Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:16
Diliň obrazly aňladyş serişdeleri
DILIŇ OBRAZLY AŇLADYŞ SERIŞDELERI

Meýilnamasy:

1. Diliň çeperçilik serişdeleri barada maglumat.
2. Deňeşdirme, parallelizm.
3. Epitet, onuň aýyrgyçdan tapawudy.
4. Meňzetme, metafora.
5. Janlandyrma, simwol, allegoriýa.
6. Ulaltma we kiçeltme.
7. Metonimiýa, sinekdoha we ýaňsylama.

Daýanç düşünjeler: «Obrazlylyk» düşünjesi, diliň obrazly aňladyş serişdeleri, deňeşdirme, parallelizm, epitet, meňzetme, metafora, janlandyrma, simwol, allegoriýa, ulaltma we kiçeltme, metonimiýa, sinekdoha we ýaňsylama.

Daýanç düşünjeler: «Obrazlylyk» düşünjesi, diliň obrazly aňladyş serişdeleri, deňeşdirme, parallelizm, epitet, meňzetme, metafora, janlandyrma, simwol, allegoriýa, ulaltma we kiçeltme, metonimiýa, sinekdoha we ýaňsylama.

Obrazlylyk çeper diliň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Öň belleýşimiz ýaly, çeper diliň bu hili hasiýete eýe bolmagynda kesgitleýji rol oýnaýan zat çuň mazmundyr. Diliň obrazly aňladyş serişdeleri çeper eserlerde beýan edilýän çuň mazmyny owunjak aýratynlyklary bilen konkret duýarlykly formada doly şöhlelendirmekde ýazyja giň mümkinçilik berýär. Çuň mazmunyň doly suratlanmagy bolsa diliň çeperçiligini güýçlendirýär. Şunuň ýaly möhüm funksiýany ýerine ýetirýänligi üçin diliň obrazly aňladyş serişdeleri çeper eserlerde giňden ulanylýar.
Diliň çeperçilik serişdeleriniň hemmesi diýen ýaly göçme manyda ulanylýan sözlerdir. Halkyň diliňdäki ençeme sözlerin öz hakyky manysy bilen birlikde, göçme manyda ulanylýan wagtlaryna-da köp duş gelmek bolýar. Mysal üçin, ak altyn, gara altyn, at guş bolup uçdy we ş. m. Bu ýerde ak altyn — pagta, gara altyn - nebit, guş bolup uçdy - gaty ýyndam çapdy diýen manydadyr. Şunuň ýaly göçme manyda ulanylýan sözlere troplar diýilýär. Troplar gepleşik dilinde-de ulanylýar, emma çeper edebiýatda ondan has köp peýdalanylýar.
Deňeşdirme, parallelizm. Deňeşdirmede iki zat biri-birine deňeşdirilýär. Deňeşdirilyän zatlaryň biri esasy bolup, ikinjisi onuň belli taraplaryny, ýagdaýyny has gowy aýdyňlaşdyrmak, göz önüne getirmek üçin hyzmat edýär. Deňeşdirmeler dürli-dürli formada bolýarlar:

Haryň işi hardyr dostlar,
Müň magtasaň atça bolmaz.

(Magtymguly, «Atça bolmaz»).

Bu ýerde iki zat «ça-çe» goşulmalarynyň üsti bilen deňeşdirilýär.
Deňeşdirmeleriň ikinji bir hilisi «dan-den» goşulmalary arkaly ýasalýar:

Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ki bir otlap yören mal ýagşy.

(Magtymguly, «Il ýagşy»).

Bulardan başga-da garanda, seredende, görä ýaly kömekçi sözleriň üsti bilen hem bir zat ikinji bir zat bilen deňeşdirilýär. Bu köplenç proza eserlerinde duş gelýär.

Deňeşdirmäniň ikinji bir özboluşly görnüşi parallelizmdir. Parallelizmde deňeşdirilyän zatlaryň, hadysalaryň ikisi-de parallel - ugurdaş suratlandyrylyp, ikisi-de özbaşdak many aňladýar:

Şalar adyl bolmaz, daglar dumansyz,
Çöller gurtsuz galmaz, baglar reýhansyz.

(Magtymguly, «Hary-zar bolduň»).

