19:45 Deñiz küýsegi | |
DEŇIZ KÜÝSEGI Gije-gündiz kenaryna urulýar, Deňiz tolkunlary göze ýakymly. Tomus gelse iň owadan görnüş şol, Deňze tarap hyýallaryň akymy. Aýagyňy dyza çenli suw edip, Tolkun bilen gaçy-kowdy oýnamak. Deňiz bilen öwrenişmek ýoly şol, Suw sepişip çaga ýaly ýaýnamak. Ýuwaş-ýuwaş deňiz çeker özüne, Bir girseň içinden çykasyň gelmez. Mylaýym suw jana tenekar bolsa, Oňa hiç bir şypa deňleşip bilmez. Deňiz göwünlere joşgun eçilýär, Medet berýär, gurbat berýär bedene. Gök asmanyň ýere düşen bölegi, Paýhas berýär gelip söhbet edene. Deňiz tolkun atýar — bizi çagyrýar, Ol hem ynsanlaryň kalbyna aşyk. Ol bizi görende örän şadyýan, Bize tarap gaýdýar tolkunlar aşyp. Tomus gelse her kim deňzi küýseýär, Gol bulap bir dosty garaşýan ýaly. ...Geçen ýyl söz berip gidipdi diýip, Deňiz hem her wagt garaýar ýola. © Annamyrat AKYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |