Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:08
Dilber

DILBER

Serim saňa sadaga, boldy ýok çäre dilber
Baýmuhammet Gylyjy
Yşgyň ýakdy ýüregim, boldum biçäre dilber.
Serim saňa sadaga, boldy ýok çäre dilber.
Dönmerin bu ýolumdan, assalar dara dilber.
Heý rehimiň inmezmi, bir aşyk ýara dilber.
Sözlerimi kabul et, gel bir karara dilber.

Sen-sen diýip atygsap, gözlär seni gözlerim,
Aýdyp bilmen gaşyňda, göwne düwen sözlerim,
Ýüregime ýol çekdi, her ädimiň yzlaryň,
Saýlanarsyň içinden, serweri sen gyzlaryň,
Gözlem özgäni görmez, döndüm bir köre dilber.

Sen kalbymyň eýesi,ter güli sen baharyň,
Belki ýazan şygryma, gelse geler gaharyň,
Sen illere görelde, tämizligi säheriň,
Ornapdyr bu dünýäme, gaýgy-gussa mähiriň,
Duýdansyz girip kalba, geçipsiň töre dilber.

Ýigitler armannadyr, bir ýylgyryp bakaňda,
Walla, söýgüm güýjeýär, näzler bilen ýakaňda,
Egniňde al atlasyň, gülýakaňam ýakaňda,
Älemem haýranadyr, sen seýran çykaňda,
Perwana-deý daşyňda, boldum awara dilber.

Razy sözün aýtmaga, boýdaşlaryň tijese,
Çyksaň meňzäp perige, duşuşyga gijesi,
Sen bolup çykdyňmy-ýa, bu bagtymyň bijesi,
Söýgä duşmak ekeni, iň bir bagtyň süýjüsi ,
Ençe arzuwlap gezip, sataşdym ýara dilber.

Sözlerimi diňlemän uýalar sen, gaçar sen,
Ýöräp gelseň näz bilen köçäme nur saçarsyň,
Gije-gündiz hyýaldan, arzuw bolup geçersiň,
Seni söýýärin diýip, haçan bagtym açarsyň,
Ala gözli tegelek, saçlary gara dilber.

Humaý gözleriň bilen, geçseň ýeke seredip,
Ogryn garaýşyň bilen barýaň meni eredip,
Meni söýýänsiň diýýän, ýagşy pikir ýöredip,
Ýakýaň maňa garaňda, yşk jadysyn döredip,
Sözlerimiz içgin bor, gelseň güzere dilber.

Hiç kim derdim aňlamaz, aýtsam ýakyn-ýadyma,
Ýüzleri nuranadyr, gurban ajap adyna,
Diňleýip şat gülkileň, bat goşulýär badyma,
Sende özge kim ýetsin, perýat etsem dadyma,
Sözler ejizlik edýär, waspyň ýazara dilber.

Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 52 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202