Bulutdan çykan gün ýakar, ýaşmakdan çykan dil ýakar (Nakyl).

Parallelizmde deňeşdirilyän zatlaryň ikisi-de biri-birini obrazly aýdyňlaşdyrýar. Bu bolsa öz gezeginde parallel beýan edilýän mazmunyň emotsional hasiýetinin doly ýüze çykmagyna gowy mümkinçilik berýär.
Deňeşdirme we parallelizmde göçme manylylyk hasiýeti duýulmaýar. Şonuň üçin olar troplara girmeýär. Kämahal manyny gös-göni aňladýan, käte bolsa, troplardaky ýaly, pikiri göçme manyda beryän beryän çeper serişde-de bar. Ol epitetdir.

Epitet. Çeper eserlerde suratlandyrylýan predmetleriň, hadysalaryň estetiki duýga täsir edýän taraplaryny sypatlandyrýan söze ýa-da bir topar sözlere epitet (sypatlandyrma) diýilýär:

Berimsiz beglerden, bahyl baylardan,
Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşäydyr.

(Zelili, «Ýagşydyr»).

Epitetler, bir tarapdan seretseň, garmmatikadaky aýyrgyçlara meňzeşdir. Mysal üçin, ýokarky setirlerdäki: «berimsiz», «bahyl», «erkek» sözleri hem epitet, hem grammatikadaky aýyrgyç bolup geldi. Emma şeýle-de bolsa, epitetler aýyrgyçdan tapawutlanýarlar.
Ozaly bilen-ä, hemme aýyrgyçlar epitet bolup bilmeýär. Predmetiň, hadysanyň emosional hasiýete eýe bolan taraplaryny sypatlandyrýan aýyrgyçlar epitet bolup bilýär. Emma aýyrgyçlaryň birnäçesi onuň ýaly çeperçilik hasiýetine eýe bolup bilmeýär. Mysal üçin, «Bu kitap Garagum kanaly barada ýazylypdyr» diýen sözlemiň başyndaky «bu» sözi grammatikada görkezme aýyrgyjy bolup gelýär. Emma ol söz kitabyň duýga täsir edýän taraplarynyň birini-de sypatlandyrmaýar. Şonuň üçin hem ol epitet bolup bilmeýär.
Galyberse-de, diňe bir aýyrgyçlar epitet bolman, doldurgyçlar, sözlemde eýe, habar bolup gelýän sözler hem epitet bolup bilýär:

Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň,
Mert çeker täsibin iliň-ýurduň.

(Magtymguly, «Meýdan ýoluksa»).

Bu ýerde birinji setirdäki «namart», ikinji setirdäi «mert» sözleri hem eýe, hem epitet bolup geldi.

Gyzyl diýsem - gyzyl, al diýsem - al sen,
Hindistanda - şeker, Bulgarda - bal sen,
Yşk bilen açylan bir täze gül sen,
Ýusup-Züleýhanyň taýy gözel sen!

(Magtymguly, «Gözel sen»).

Bu bentdäki «gyzyl», «al», «şeker», «bal», «gül» sözleri bolsa hem habar, hem epitet bolup geldi.

Uzak ýerden görner belent haýbatly,
Ümürdir, dumandyr, gardyr bu daglar.

(Misgingylyç, «Bu daglar»).

Bu ýerde bolsa «belent haýbatly» sözleri hem doldurgyç, hem epitetdir. Epitet bolup gelen sözler kä ýerde öz manysynda (bahyl, baý, berimsiz beg we ş. m.) ulanylsa, kä ýerde göçme manyda alynýar. Mysal üçin, Magtymgulynyň «Gözel sen» goşgusynyň ýokarda mysal alnan bendindäki epitetler göçme manydadyr. Gözele (gyza) «gyzyl», «al», «şeker», «bal», «gül» diýlip, göçme manyda aýdylýar.
Diliň leksikasyndaky görüp geçen obrazly aňladyş serişdelerimiz troplara girmeýär. Indi biz troplara degişli bolan çeperçilik serişdelerine göz aýlalyň.
Meňzetme, metafora. Troplaryň ýönekeý görnüşi bolan meňzetmede bir zat ikinji bir zada meňzedilýär. Meňzetmeler dürli serişdeler arkaly ýasalýar.
Meňzetmeleriň bir görnüşi ýaly, kimin, dek, deý, göýä, mysaly, misli we ş. m. kömekçi sözler arkaly ýasalýar:

Gaplaň kimin arlap girse meýdana,
Tilki kimin bazy berse her ýana...

(Magtymguly, «Başy gerekdir»).

«Ol ýigidiň sadap ýaly kireňsiz ak dişleri ýyldyrady».

(A.Gowşudow, «Köpetdagyň eteginde»).

Ýaş gyzyň ýüregi tomusdy sonda,
Ýaňaklary gyzardylar misli nar.

(R.Seýidow, «Bagtlylar»).

Meňzetmeler «meňzär», «ogsar» ýaly sözlerin ulanylmagy bilen-de ýasalýar:

Oba daşyndaky depe
Eýerlenen ata meňzär.

(Magtymguly, «Ata meňzär»).

Meňzedilýän iki zadyň biri sözlemiň eýesi, biri habary bolup gelende, meňzetmeler «dyr-dir» goşulmasy arkaly-da ýasalýar:

Zelili, binasyz dünýa menzildir,
Ýagşy gün bir gufyşdur, ýaman gün ýyldyr.

(Şeýdi, «Şeýdi - Zelili»).

Käwagtlarda sorag-jogap üsti bilen ýasalýan meňzetmelere-de duş gelmek bolýar:

Diýdim: «Ne tütündir bu?» Ol: «Zülpi-käkilim» diýdi.
Diýdim: «Ne elipdir bu?» Ýar: «Inçe bilim» diýdi.

(Mollanepes, «Istäp ki gözel ýary»).

Meňzetmeler bitewi-konkretlikde alnyp suratlandyrylýan zatlary öz obrazly bolşunda okyjylaryň göz önüne getirmekde ýazyja örän giň mümkinçilik berýän dil serişdesidir. Şoňa görä-de onuň ýerlikli meňzetmeleri ulanmagy, original meňzetmeler döretmegi durmuşy çeper suratlandyrmak üçin zerurdyr.
Diliň menzetmelere ýakyn çeperçilik serişdeleriniň biri-de metaforadyr. Meňzetmede biri-birine meňzedilýän zatlaryň ikisiniň-de ady tutulýar. Metaforada beýle däl, onda biri-birine meňzedilýän iki zadyň, hadysanyň biri aýdylýar we ol göçme mana eýe balmak arkaly beýleki zady, hadysany göz öňüňe getirýär:

Bozulan şährimi abat etdiňiz,
Gamda galan göwnüm alan, gelinler!

(Kemine, «Gelinler»).

Baharyň sowulmaz seniň hiç haçan
Menin eziz ülkäm - jan Türkmenistan!

(G. Seýitliýew, «Jan Türkmenistan»).

Şu mysallarda «şäher», «bahar» sözleri metaforadyr. Bu sözleriň her biriniň aňladýan zady başga bir zadyň (şäher - göwnüň, bahar - joşgunly durmuşyň) hem meňzetmesi bolup, hem şonuň manysyny aňladyp geldi.
Metaforalar şu hili hasiýete eýe bolmak bilen birlikde, olar meňzetmelere garanda, suratlandyrylýan zady has gutarnykly bitewi obrazly formada göz önüne getirýär. Şonuň üçin onuň emosional täsiri-de, köplenç halatlarda meňzetmelerden artygrak bolýar.
Ikinji tarapdan, metaforalar giň pikiri az sözde obrazly beýan etmäge uly mümkinçilik berýär. Şunuň ýaly diliň möhüm çeperçilik serişdesi bolan metoforalary başarnykly ulanmaklyk eseriň diliniň çeper bolmagynda uly ähmiýete eýedir.
Janlandyrma, simwol, allegoriýa. Jansyz zatlaryň janly zatlara meňzedilip görkezilmegine janlandyrma diýilýär. Janlandyrmada jansyz zatlar adam ýa-da haywan ýaly janly zatlaryň hasiýetine eýe bolýarlar:

Sürüldiler il barysy eňşeşip,
Pyganyna daglar, daşlar gymşaşyp,
Asman joşa geldi, Zemin gowşaşyp,
Bulutlar durdular nala, Seýidi.

(Zelili, «Seýidi»).

Görşümiz ýaly bu mysalda eňşeşip barýan ýesirleriň agyr halyny «görüp», daglar-daşlar adam ýaly bolup «gymşaşýar» - gynanýar, asman gazap bilen joşýar», zemin (ýer) gowşaýar, ereýär, bulutlar nala çekip aglamaga başlaýar. Jansyz zatlar şu hili janlandyrylyp suratlandyrylanda, olaryň obrazlylygy, emosional hasiýeti has-da güýçlenýär.
Çeper edebiýatda tebigatdaky zatlar, hadysalar suratlandyrylmak bilen adam durmuşyndaky şoňa çalym edýän zatlaryň, hadysalaryň aňladylýan - beýan edilýän wagtlary-da bolýar. Oňa simwol diýilýär:

Bulutlar tolkunlaşyp,
Asla ýere ýagmazdy.
Aýda, ýylda, asyrda
Röwşenli gün dogmazdy.

(Ş.Kekilow, «Gelmeze giden köne dünýa»).

Şahyr bu bentde tebigaty suratlandyrmak bilen köne dünýäni göz önüne getirýär.
Simwola ýakyn troplaryň biri-de allegoriýadyr. Haýwanyň ýa-da tebigatdaky konkret bir zadyň bolşunyň suratlandyrylmagy bilen adam häsiýetiniň aňladylmagyna allegoriýa diýilýär. Şeýle ýagdaýy halk döredijiliginiň haýwanlar hakdaky ertekilerinde, basnýalarda has aýdyň görmek bolýar. Onuň ýaly eserlerde tilkinin üsti bilen mekir adamyň bolşy, goynuň üsti bilen şada adamyň bolşy we ş. m. görkezilýär.
Obrazy allegorik görnüşde şöhlelendirmek üçin göz öňünde tutulýan gahrymanyň bolşuna ýakyn häsiýetli haýwany ýa-da başga zady saýlap almak örän möhümdir. Eger şol ýakynlyk gowşak bolsa, onda suratlandyrylýan haýwanyň ýa-da başga zadyň bolşy göz önünde tutulýan adamyň häsiýetini dogry aňladyp bilmez we azda-kände aňladylanda-da, onuň täsiri za bolar.
Ulaltma we kiçeltme. Edebiýat ylmynda ulaltmanyň (giperbolanyň) iki hili manysy bar. Bir manysynda, ulaldyp görkezmek tipikleşdirmek diýen manyny aňladýar. Ikinji manysanda, bir zady hakyky bolşundan, öz kaddyndan has ulaldyp görkezmegi aňladýar. Bu ýerde ulaltma termininiň ikinji manysynda ulanýarys.
Ulaltmalar fantastiki hem-de satiriki eserlerde köp getirilýär. Onuň ýaly eserlerde ulaltmalar gahrymanyň ýa-da başga zadyň güyjüniň zordugyny, göwresiniň uludygyny, aýylgançdygyny we ş. m. taraplaryny has nygtap görkezmäge hyzmat edýär. Muny «Görogly» eposynda has aýdyň görmek bolýar:

«Arap Reýhanyň boýy minara kimin, kellesi gümmez kimin, agzy ojak kimin, dişleri külüň kimin, sakgaly kelle urlan söwüt kimin, munuň kaddy-kamatyny görüp, patyşa öz hossaryny gören dek, ejizläp gözünden ýaş goýberip aglaberdi».

