23:02 Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy... | |
Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy Joşdurmasyn seni menden özgeler Şygyrlaryñ bolsun meñ bilen bagly Ylhamyñ gurşasyn menli pikirler.... Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy Diñe men okaýyn, hem-de diñläýin Gizlin saklaly biz bu pynhan yşgy Özüm hakda ýazanlarñy geñläýin... Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy Bermek islämok hiç ýat duýga seni Näçe gabanmajak bolsamam indi Garyşyk pikirler gurşaýar seri... Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy Saña bagyşladym şygyr ep-esli Durmuşymda peýda bolan günüñden Çykanyñdan soñam şu güne çenli... Görýäñmi entägem ýykamok sözüñ Ähli ýazanlarym señ bilen bagly. Şondada ýeke gez yza bakmadyñ Diýipdiñ hiç özgä ýazmagyn goşgy... Laçyn Sapardurdyýewa | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |