Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:43
Dostoýewskiý. Dürdäne setirler

DOSTOÝEWSKIÝ. DÜRDÄNE SETIRLER

Başgalar üçin özüňizi ýatdan çykaryň, şonda sizi hem ýatlarlar.

***

Birini söýmek diýmek, Ony Ýaradanyň göz öňünde tutuşy ýaly görmek diýmekdir.

***

Zerre ýalyjak etmişim bolmasa-da, birtopar hyýallaryň içine çümüp, özümden etmiş tapan ýerlerim kän boldy.

***

Her betbagtlygyň ardyndan bize ýene durmuş garaşyp ýatyr. Emma ýaşap bilmezlik diýlen zat adama mahsus bir emelsizlik. Ýogsa, meselem aýdaly, balyklaryň içinde özüni asany barmyka, ýa haýsy serçe özüni jaýdan oklapdyr?

***

Ýürek bir sapar syndymy, hiç kime üns bermez, hiç zady piňine almaz. Bu belkem şat günleriň ahyrydyr, emma ýürek ynjalygynyňam başlangyjy.

***

Adam iki ýerde durmuşy manyly hasaplaýar: biri aglan wagty, beýlekisem gülen wagty we diňe birje ýerde zadyň gadryny bilýär; olam elindäkini ýitiren wagty.

***

Adamyň akyly köpeldigisaýy iç gysmasy artar.

***

Bir agajyň öňünden ony söýmän, onuň barlygyndan lezzet alman geçip gidip boljakdygyny akylyma sygdyryp bilemok.

***

Her bir adam her bir kişiniň öňünde her bir zatdan jogapkärdir.

***

Adam bir zada ýetjek bolup jan eder. Oňa eýe bolandan soňam ony bir gyra oklap goýberer. Onuň hakyky gymmatyny bolsa, şol zat elinden gidenden soň bilip galar.

***
Ýalan adamlaryň ruhuna şeýle bir ornapdyr welin, dilimizde “Dogrusyny aýtsam…” diýip başlaýan sözlem bar.

Çeşme: https://kyssahan.blog/2019/11/26/durdane-setirler/
Bölümler: Kesgir sözler | Görülen: 197 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Fýodor Dostoýewskiý | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Pero • 14:41, 13.04.2023
Muña-da love

Ýürek bir sapar syndymy, hiç kime üns bermez, hiç zady piňine almaz. Bu belkem şat günleriň ahyrydyr, emma ýürek ynjalygynyňam başlangyjy." Dogry şü. Emma wagtlaýyn. Belli bir wagt aralygynda bolup geçýär. Soñ ýene ýürek öñki dykgadyna gelýär. Belki her adamda dürliçe bolýandyr.
avatar
0
2 Kyyas • 10:48, 21.07.2023
Kyssahanda ýene şuñ ýaly dürdäneler bar bolmaly
avatar
0
3 Kyyas • 10:50, 21.07.2023
Ýalan adamlaryň ruhuna şeýle bir ornapdyr welin, dilimizde “Dogrusyny aýtsam…” diýip başlaýan sözlem bar. :)) Şu günlerem ýok däl.
avatar
0
4 Kyyas • 10:56, 21.07.2023
Adam iki ýerde durmuşy manyly hasaplaýar: biri aglan wagty, beýlekisem gülen wagty we diňe birje ýerde zadyň gadryny bilýär; olam elindäkini ýitiren wagty.hakyky aýdylan söz.

Adamyň akyly köpeldigisaýy iç gysmasy artar. Pikirlendiriji

Bir agajyň öňünden ony söýmän, onuň barlygyndan lezzet alman geçip gidip boljakdygyny akylyma sygdyryp bilemok.
Şu ýazgy bir zady ýatlatdy.

Bir ýaşuly çopan bardy. Bizem ýaş oglan çöle mal garalary bakmaga alyp çykanymyzda her hili gyzykly gürrüñ bererdi.

Şonda biz bir gyz klasdaşymyz ýoldan çykdy entekk ýaş diýdik welin
"Yola zyņylan daşykimdir biri alar" diýipdi.
Aýdanynyñ jany bar
avatar

Старая форма входа
Total users: 202