Bu mysalda Arap Reýhanyň göwresiniň äpet uludygy ulaltma arkaly nygtalyp, çişirilip görkezilýär.
Realistik eserlerde bu hili ulaltmalar ulanylmaýar. Sebäbi olar gahrymanlary ýa-da başga zatlary hakyky öz bolşunda görkezmäge laýyk gelmeýär. Realistik eserlerde ýazyjy şeýle ulaltmalara ýüzlenen wagtynda, ol eseriň realistik häsiýetini, ynandyryjylygyny gowşadýar. Realistik eserlerde basga hili ulaltma - tipikleşdirme giň gerimde alynýar.
Çeper eserde ulaltmanyň tersine bolan kiçeltme-de ulanylýar. Bir zadyň hakyky bolşundan kiçeldilip görkezilmegine kiçeltme - litota diýilýär. Kiçeltme-de edil ulaltma ýaly suratlandyrylýan zady ýa-da onuň aýry-aýry taraplaryny has nygtap görkezmek üçin ulanylýar. Mysal: Garynja billi gelin. Ol adam iňňä sapaýmaly bolupdyr. Ol boýnuny gyl ýaly edip, baş egdi. «Boýy simden çekilmiş. Biliň gyldan inçedir» we ş.m.
Metonimiýa, sinekdoha. Hadysanyň, predmetiň öz hakyky adynyň ýerine şonuň bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan başga zadyň adyny aýtmak bilen şol hadysany, predmeti aňlatmaklyga metonimiýa diýilýär. Magtymgulyny okadym. Iki tabak iýdim. Zal el çarpdy...
Metonimiýanyň manysy kontekstde mälim bolýar. Sözler şunuň ýaly häsiýete eýe bolanda, olaryň obrazlylygy, täsirliligi güýçlenýär. Galyberse-de metonimiýa pikiri az sözde bermegiň serişdesi bolup hyzmat edýär.
SINEKDOHA. Sinekdoha hem metonimiýa ýaly çeperçilik serişdeleriniň biridir. Tutuş zadyň, hadysanyň adyna derek onuň bir böleginiň adynyň ýa-da tersine, bir böleginiň adyna derek tutuş zadyň adynyň ulanylmagyna inekdoha diýilýär:

..Men bir dilli kelledirin.
(«Görogly»)..

Düýn murt, gelip gitdi.
Garyn bu gün hem işde görünmedi.
Sakgal ýygnakda çykyş etdi...

ÝAŇSYLAMA. Kinaýa bilen, ýagny ýaňsa alnyp, ters manysynda ulanylýan sözlere ýaňsylama diýilýär.
Diliň suratlandyrýan zady, pikiri obrazly hem täsirli aňlatmaga hyzmat edýän leksiki serişdeler esasan şulardyr. Leksikadaky bu hili çeperçilik serişdeler görkezilyän zady diňe bir obrazly we täsirli aňlatmagyň möhüm serişdesi däldir. Ol suratlandyrylýan zada, beýan edilýän pikire awtoryň ýa-da käbir gahrymanlaryň nähili garaýşynyň bardygyny ýüze çykarmakda-da uly rol oýnaýar.

Çeşmesi: A.Sarykow. Edebiýat nazaryýeti dersinden leksiýalar. Özbegistan. Berdak adyndaky Garagalpak döwlet uniwersiteti. Nöküs. 47-52 sah.
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: A.Sarykow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Bagabat • 11:21, 15.03.2023
Asly rus, 1965-nji ýylda Moskwada doglan, häzirki wagtda ABŞ-da ýaşaýan sýurrealist nakgaş Wladimir Kuşyň ýokardaky suraty nakgaşlyk sungatynda metaforanyň we giperbolanyň ulanylyşynyň aýdyň nusgasymyka diýýärin.
avatar
0
2 Häki • 12:42, 15.03.2023
Bu suratyň manysy nämeka?
avatar
0
3 Kyyas • 13:58, 15.03.2023
Duşman öz içiñden dörär(suratyñ manysy)
Mowzuk üçin minnetdar şunuñ ýaly gerekli maglumaty ýetirip duruñ.
avatar
0
4 ibrahimbadakhshan • 21:29, 15.03.2023
Gowy makala, çeşmesi Özbegistanam bolsa, makalanyň içinde görkezilen mysallar Türkmen şahyrlaryndandygy gyzykly hem-de jana ýakyly. Ýetireniňiz üçin köp sag boluň!
avatar
0
5 Medicall • 22:13, 15.03.2023
Şu suratyň şekillendirilşiniň äheňinde bir tymsalam bolmaly, ýalňyşmasam Rahmet Gylyjowyňkydymyka diýýän. Aňlatmasy doly ýadymda däl:
"Palta bolsaňam sapyň agaçdandygyny unutma" ýalyrakdy netijede.

Makaladanam, suratdanam köp zat öwrenip boljak, gowy, Serdar aga, ýetireniňize minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203