03:41 Dosta müňkir bolandan | |
DOSTA MÜŇKiR BOLANDAN Sezaryň doly ynam edýän ýeke-täk bir adamsy bolup, bu onuň tebibi eken. Syrkawlan halatynda-da dermanyny diňe şol tebip hut öz eli bilen berse, içer eken. Bir gezek Sezaryň biraz dertlän çagynda oňa kimdendigi näbelli bolan hat gelip gowşupdyr: «Iň ýakyn dostuňdan — öz tebibiňden heder et, hatyrjem bol. Ol seni zäherlejek bolýar!». Kän salym geçmänkä tebip gelipdir-de, Sezara melhem beripdir. Sezar ýaňky haty dostuna uzadypdyr-da, ol haty okaýança melhemi soňky damjasyna çenli içipdir. Tebip gorkudan hem geň galmakdan ýaňa zordan sowal beripdir: — Hökümdar, bu haty okanyňyzdan soň meniň beren dermanymy içmäge nädip ýürek edip bildiňiz? Muňa Sezar şeýle jogap beripdir. — Dostuma müňkir bolandan ölen ýegdir! Terjime: © Orazmyrat MYRADOW "Naşyja sowgatlar" - dan | |
|
Ähli teswirler: 0 | |