zatlar gözläp durşuna elini “Sezar" salada ýetirdi. — Diňle Sähet kaka. Pahana özüň tanaýaň, şu ömür maňa göwni ýetmän geçdi. Çaga wagtym şu Çary Wellek köçedäki Ýazyş jalaýyň ogly bara Serdar! Hawa şol duýman durkam gözüme urdy welin ertesi gözüm gögerdi. Onsoň “Özüň ýaly çagadan taýak iýýän bolsaň garagyň aksyn” diýdi. — Dogry aýdypdyr kakaň, hawa garagyň aksyn! — Durhow agam yzyny diňledä! Onsoň gaharyma elim taýakly gidip ol oglany eşek ýenjen ýaly edip ýençdim. Soň bir seretsem öýümize ejesini tirkäp gelýär. Göwher gelnejänem özüň bilýäňä, üstüne goşup goşup aýtdy hemme zady. Pahan agşam işden gelip näme diýýä diýsene? — Berekella diýdimi? — Ýokhow berekella diýjekmi! “Ýene bir gezek goňşylardan gep getiräýseň gaty görme!” diýdi. Eý waý, bu nähili boldaý? Ursamam men günäkär urulsamam. — Seniň kakaň ýaly kaprizny adam görmedimaý menä! — Hawa hawa. Soň okuwy gutaryp bratok Orsýete okuwa gitdä?! — Hawa, Maksat kaçok suratlaryny ugradýardy özä! — Edil özi. Bratogyň iberen suratyny portret edip stena asyp goýdy pahan. Yzyndanam “Senem beýdip boş entäp ýörme-de sporta gatna!” diýdi. “Bolýa" diýip hoool wokzalyň ýanyndaky trenažora ýazylyp gatnap başladym welin “Bu öýdäki mallara kim seretmeli? Ýetişmejek bolsaň gatnama" diýdi. — Bäh, haýran galaýmaly ekenaý. — Aý geçdi gitdilaý agam! Hany şujagazam içeli onsoň yzynam aýdyp berjek. Sähet aga stakany ýerde goýup Batyryň ýüzüne “Aýdyber, diňleýän" diýýän manyda seretdi; — Onsoň agam, öýden çykyp gitdik, okadyk zat etdik. Iň soňunda öýlendik. Indi näme boldy diýsene? — Kakaň ýene bir zat diýdimi? — Ýok bu gezek pahan däl, gaýynenem beýleki körekenleri bilen deňeşdirip başlady. — Baýýýboww, seňkä tüys duşupdyr. — Aýtmasanaý agam. Iň uly bâjam Aşgabatda gowja edarada başlyk welin şony dilinden düşürenok. Ondan kiçisem Balkanda “Dragon oil" firmada gowja gazanýar welin olam şonça gadyrly. Maňa gezek gelýä welin “Montýor giýew". Hudaýa şükür agam, az gazanýan yöne halal gazanýan. — Rysgalyňy Alla berýändir inim. Bular ýaly zatlary kän göwnüňe alyp ýörme. Hemme maşgalada-da bar şular ýaly zatlar. Hiç kimiň durmuşy daşyndan görnüşi ýaly däldir. Esasy zat ýoldaşyň seni goldasyn, galan zadyň bir zady bolar. — Ýok Hudaýa şükür,keýwany molodeslaý agam. Entegem şol köşeşdirýä meni ýogsa bu wagta hemmesi bilen tersleşerdim men. Onsoň agam şu adamlaryň bir birlerini deňeşdirmekleri dogry zatmy? — Aý edil dogry diýibä biljek däl welin adamlary deňeşdirmänem olaryň hilini sypatlandyryp bolanokda,düşýäňmi? Ynha bolmasyn welin ertir bir gün gaýnyňa bir zat bolsa ilki bilen sen ylgap bararsyň onsuzam sen ylgaýaň hemme işine welin diýjek bolýan zadym “Ýagşylyk et deňize at,balyk bilmese Halyk biler" diýilýäni. Şujagaz düzgünjigiňi bozmanjyk geziber inim wagt görkezer kimiň kimdigini… (Bir eliň bäş barmagy deň bolmaýşy ýaly adamlar hem deň däl. Esasy zat olary deňeşdiren wagtymyz olaryň göwnüne degmezlik,olary kemsitmezlik…) © Maksattaý Çeşmesi: https://medium.com/@maksatejen95/de%C5%88e%C5%9Fdirme-4c451e541a6b | |
|
Ähli teswirler: 23 | |
| |